geçinem öz aýagyndan asarlar, goýnam bählili dananyň inisi harun reşit uly patyşa eken. ol öz agasy bählili danany ýanyna çagyryp: - aý, bählili, sen bu diwanaçylyk-gedaýçylygyňdan el çek, ine, saňa hazyna, näme gerek bolsa göter - diýen. onda bählili dana: - aý, patyşa, biz her niçik aga-inem bolsak, seniň patyşalyk bilen gazanan maly-dünýäňden çigit ýaly zat derkar däl, sen ýöne meni öz günüme goý - diýipdir-de, özüniň weýrana howlusyna ötägidipdir. bählili dananyň howlusy harun reşit patyşanyň köşgüne ýakyn eken. harun reşit her gün tagtynda oturan wagtynda bählili dananyň ahy-hasrat bilen dady-perýat edip aglaýan gamly sesini eşider eken. günlerde bir gün harun reşit tagtyna çykypdyr, görse bu gün bählili dananyň howlusyndan hemişeki eşidilýän gamly sesiň deregine şatlykly owaz gelýärmiş. bählili dana ýeke özi öz başyna däli-porhan bolup, hem saz çalýar, hem aýdym aýdýar eken. harun reşit muny eşidip, geňirgenip: - baryň diwanany alyp geliň, ondan habar alalyň - diýip, ýasawullaryna buýrupdyr. ýasawullar bählili danany alyp gelipdirler. patyşa: - ýeri, bählili, sen hemişe günüňi gaýgy-gam bilen aglap geçirýärdiň, bu günki şatlygyň nämäniň hekaýaty? - diýip soran. - aý, patyşam, eşider bolsaň, men bu gün bazara bardym - diýip, ol söze başlan. - barsaň barypsyň-da bazara, ol taýda näme beýle şatlyk gördüň? - patyşam, gassap bazaryna bardym, görsem geçinem öz aýagyndan asypdyrlar, goýnam öz aýagyndan asypdyrlar. men, ikimiz aga-ini bolanymyzdan soň, seniň tagtda oturyp, il-halka edýän zulum-sütemiň hem zalymlygyň üçin menem günäkär bolýandyryn öýdüp gorkup, hemişe aglar ýörerdim welin, asyl beýle däl eken. bu gün men bazarda geçiniňem öz aýagyndan asylýanyny, goýnuňam öz aýagyndan asylýanyny gördüm we her kimiň öz eden günäsi üçin jeza aljagyna düşündim. şonuň üçin hem wagtym hoş bolup, şatlanyp oturyşym - diýip, jogap berip, çykyp giden.
Erteki
-
Merw92
12 years ago
- :) beh arasynynda ertekilerem okamaly dogan diñe togalak sharyñ gürrüni etmän...
-
Yzganttm
12 years ago
- Beýbäääää aý bula gaty manylyja eken!
Sagbolyñ merw dogan!!!
-
Bravo
12 years ago
- men gezekleşdirýän. diňe togalak şarigiň gybatyny edp duramok
utanmaly indi munça ýaşdan soň erteki kopy pastlap ýöremäge
-
Merw92
12 years ago
- Ay bolyada! Buda gecer:(
Bravo 12 years ago- ýenede jigiňziň ertekiler kitabyny okaýaňzooow...