ulylar name üçin beyle köp yatyarlar, bilip bilemok. aslynda bilmeyan zadym köp, emma bugün otyrym pikirlenjek bu zatlar barada. düyn berdi tazeje komyuter alypdyr, men bilen oynamak islemedi. myradyn kakasy bolsa ona playstation 3 getiripdir, düyn kakasy bilen bile oynany üçin agşam men bilen gizlin peçek oynamak islemedi. sonky wagtlar yeke özüm öz başyma galdym we pikirlenmaga köp wagtym boldy. pikirlenip otyrkam öz gelejegimide planladym. ulalamson öyümüzü şekoladdan gurjak. bir sürü maşyn aljak we hiçisini hem berda berjek dal. eger aglasada, ejesine aglayar diyip aydaryn.  doslarym kakalary bilen oyun oynanlaryny olaryn alan oyunjaklaryny oynayandyklaryny göremde ejemi güjaklap agladym, -" eje, kakam jennetden haçan gelyar, ya-da o tayy gaty uzak my? şon üçin gelip bilenok my kakam?" diydim.  jogap alyp bilmedim.  ejem saçymy sypalap; -"jennet gaty uzak, kakn o yerden gelip bilmez" diyende, -"emma myradyn kakasy hem uzakdady, ola geldi geçen hepde, hergün myrat bilen bileje oyun oynayar öylerinde. myrat hem men bilen oynasy gelenok. kakam gelsin eje. men ona garaşaryn...." entak sözümi dynmankam ejen yanymdan turyp gap çanaklary yuwmaga gitdi.  düyn, berdinin kakasy sapar aga : -"eje ayt sana taze kaka tapsyn" diyende boynumu egip gitmeli boldym. edil şo tayda möy adamyn sapar agany tutyp bir yerden asyp goyaymagyny isledim içimden. emma möy adamym öyümüzdedi mana kömek edip bilmez, menem ylgap parka gitdim. parkda aglap otyrkam, bir dayy; -"name boldy sana, name üçin aglayan?" diyip sorady. menem "kakamyn yanyna gitmek isleyarin, onyn elinden tutyp hemme dostlaryma inha menem kakam bar diyip görkezesim gelyar" diyemde, "kakan nirede?" diyip sorady. menem ona ejem aydanlaryny aytdym  kakam gaty uzak bir yerde, jennetde, dayy jennet gaty uzak my bu taydan? eger men şu gün yola çyksam haçan yeterin o yere, diyip soramda  dayym mana: -"bu taydan jennede awtobus geçenok oglym" diydi.  ulylar name üçin hemme zady gaty ulaltyarlar. hemme zady bolmaz diyip pikirlenyarlar. men ulalamda jennede gityan bir awtobus yasaryn we edil bizin köçamizden geçer. sonra kakalaryny göresi gelyan hemme çagalary mündirip akiderin jennede.  geçenlerde bir gün mayanyn kakasyny bir ullakan guta goyup jennede akitdiler edil menem kakamy bir güyz güni akidişleri yaly. mayajyga mundan beylak kakasynyn jennetde yatjakdygyny aydypdyrlar. ulular name üçin beyle köp uklayarlar? oyun oynajak bolsan yadaw diyip uklayarlar. ertir irden oyanyan ejem 5 minut uklayyn diyyar.  men hiç uklamok, ya-da sizem köp uklayanyz my? Awtory : braduke ( ertir.com agza) Ogurlap ( kopÿalan) merw92:)

Köneler, Merw92 tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir