çagalar durmuş şertlerine görä geljege taýýarlanmalydyr. durmuş bolsa hemişe bol-elinlikde geçmeýär. käbir danalar ynsan ýaşaýşyny pasyllara meňzedýärler. durmuş käte ýaz, käte gyş, käte bahar, käte-de güýz ýaly geçer. her pasla ol paslyň şertlerine laýyklykda taýýarlanmalydyr. diňe bir paslyň şertlerine öwrenişen ýyly ýurtlarda ýaşaýan adamlar dört pasylyň hem öz gözelligi bilen gelýän ülkämiziň yklym şertlerine uýgunlaşmagy kyndyr. çünki, olar diňe tomus paslynyň şertlerine öwrenişendirler. baý maşgalalarda ýetişen ýaşlaryň has soňra durmuşda kynçylyk çekmekleriniň sebäbi hem budur. ene-atalarynyň olar üçin taýýarlan rahat durmuşy bu çagalary läliksiredýär, bu sebäpden-de, durmuşyň geljekki kynçylyklaryna, synaglaryna taýýarlanmaýarlar. çagalyk günleri bir eli ýagda, bir eli balda geçýär. çaga ne çakdanaşa läliksiredilmeli, ne-de gorkuzylyp, gözüniň ody alnyp, ýygra halda ýetişdirilmelidir. belki-de, iň dogrusy, bu iki usulyň ortasynda bir ýol tapmaly; ýagny, çaga öwgä laýyk iş etse öwüljegini, ýeri gelende-de jezalandyryljakdygyny bilmelidir. berk düzgün-nyzamly adam hökmünde tanalýan bir atanyň ýörite saklaýan itleri hem bar eken. itleri bilen oýnap wagt geçireninde şadyýanlygyny gizläp durmaýan, emma çagalarynyň ýanynda özüni agras alyp barýan atanyň bu halyny geňirgän goňşulary ondan munuň sebäbini sorapdyrlar: - goňşy, sen çagalaryň bilen gürleşeniňde özüňi öran çynlakaý, agras alyp barýarsyň, ýeri gelende olara gaharlanýarsyň, olara duýduryş ýa temmi berýärsiň. emma, şu wagta çenli itleriň bilen oýnanyňda gaharlananyňy görmedik. itleriňe bolan beýle mähremligiň sebäbi näme? tejribeli ata şu jogaby beripdir: - itlerimi adam edip ýetişdirmek aladam ýok, ynha onuň sebäbi şu. ... hawa, siz hem adam bolup ýetişmegini islemeýän çagalaryňyza çakdanaşa mähremlik görkeziň, olaryň lälik hereketlerini görmezlikden geliň, ata-enesinden çekinmejek hala getiriň, bir eli ýagda, bir eli balda – bolluk içinde ýüzdüriň... bu ene-atanyň perzendine edip biljek iň uly erbetligidir. uruş ýyllarynyň gahatçylygyny gören garry daýzalar bardyr. wagtal-wagtal olaryň, çagalaryň ol ýere-bu ýere taşlan gury çöreklerini ýygnap, çörek owuntyklaryny çöpleşdirip ýörüşlerini görersiňiz. näme üçin beýle edýärler? çünki, wagtynda nanyň – duzuň gytlygyny görendirler, mahrumlygyň ejirini çekendirler, şonuň üçin... emma rahatlyk içinde ýetişen we isrip etmäge öwrenişen ýaşlarda bu düşünje ýokdur. belki olar, bu rahatlygy hem az görüp, şükürsizlik ederler. bularyň ählisi-de maşgala göreldesi we terbiýesi bilen baglanyşykly meselelerdir. her bir maşgalada perzentleriň terbiýesine çynlakaý çemeleşilmelidir. çörek bilen, eşik bilen, sowalga bilen üpjün etmekden başga perzendiniň öňünde ikinji bir borjy bardyr öýtmeýän, olaryň ruhy ýagdaýyny, tälim-terbiýesini ahmal edýän ene-atalar örän uly ýalňyşlyk goýberýärler. çünki, ene-atanyň iň esasy wezipesi, perzendine kämil ahlak terbiýesini bermek, onuň milletine, watanyna, külli adamzada haýyrly ogul-gyz bolup ýetişmegini gazanmakdyr.
Lälik çagalar
-
atashkahojamberdiyev
12 years ago
- Dogry aýtýan, gowy sözler, sagbol janyň sag bolsun! barjak ýeriň gowy bolsun! Ýa Allah şular ýaly adamlar köp bolsun!
-
Kimay
12 years ago
- Merw92 gowy zatlar bellap gechipsin
-
Kimay
12 years ago
- Atashka bamyn? Senem talyplar.com giryan ekenina
-
makgush
12 years ago
- Dogry, çagalary lälik saklaberseñ, soñunda özleri kösenýär, kä-bir türkmen mashgalarynda esasanam körpe çagalar lälik saklanýar.
-
Blackangel
12 years ago
- dogry aýtýaňyz çagany laliksiretmeli dal cagaka lalik saklasan son oyunden uzaklara okuwa gaydanda kosenya menem so kosenclikleri gorupdim
-
Blackangel
12 years ago
- dogry aýtýaňyz çagany laliksiretmeli dal cagaka lalik saklasan son oyunden uzaklara okuwa gaydanda kosenya menem so kosenclikleri gorupdim
atashkahojamberdiyev 12 years ago- Dogry aýtýan, gowy sözler, sagbol janyň sag bolsun! barjak ýeriň gowy bolsun! Ýa Allah şular ýaly adamlar köp bolsun!