sypaýar ýüzüňi säheriň ýeli. kiçijik penjiräň nobaty uly. bu ýere köp kişi salypdyr ýoly, çal diwaryň ýüzi ýazgydan doly. hanha, hol, ýokarky setire gara: “aman plýus gözel deňdir batyra”. “nina plýus saşa netije zizul”. (düşünen däldirin gyzmy ýa ogul?!) hana-da bildiriş jar çekýän zabun: “spirtli içgiler edlenok kabul!” ýokarky etažyň penjiresi tor. başlangyç kakalar oňa daş atar. aşaky çaganyň halyny sorar. ýokarky kakanyň halyny sorar. ol sorag ýagdyrar, jogaba derek. “öye köwlenýärmiň? içeňok gerek?” penjiräň öňüne zat alyp gelen, azalmak bilen däl, köpelmek bilen. ine, sandyraklap soraýar ärçe: “nina iwanowna, agramy näçe?” beýleki soraýa: “ogulmy, gyzmy? gözi owadanmy, boýy uzynmy? synlasaň ýadyňa salýarmy meni?” ...nina iwanowna nä bilsin muny. nına iwanownaň ýeke jany bar. ýokarda onlarça çaga jägirýär. aradan ýyl geçer, soň 10-y geçer. ine, şu çagalar dilden dül seçer. öňde bir şahyryň aýdyşy ýaly: on bäş, on altyda gyz bor hyýaly biri şygyr okar, birisi ýazar. geçmişe, geljege salarlar nazar. ýüzleri, ykbaly gül ýaly ýaşlar, biz bilen, biz bilen ylalaşmazlar,- oturşymyz bilen, turşumyz bilen, pikir edişimiz, gurşumyz bilen, geýnişimiz bilen ine şu ýaşlar ylalaşmazlar. biz-yüzün tutanlar ýagmyra, ýele, başymyzy ýaýkap, ýylgyrys çala. soň ýeke galarys, çygjarar gözler. ...alynmadyk gala undulan sözler, çekilen gussalar, dökülen derler, gülenler, aglanlar ýada düşerler. ýöne özi bilmän jedelçi nerler, biziň şu kyn ýoly dowam ederler. hyjuwlar ýatyşar, paýhaslanar has. ötenler, diriler şu ýoldan barýas. (hamala bu dünýäň haýyr, zyýanyn diňe sen ýerbe-ýer goýaýjak ýaly). ýüzün oda-suwa tutan şu nerler, iň soňy şu jaýyň öňüne gerler. ýokarky penjirä kesek atarlar. öňem köp edilen oýa batarlar. şonda ata çykan ýigrimýaşarlar biz bilen, biz bilen ylalaşarlar. geýnişimiz bilen, gurşumyz bilen, aglaýşymyz billen, gülşümiz bilen, ýeňlişimiz bilen, ýeňşimiz bilen, umuman, ine, şu durşumyz bile ylalaşarlar! g. ezizow  

Köneler, Merw92 tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir