adamyń bir mätäç zady hoş sözdür. hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar. dirilikde aỳdyň, dirika sylaň! kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar! gowa gowy diỳiň entäk dirika! gerek ỳerde ỳyly bir söz güỳç bolar. hökman ölerine garaşyp durmaň! kim bilip dur, bir aỳdan soň giç bolar. yagşy sözler gaỳnap ỳürekden çyksyn! şol närseden bärde çyksa hiç bolar. goldaberiň bir-biregi söz bilen! kim bilip dur, bir hepdeden giç bolar. kalby çoỳuň, alkyş alyň adamlar! alkyş alanyň işi rowaç bolar. erte tapylanok bügün göreniň. şu gün çoỳuň, erte, belki, giç bolar. sahawatsyz ömür gury bir töňňe, sahawatsyz ömrüň sony puç bolar. sylaň bir-biregi wagtyňyz barka! mümkin, ỳene bir sagatdan giç bolar.

Köneler, Merw92 tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir