adam bolup adam gadryn bilmeýen, ondan ýene otlap ýören mal ýagşy. sözlegende, söz manysyn bilmeýen, ondan ýene sözlemeýen lal ýagşy. hudaýym saklasyn şerden, gahardan, minnetli aş ajy bolar zäherden, eý, ýaranlar, bir bazarsyz şäherden, ondan ki bir guwlap ýatan çöl ýagşy. her kimiň özüne müsürdir jaýy, ýadyndan çykmaýyr baýramy-toýy, jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy, agşam ýatyp, ertir şükrün kyl ýagşy. bir biwepa ýara gülüp bakandan, şirin jany yşk oduna ýakandan, ýat illerde mysapyrlyk çekenden, ursa, sökse, horlasa-da il ýagşy. magtymguly, sözlegil sen her bapdan, bu dünýä tutdurmaz, çüýrükdir düýpden, aňyrsy gelmeýen gury, bad gepden – ondan ki bir şuwlap öten ýel ýagşy.

Köneler, Merw92 tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir