Milli Lider Türkmenistanyň Prezidentini Songýungwan uniwersitetinde doktorlyk derejesiniň berilmegi mynasybetli gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy beýik Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk şanly baýramçylygyna beslenýän şu taryhy günlerde Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň üstünlikli geçmegi hem-de Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň...

Dowamy »

7 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago

Şwesiýanyň Hökümet başlygy işden gitdi

Şwesiýanyň Premýer-ministri Ulf Kristersson garşylykçy partiýa parlamente saýlawlarda ýeňiş gazanandan soňra iş başyndan gidýändigini yglan etdi.
Kristersson 13-nji sentýabrda geçen parlament saýlawlarynda ýeňlen Sagçymerkezi topara ýolbaşçylyk edýär.
«Meni işden boşatmagyňyzy haýyş edýärin» diýip, ol Parlamentiň başlygyna ýollan haty...

Dowamy »

7 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago

Aşgabat-2017: 9 ýyl mundan ozal V Aziýa oýunlarynyň ody ýakyldy

Mundan 9 ýyl ozal — 2017-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda — Türkmenistanyň paýtagtyndaky Olimpiýa stadionynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu şol döwürde Garaşsyz Türkmenistanyň taryhyndaky iň iri sport forumydy.
«Aşgabat 2017» oýunlary birnäçe aýratynlygy bilen taryha girdi. Olar ilkin...

Dowamy »

7 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda ýaş alymlar üçin bilelikdäki grantlary döretmek meselesi maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Koreýa Respublikasynyň Ählumumy innowasiýa okuwlary guramasynyň (Global Innovation Studies instituty) ýerine ýetiriji direktory Kim Kýo Şigiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmeni...

Dowamy »

7 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago

Türki dünýäniň kompozitorlarynyň birinji kongresi geçiriler

Şu ýylyň 18 — 20-nji sentýabrynda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde Uzeýir Hajybeýli halkara saz festiwalynyň çäginde Türki dünýäniň kompozitorlarynyň birinji kongresi geçiriler.
Çärä Özbegistan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Türkiýe, Türkmenistan we Wengriýa saz jemgyýetçiliginiň görnükli wekilleri gatnaşar. Bu barada uza....

Dowamy »

9 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago

Türkmenistanda harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada Permana gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow «Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda» resmi...

Dowamy »

8 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago

Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işini dowam edýär

Paýtagtda düýn öz işine başlan we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işini dowam edýär.
Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işini dowam etdirýär
Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda guralan sergi milli ykdysadyýetiň gazananlaryny, ýurdumy...

Dowamy »

8 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago

Türkmenistan bilen Koreýanyň parlament kitaphanasy hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe teklibe garady

Türkmenistanyň Bilim ministri J. Gurbangeldiýew bilen Koreýa Respublikasynyň Milli parlament kitaphanasynyň ýolbaşçysy Hwan Jon Gyn duşuşyp, hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyk Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde geçirildi. Bu barada Türkmenis...

Dowamy »

8 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago

Sudandaky ýykylan altyn käninde 82 adam pida boldy

Sudanyň uzakdaky welaýatynda ýerleşýän resmi däl altyn käni ýumrulyp, heläk bolanlaryň sany 82 adama ýetdi. Bu barada «MIR 24» habar berdi.
Ýurduň sebit halas ediş gullugynyň işgäri Abu Hmeida çarşenbede ýykylan ýerasty känden 82 adamyň jesediniň çykarylandygyny habar berdi, onlarça adam dereksiz ýiten hasaplanýar.
Sudanda el güýji bi...

Dowamy »

8 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago

«Turkmenportal» žurnalistleri işe alýandygyny yglan edýär

«Turkmenportal» internet neşiri öz redaksiýasyna žurnalistleri işe alýandygyny yglan edýär. Neşire köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde (KHBS) iş tejribesi bolan, türkmen we rus dillerini gowy bilýän işgärler gerek.
Ýerine ýetirmeli işler:
wajyp habarlary gözlemek we yzarlamak;
täze habarlary ýazmak we press-relizler boýunç...

Dowamy »

6 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago

BMG süýji suw gorlarynyň azalýandygyndan howsala düşýär

2025-nji ýylda tutuş dünýäde derýalar soňky 35 ýyldaky iň gurak döwri başdan geçirdi. Bu barada Bütindünýä meterologik guramasynyň täze nutugynda bellenýär diýip, «news.by» habar berdi.
BMG-niň bilermenleri gury ýerde süýji suwuň gorlarynyň azalýandygyna we buzluklaryň çekilýändigine ünsi çekýärler, bu öz gezeginde geljekde adamlar we ykdysa...

Dowamy »

6 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago

Türkmenabadyň galla önümleri kärhanasynda 113 million manatlykdan gowrak iş edildi

Türkmenabadyň galla önümleri kärhanasynda ýanwar — awgust aýlarynyň jemleri boýunça öndürilen önümiň möçberi 113 million 610 müň 644 manada deň boldy. Bu babatda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirelinde 112,2 göterim ösüş gazanyldy. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi.
Hasabat döwründe 34 müň 10 tonna un önümleri öndü...

Dowamy »

7 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago

Russiýanyň Döwlet Dumasyna saýlawlarda 4361 dalaşgär bellige alyndy

Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň dokuzynjy çagyrylyşynyň saýlawlaryna dalaşgärleriň 4361-si bellige alyndy diýip, ýurduň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Ella Pamfilowa salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.
Ýagny federal saýlaw okrugy boýunça partiýalaryň 10-syndan 2774 dalaşgär, bir mandatly okruglar boýunça 1587 dalaşgär (11 parti...

Dowamy »

7 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago

Guterriş geljekde näme bilen meşgullanjakdygyny bilmeýändigini aýtdy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş şul ýylyň ahyrynda wezipesinden gidenden soňra Portugaliýada ýaşamakçy, emma näme kär bilen meşgullanjakdygyny bilmeýär.
«Geljegim barada aýdylanda, dogrusy, näme iş bilen meşgullanjakdygymy-da bilmeýärin. Geljekde ýaşajak ýerim Portugaliýa bolar» diýip, ol žurnalistler bilen metb...

Dowamy »

5 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago

Lebap welaýatynda pagta süýüminiň önümçiligi 44,8 müň tonna ýetirildi

Lebap welaýatynda pagta süýüminiň önümçiligi 2026-njy ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda 44,8 müň tonna ýetirildi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 11,2 müň tonna köp bolup, ösüş depgini 33,6 göterime deňdir. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi.
Şeýle hem ekerançylar ýylyň başyndan bäri gök önümleriň 174,2 müň tonnasyny ýe...

Dowamy »

7 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago

Gündogar welaýatda şu ýylda ulanylan maýa goýum 1 milliard 213,9 million manada ýetdi

2026-njy ýylyň başyndan bäri Lebap welaýatynda ulanylan düýpli döwlet maýa goýumlarynyň möçberi 1 milliard 213,9 million manada ýetdi. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi.
Geçen ýylyň degişli döwründäki 815,2 million manatlyk görkeziji bilen deňeşdirilende ösüş 398,7 million manada barabar boldy. Şeýlelikde maýa goýumlaryň...

Dowamy »

7 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago

Türkmenistan tarapyndan «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin atomlar» atly başlangyç öňe sürüldi

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Azat Öwezowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) Baş konferensiýasynyň 70-nji nobatdaky sessiýasyna gatnaşýar. Bu çäre 14 — 18-nji sentýabry aralygynda Wena şäherinde geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy ha...

Dowamy »

7 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago

84 ýaşly Amitabh Baççan kinodan gitjekdigi baradaky habary ýalana çykardy

11-nji oktýabrda 84 ýaşy dolýan hindi kino aktýory Amitabh Baççan özüniň kinodan gitjekdigi barada sosial torlarda peýda bolan myş-myşlary ýalana çykardy. Öň ol internetdäki sahypasynda pensiýa gidesiniň gelýändigi baradaky sözleri çap edipdi diýip, «ndtv.com» portaly ýazýar.
Goja aktýor häzirki wagtda 2000-nji ýyldan bäri teleýaýlyma çykyp...

Dowamy »

6 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago

Türkmen hünärmenleri Erasmus+ taslamasy boýunça Neapolda geçirilen duşuşyga gatnaşdylar

9-15-nji sentýabr aralygynda Italiýanyň Federiko II adyndaky Neapol uniwersitetinde Erasmus+ maksatnamasynyň «Dolanyşykly ykdysadyýet we durnukly ösüş ulgamynda innowasion okuw meýilnamalaryny we modullaryny işläp taýýarlamak» (CirculEC) taslamasynyň durnuklylygy we mundan beýläkki ösüşi boýunça utgaşdyryjy duşuşyk hem-de birnäçe okuw seminarlar ge...

Dowamy »

5 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago

Türkmenistanda oba hojalyk mallaryny hasaba almak ulgamyny ornaşdyrmak dowam edýär

Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen bilelikde oba hojalyk mallaryny hasaba almagyň we olaryň gelip çykyşyny yzarlamagyň Milli strategiýasyny döretmek boýunça taslamany durmuşa geçirýär. Işler taraplaryň ozal gol çeken ylalaşygynyň çäklerinde alnyp b...

Dowamy »

4 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago