garry atanyň nesihatlary bir bar eken, bir ýok eken, gadym zamanda bir patyşa bar eken. ol patyşa aýal-erkek diýmän, garry adam bolsa, çöle taşladar eken. bu patyşanyň öz nökerlerinden biriniň garry atasy bar eken. ol bir gün garry atasyny arkasyna alyp, bir çöle taşlamak üçin ugraýar. barýarka, halys ýadap: “bir azajyk dynç alaýyn” diýip, bir tümmegiň üstünde oturýar. şol wagt atasy lah-lah edip gülýär. onda ogly: - ata, men seni çöle taşlamaga barýaryn, sen bolsa gülýärsiň-le, bu näme boldugy? - diýipdir. atasy: - oglum, men hem bir wagtlar atamy çöle taşlamak üçin barýarkam, şu tümmejigiň üstünde dynjymy alypdym. “gülme goňşyňa, geler başyňa” diýenleri boldy. sen hem meniň oturan ýerimde oturdyň, men ynha, şuňa gülýärin, oglum - diýen. ogly: - be, ata, meni hem garramda çöle äkidip taşlarlarmy? - diýip sorapdyr. atasy: - elbetde, oglum, garraňda senem çöle taşlarlar - diýipdir. - eý, ata jan, beýle bolsa, men seni taşlajak däl - diýip, ogly ýene-de atasyny arkasyna alyp, öýüne gaýdypdyr. ol atasyny öýüne getirip, bir sandygyň içine salyp, agzyny gulplap goýupdyr. hiç adama görkezmän, adam ýok wagty sandykdan çykaryp, adam bar wagty hem sandyga salyp, saklap ýörüpdir. günlerde bir gün patyşa hemme atlylaryny ýygnap: - ertir men abyzemzem suwundan içmäge gitjek, hemmäňiz şoňa çenli şaýyňyzy tutuň - diýip tabşyrypdyr. bu oglan bolsa öýüne gelip, atasyny sandykdan çykaryp: - eý, ata jan, patyşamyz: “abyzemzemiň suwundan içip geljek” diýip, ertir ugrajak bolýar - diýipdir. atasy: - eý, oglum, men birnäçe zat öwredeýin, şony etseň, abyzemzemiň suwuny taparsyň - diýipdir. oglan: - eý, atam, men seni hem sandyga salyp, özüm bilen alyp gideýin - diýipdir. atasy: - bolýar, ýöne sen bir balyk, bir öküz, bäş-on gadak garpyz çigidini alyp, özüň bilen göter - diýen. ogly hem bu zatlaryň hemmesini alyp, patyşanyň huzuryna ugrapdyr. şol wagt atasy: - eý,oglum, pylan ýerde bir çöl bardyr, suw ýokdur, şonda goşunyň suwy gutarar. şol ýerde öküzi öz başyna goýberip, yzyna düşüber, öküz baryp bir ýeri süser, şol ýeri gazsaň, derrew suw çykar - diýen. atasy beýleki zatlaryň nämä gerekdigini ogluna aýdyp beripdir. onsoň ol atasyny sandykda gizläp, ýaňky zatlaram alyp, patyşanyň ýanyna barypdyr. patyşa: - eý, nökerim, bu öküzi sen näme üçin göterdiň? - diýip soran. onda ol oglan: - eý, patyşam, ýolda azygymyz gutarsa, bu öküz gerek bolar - diýip aýdan. bular birnäçe gün ýol ýöränlerinden soň, garrynyň aýdan şol çölüne baryp ýetişipdirler. adamlar şol çölüň içinde suwsap, ölere ýakynlaşypdyrlar. şol wagt oglan öküzi öz ugruna goýberipdir. hemmeler öküziň yzyna düşüberipdirler. öküz-de bara-bara bir ýere baryp, ýeri şahy bilen dörüberipdir. oglanam ýoldaşlary bilen şol ýeri gazmaga başlapdyr. azajyk gazypdyrlar welin, suw çogup, çeşme ýaly akyp gidiberipdir. bu gudraty görüp, patyşa öz depderinde belläpdir. bular suwdan ganyp, dem-dynçlaryny alypdyrlar. bular ugramakçy bolanlarynda, ile duýdurman, atasy ogluna: - indi, oglum, getiren çigidiňi şu suwa sepip goýber, gaýdyp gelýänçäk, garpyz bolup ýetişer - diýipdir. ogly hem kakasynyň aýdyşy ýaly edipdir. patyşa muny hem belläpdir. onsoň bular ugrapdyrlar. bir ýere ýetip barýarkalar, oglanyň atasy: - oglum, şol baýaky balygyň barmy? eger bar bolsa, ynha, kyrk çeşmä bararys, onda düşeris, şolaryň içinde bir çeşme aby-zemzemiň suwudyr. il haýsy çeşmä duş gelse, içer ýörer welin, sen şol balygyňy her çeşmä baranyňda, batyryp gör, şol balyk abyzemzemiň çeşmesine düşende janlanar-da, eliňden çykar gidibiýr, ana, şol abyzemzem çeşmesidir, ýat-da iç, soňundan hem küýzäňi dolduryp, al-da gaýdyber - diýipdir. bular şol gidip oturyşlaryna ahyrsoňy şol çeşmelere baryp ýetýärler. bu oglan hem şol balygy atasynyň aýdyşy edýär welin, bir çeşmä batyranda, ýaňky öli balyk direlýär-de ötägidýär. oglan balygyň direlen çeşmesinden içýär, küýzesini-de dolduryp alýar. bular şol ýerden yzyna öwrülýärler. bular şol gelişlerine garpyz çigidi sepilen ýere gelýärler, görseler, garpyzlar bişip, çaglyň daşy ýaly bolup ýatyrmyş. muny hem patyşa görüp, haýran galyp, depderine belläpdir. bu garpyzlardan hem göterip bilenlerini alyp, ýola düşüpdirler. bular bir ýerlere baranda, dünýäniň ýüzüni duman gaplap, gaty garaňky bolan. şol wagt oglanyň atasy: - oglum, şu wagt ýerden göteribilen daşyňy al, alyp bolaňsoň, düýäňi mün-de: “alanam armanly, almadyk hem armanly” diýip gygyr - diýipdir. oglan şeýle hem edipdir. göteribilen gaşyndan üç sanysyny düýesine ýükläpdir-de, soňam: “alanam armanly, almadyk hem” diýip gygyryberipdir. onuň beýleki ýoldaşlary hem: “bu däliräpdir” diýip, oňa sögüpdirler. patyşa muny hem eşidip, depderine ýazypdyr. şeýdip, bular sag-aman öýlerine gaýdyp barypdyrlar. baranlaryndan soň, patyşa ol oglany ýanyna çagyryp, eden işlerini birme-bir sorapdyr. oglan: - eý, patyşahym, bir çemçe ganymy geçseň, aýdaýyn - diýen. patyşa: - her iş eden bolsaň-da geçdim - diýipdir. oglan: - eý, patyşahym, men atamy çöle taşlamaga barýarkam, bir ýerde dynç almaga oturdym welin, atam: “men hem öz atamy çöle taşlamaga barýarkam, şu ýerde dynç alyp ötüpdim” diýdi. onsoň eltip taşlamaga meniň gözüm gyýman, getirip, hiç kime görkezmän sakladym. soň bolsa, seniň abyzemzem suwuna gidýäniňi oňa aýdanymda, ol maňa: “bir öküz, on-on bäş gadak garpyz çigit, bir balyk al” diýdi. men hem onuň diýenlerini edip, özüni-de sandyga salyp, özüm bilen alyp gitdim. ine, şol işleriň hemmesini atamyň diýeni bilen etdim. bizi ölümden gutaranam şol - diýen. patyşa: - şol garaňky gije näme üçin gygyrdyň? - diýen. oglan: - ine, meniň şol garaňky gijede alan daşlarym - diýip, üç sany daşy görkezen. bularyň biri gyzyl, biri göwher, biri-de şamçyrag eken. patyşa muňa haýran galyp, soň garry adamlary çöle taşlamagy gadagan edipmiş. atasynyň nesihatyna gulak asyp, göreldeli iş eden oglanyň hatyrasy üçin il kyrk gije-gündiz tomaşa tutup, maksat-myradyna ýetipdir.
Erteki...
-
URGENCLI
12 years ago
- bu ertekini okap uly bir çaklama aymakçy yagny görogly beg hem garran çagynda gowakda bolyar. gadymy döwürlerde şeyle dessur hakykatdanam bolan bolaymasyn
-
Turkmenboytm
12 years ago
- Sagja bol yetirenine
-
mirasymyz
12 years ago
- Sagbol Merw92. Shuna menzesh edip hoool bir wagt turkmenler multigam chykarypdy.
Ene-ata hormat we garyndashlar bilen gatnashyk saklamak bereketden nyshandyr.
Gabyr azabyna sebap boljak zatlan birem ene-ata hormatsyzlyk we garyndashlan bilen gatnashygyny kesmek.
Kurany Kerimde ene-atan ish buyranda uuufff hem etme diyya diyip eshidipdim.
-
ALADIN
12 years ago
- her sapar shu ertekiñ bashyny eshtýärdim adamlardan ýöne doly eshtemokdym,indi doly okadym bildim.sag bol awtor gyzykly eken.
nlo 12 years ago- öran gowy erteki arasynda yazyp durun sag bol merw92