Zeýrenýän erkek (ajy degişme)

heleý men saňa bir zat aýdaýyn
näme üçin sen gygyrýaň maňa !?
menä işläp gelip ýadaýan
bahana tapaňok öýtýän, meslikden ýaňa!
howwa işleýän,işläňde näme..!
berýäler aýlyk- köp işlänede,
şol aýlyk berýäler- işlemänede,
işe gelip, ukysyn alyp,ýatyp turýanada,
bilimli men diýip- okamak, ýazmakda,...

Dowamy »

1441 1
Köneler, 12 years ago


Ýazgyt

günden patyşa hat
ynsan ýazgyt galamynyň özi üçin ýazan wezipesini berjaý edýär. beýik ýaradan çäksiz ylmy bilen ynsanyň şu dünýä geleninden tä ölünçä näme etjekdigini bilýändigi üçin nämeler bitirip, nämeler ýitirjekdigini, begenç we gynançlaryny ýazgyt depderine ýazypdyr. adam hem bu depderde özi üçin ýazylan kysmaty ýaşamak üçin dünýä gel...

Dowamy »

1603 8
Köneler, 12 years ago


Beki seýtäkowyň “derýada” atly hekaýasy


i-bölümi
dem almaga howa ýetmeýärdi. biz myhmanhanadaky otagymyzyň gapysyny, aýnalaryny giňden açdyk. azajyk-da bolsa howanyň hereket etmegini, şemalyň öwüsmegini göwün arzuw edýärdi. hammamdan çykan ýaly bolup, jaýyň ortasynda gara dere batyp duran annaberdi:
— tamyň diwaryny aýyrsaňyz-da geljek zat ýok, onuň üçin azara galma...

Dowamy »

4433 78
Köneler, 12 years ago


Aşyklara.


ÿok, meñzäñ diÿemok zöhre-tahyra,
olañ güni, başyñyza düşmesin!
ÿöne welin, eÿ , erkana aşyklar,
siz arassa saklañ söÿgiñ çeşmesin.
                          ****
men akyl bermekçi bolamok size,
men berenden entek juda ÿaş.
ÿöne ÿatlaÿaryn, mukaddes zatdyr,
säher çygy bilen zakgun dek...

Dowamy »

1470 5
Köneler, 12 years ago


Hudaýberdi gorkak bilen tilki (erteki)

http://www.tkm.8m.net/ert-26.jpg
bir bar eken, bir ýok eken, hudaýberdi diýen bir adam bar eken. ol örän gorkak eken. möjekdir şagal-a beýle-de dursun, tilkiden dagam gorkar eken. onuň iki sany aýaly bar eken. bir günden bir gün munuň aýallarynyň her haýsy bir alaça dokapdyr. hudaýberdi bu alaçalary satmak üçin ýabysyny münüp, bazara ugranda...

Dowamy »

1862 17
Köneler, 12 years ago


Erteki

geçinem öz aýagyndan asarlar, goýnam

bählili dananyň inisi harun reşit uly patyşa eken. ol öz agasy bählili danany ýanyna çagyryp:
- aý, bählili, sen bu diwanaçylyk-gedaýçylygyňdan el çek, ine, saňa hazyna, näme gerek bolsa göter - diýen.
onda bählili dana:
- aý, patyşa, biz her niçik aga-inem bolsak, seniň patyş...

Dowamy »

1495 5
Köneler, 12 years ago


Jennet şeyle uzakda my?


ulylar name üçin beyle köp yatyarlar, bilip bilemok. aslynda bilmeyan zadym köp, emma bugün otyrym pikirlenjek bu zatlar barada. düyn berdi tazeje komyuter alypdyr, men bilen oynamak islemedi. myradyn kakasy bolsa ona playstation 3 getiripdir, düyn kakasy bilen bile oynany üçin agşam men bilen gizlin peçek oynamak islemedi. sonky wagtlar ye...

Dowamy »

1799 12
Köneler, 12 years ago


Uçurymyñ oÿlanmasy

bu pursat kalplary kalplara baglan,
ajaÿyp duÿgylañ dowam etmegi.
çüñki bize garşyp dur bu ÿana,
ÿaşlykdan talapkär durmuş mekdebi.
                            ****
garaşyp dur durmuş bize aÿakdaş,
gamsyz çagalygyñ elinden alyp,.
niÿetlere görä ykbal eçiler,
özüniñ  şol gadym ÿoluna salyp.

Dowamy »

2084 8
Köneler, 12 years ago


Aýaz han.  

bir bar eken, bir ýok eken. gadym zamanlarda bir patyşa bar eken, özi adyllykda bir gyly iki ýarar eken. günlerde bir patyşa pikir edip otyrka, öz öňünde: “ynsanyň, haýwanyň erbedini nädip tanamak bolar?” diýen soragy goýupdyr. şol bada-da: “hä, tapdym, adamyň erbedi patyşa, malyň erbedi gatyr, guşuň erbedi bolsa alahekge bolar” diýip, pikirini jem...

Dowamy »

1472 6
Köneler, 12 years ago


şardan gorkýan çagajyk

bir gyzjagazyň şardan gorkýanyny eşidip bir bada geň galdym. heýem şardan gorkularmy? çagaň gowy görüp oýnaýan zady şar dälmi näme? emma, ojagaz hakykatdan şardan gorkýan eken. şary gördügi, götünjekläp, aglamaga başlaýar. ejesi, çagaň bir şary oýnap ýörkä gujagynda ýarylanyny, şondan bärem şardan gorkýanyny aýdyp öýdäki şarlaryň ýellerini goýberiş...

Dowamy »

1639 4
Köneler, 12 years ago


Dileg

dünýä meşhur kino eserleriniň biri («stalker» a. tarkowskiý) şeýleräk esasda alnypdyr. barylmasy gadagan edilen bir ýerde bir jaý bar. şol jaýa baryp kim näme dileg etse, şol bada hasyl bolýar.
ertekä çalymdaş bu esas filimde örän hakyky, şeýle bir çynlakaý görkezilýär welin, film tamamlanýança soňy näme bilen gutararka diýip galpyldap geçýä...

Dowamy »

1749 7
Köneler, 12 years ago


şemal bilen söhbet

 
aňyrsy görnüp duran, ýuka tutyny çalaja galgadyp, açyk penjireden şemal öýüme girdi. geldi-de elini egnime goýdy. men onuň elini gysmakçy boldum. ol bolsa, boýnuma saraldy. soňam boýnuma münüp, aýaklaryny egnime atdy öýdýän. gulaklarymyň uçlaryna çenli degen ondan başga kim bolsun! haýran galaýmaly, boýnuňa münse-de ondan hiç zady gaty gör...

Dowamy »

1590 7
Köneler, 12 years ago


çopan we patyşa (erteki)

gadym wagt bir garyp,
sygyr çopan bolupdyr;
kyrk ýaşyna baranda, 
ol bir aýal alypdyr.

aýaly hem özi dek
ýurduň belli garyby;
ikisiniň bolupdyr-
ne gallasy, ne gaby.

ojuk-bujuk aldylar,
ýaşansoňlar dört-bäş ýyl;
bir sümelge salmaga
kömekleşdi garyp il.

Dowamy »

2235 11
Köneler, 12 years ago


Erteki...

 

garry atanyň nesihatlary

bir bar eken, bir ýok eken, gadym zamanda bir patyşa bar eken. ol patyşa aýal-erkek diýmän, garry adam bolsa, çöle taşladar eken. bu patyşanyň öz nökerlerinden biriniň garry atasy bar eken. ol bir gün garry atasyny arkasyna alyp, bir çöle taşlamak üçin ugraýar. barýarka, halys ýadap: “bir aza...

Dowamy »

1678 5
Köneler, 12 years ago


Lälik çagalar

çagalar durmuş şertlerine görä geljege taýýarlanmalydyr.
durmuş bolsa hemişe bol-elinlikde geçmeýär.
käbir danalar ynsan ýaşaýşyny pasyllara meňzedýärler. durmuş käte ýaz, käte gyş, käte bahar, käte-de güýz ýaly geçer. her pasla ol paslyň şertlerine laýyklykda taýýarlanmalydyr. diňe bir paslyň şertlerine öwrenişen ýyly ýurtlarda ýaşaý...

Dowamy »

1457 7
Köneler, 12 years ago


Wakalaryň esasy sebäpkärleri özümiz


hemişekisi yaly irden sagat 07:30-da turdy we el-yuzuni yuwdy. azajyk işe tayyarlyk gorenson, ayaly we gyzy bn ertirlik edinmek uçin 07:45-de stola oturdylar. yanyoldaşy, hakykatdanam, oran onat ertirlik tayyarlan ekeni ir-ertirden turyp. ertirligin dowamynda guleryuz bn ayaly hem-de gyzy bn gepleşdi. ol ertirlik edinenden son, adatdakysy y...

Dowamy »

1527 9
Köneler, 12 years ago


Ene dilim...

hallaryń neneńsi,
taplaryń niçik
eziz ene dilim, mähriban dilim?
gel, söhbet edelu açykdan-açyk,
eziz ene dilim, mâhriban dilim .
                     ****
ÿüz müñ öwüşginden öwürlen desse,
şahyra-şygyr sen, gürrüñçä- kyssa,
ak säheriñ nury ÿaly arassa-
eziz ene dilim, mähriban dilim.

Dowamy »

3599 5
Köneler, 12 years ago


ýaşlyk

gazaply kazy deý, mydam  başymda
sagat çot kakyp dur  şyk-şyk-şyk.
düýnuň özem garaşýardym ýaşlyga,
bu gün bolsa, geçip barýar şo ýaşlyk»

bir  zada  düşünýän;
                             şowhunly  günler
al  atymy çapyp  ýören haladym,
öňümden  çykana  gül  ýaşlygymy
hormat  ezdip,  s...

Dowamy »

1232 0
Köneler, 12 years ago


Kim bilip dur, az salymdan giç bolar!







adamyń bir mätäç zady hoş sözdür.
hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

gowa gowy diỳiň entäk dirika!
gerek ỳerde ỳyly bir söz güỳç bolar.
hökman ölerine garaşyp durmaň!
kim bi...

Dowamy »

8564 5
Köneler, 12 years ago


Durmuş....

gysganç baýyň puşmany
köp wagtlap näsag ýatan adam ahyry bu dünýä bilen hoşlaşypdy. onuň yzynda iki çagasy bilen aýaly galypdy. olar hem bir öýde kireýine ýaşamaly bolupdylar. indi hemme zat onuň gerdenine düşýärdi. öý kireýiniň tölenmänine-de esli wagt bolupdy. öý öýesiniň olary öýden çykarjak bolmagy bolsa, ony has-da ünjä batyrýardy.

Dowamy »

1397 3
Köneler, 12 years ago


ýerdäki perişdeler

häliden bäri asmandan seçelenýän dür monjugy deý damjalaryň penjiräňe degşi, `şyg-şyg` edip durman, birhili, kalbyma gozgalaň saldy. öz gözelligine özi begenip, porhan bolup oturan ýazyň begenç gözýaşlaryna ýüzüni ýuwan gülleriň birhili näzik keşp bilen garkyjaklap durşy, o şahadan bu şaha böküp, `heý janelek` oýnap ýören guşlaryň täsin nagmasy-da...

Dowamy »

1899 9
Köneler, 12 years ago


çaga dogrulýan öýüň öňünde oýlanma


sypaýar ýüzüňi
säheriň ýeli.
kiçijik penjiräň
nobaty uly.

bu ýere köp kişi
salypdyr ýoly,
çal diwaryň ýüzi
ýazgydan doly.

hanha, hol, ýokarky
setire gara:
“aman plýus gözel
deňdir batyra”.

“nina plýus saşa
netije zizul”.
...

Dowamy »

1537 3
Köneler, 12 years ago


Maňa miýesser etmedik söýgi ( oÿlanma )

söýgi, hasratly hem-de lezzetli duýgy! men sen hakda hemişe arzuw edýärdim. ýöne sen maňa miýesser edeňokdyň... ine-de ajap günleriň birinde sen gelip, gyz kalbymyň gapysyny kakdyň hemem onuň entek aralaşylmadyk gür jeňňelliklerine aralaşmaga synanyşdyň. ýöne gynansam-da saňa ol päkize jeňňellige girmäge ýol bermäge meniň hakym ýokdy. çünki, sen eý...

Dowamy »

1536 8
Köneler, 12 years ago


Mal yagşy...

adam bolup adam gadryn bilmeýen,
ondan ýene otlap ýören mal ýagşy.
sözlegende, söz manysyn bilmeýen,
ondan ýene sözlemeýen lal ýagşy.

hudaýym saklasyn şerden, gahardan,
minnetli aş ajy bolar zäherden,
eý, ýaranlar, bir bazarsyz şäherden,
ondan ki bir guwlap ýatan çöl ýagşy.

her...

Dowamy »

1538 12
Köneler, 12 years ago


 täze ýyl arzuwlary


sagatlar jañyny urup başlady,
diýmek peýkamlary ýetipdir 12-ä
täze ýylyñ gelenini buşlady,
bulgurlaryñ sesi goşulyp gülkä.

şu  şatlygyń, şu şowhunyñ  astynda,
geliñ, bir azjyk serden geçeliñ!
arzuwlaryñ gijesimiş aslynda,
ak arzuwlary pişme deýin seçeliñ!

ýagyşlary bile...

Dowamy »

8763 48
Köneler, 12 years ago