http://www.tkm.8m.net/ert-26.jpg bir bar eken, bir ýok eken, hudaýberdi diýen bir adam bar eken. ol örän gorkak eken. möjekdir şagal-a beýle-de dursun, tilkiden dagam gorkar eken. onuň iki sany aýaly bar eken. bir günden bir gün munuň aýallarynyň her haýsy bir alaça dokapdyr. hudaýberdi bu alaçalary satmak üçin ýabysyny münüp, bazara ugranda, aýallary halwa hem süýji sargapdyrlar. ol ýabysyny loňkuldadyp barýarka, öňünden bir tilki çykyp: - hudaýberdi, nirä gitjek, how! - diýýär. hudaýberdi gorkak tilkiden çekinjiräp, dogrusundan gelipdir: - aý, aýallarym bir-iki any alaça dokapdyrlar-da, şony “satyp gel” diýip iberdiler - diýýär. onda tilki: - bazarda satjak bolup ýörme-de, maňa sataý, häli bazardan gaýdaňda, puluňy öňünden ýykarar-da beräýerin - diýýär. http://www.tkm.8m.net/ert-27.jpg hudaýberdi gorkak bolsa: - boljak onda, ýöne sen meni köp garaşdyraýmagyn, bazardan gelýänçäm, öňümden çykaryp, taýyn edip durgyn! - diýýär. tilki: - aý, sen arkaýyn bolaý, öňüňden puluňy taýýar edip goýaryn - diýýär. hudaýberdi gorkak munuň sözüne ynanyp, bazara gidip, baryp bazarda gezen bolup ýörmüş. bazary pulsyz bazarlap, ol aýallarynyň sargan zatlaryny hem alyp bilmeýär. onsoň ýabyjygyny münüp, ýene yzyna gaýdýar. ýolda tilkiden pul aljak adam, ýabysynyň üstünde telpegini gyşyjak atan bolup, hiňlenip gelýärmiş. hälki alaçayny satan ýerine gelse, tilki nirde, zat nirde, pul nirde - gum-gukluk. hudaýberdi gorkak aňalyp, durup-durup, kän garaşyp, ahyry alaçsyz bolup öýüne gaýdýar. gelip, boş horjunyny goltuklap öýüne girýär.  aýallaryny her haýsy bir ýerden: - süýji äkeldiňmi? halwa äkeldiňmi? - diýşip, munuň horjunyny alyp görseler, ine öňküsi ýaly bora-boş horjun. olar: - eri, näme, sargan zadymyzy almansyň. ýa alaçany satyp bilmediňmi? - diýip soraýarlar. hudaýberdi gorkak: - aý, heleýjanlar, biler bolsaňyz, bazara barýarkam, öňümden bir tilki çykdy. ol: “gaýdyşyn gelýärkäň, puluňy ýoluňdan çykararryn” diýip alaçalary alyp galdy. bazardan dolanyp gelsem tilkem ýok, zadam ýok - diýýär. onsoň aýallary onuň üstüne gygyryp başlanlar: - sen nähili adam? ýogsam bolmanda, heý, tilkidenem pul alarmyň? tilki bilen söwda edeni, heý, mundan ozal eşidipmidiň? sen ol tilkä öziňi oýnadyp, allatdyrypsyň diýenler. soňra aýallary ony synamak üçin soňky bazara çenli ýene iki sany alaça dokaýarlar. olary hem horjuna salyp, agzyny köjeşdirip, onuň ýabysynyň syrtyna bökderip, özüni-de ýabysyna mündürip, bazara ugradýarlar. hudaýberdiniň bazara barýanyny gören hälki tilki hasyr-husur guma agynapdyr-da, ýene onuň öňünden çykypdyr. - haý, hudaýberdi, hirä barýarsyň, how? - diýýip gugurýar. hudaýberdi gorkak: - men-ä bazara alaça satmaga barýaryn- diýýär. onda tilki: - aý, bazara alaça äkidip ýörenden, maňa sataý - diýýär. hudaýberdi gorkak: - ýok, ýok men saňa alaçamy bermen, ozal hem aldap, pulumy bermediň - diýýär. onda tilki: - men seni hiň mahal aldan däldirin. men bir sözümde durýändyryn. ol seniň hakyňy iýen kül tilkisidir, men bolsa - gum tilkisi ahyry - diýip, munuň alaçasyny elinden alýar-da: - häli bazardan gelýärkäň, şu ýerde durubergin, men puluňy getirip bererin - diýýär. hudaýberdi gorkak alaçany tilkä nesýe berip, bazara gidiberýär. hudaýberdi bazara baryp, ýabysyny daňyp, ýolda alaňamy aňsat satdym diýip, bazarda arkaýyn gezip ýör eken. birden jübüsiniň pulsyzdygyny ýadyna düşüp, ýaňky alaçany satan ýerine - yzyna gaýtmakçy bolýar.  hudaýberdi gorkak derrew ýabyjygyny münýär-de, bazarlap bärik gaýdýar. ol hälki alaçasyny satan ýerine gelip görse, ýene tilki ýok. durup-durup, halys peti-bizary çykýar, hiç gelýän zat ýok, ol ýene näalaç bolup öýüne baka gaýdýar. ol öýüne ýetip gelýärkä, onuň aýallarynyň biri muny görüp, ylgap öňünden çykyp: - ýeri, alaçaňy sag-aman satdyňmy? - diýip soraýar. hudaýberdi: - aý, heleý, ýene bolan däldir, wah, ýene tilki aldady - diýip, ýüzüni aşak sallap oturyberýär. onsaň onuň aýallary “indi muny nätsekkäk?” diýip pikir edýärler. ahyry ikisi dil düwşüp, muňa batyrlygy öwretjek bolup başlaýarlar. bir gün agşam hudaýberdi aýallaryna: - men tilkiden gorkýan. meni meýdana äkidip geliň - diýýär.  aýallary hem: - bolýar - diýip, muny mendana äkidýärler. ony öýünden gaýrarak çykarýarlar. hudaýberdi gorkak meýdana oturýar. aýallarynyň hersi bir gapdalynda duran bolup, birden, ikisi hem gaçyp gaýdýarlar. ikisi-de öýe girýär-de, şark-şurk işiginiň içinden urup, hudaýberdini öýe salmaýarlar. hudaýberdi gorkak bolsa daşarda: “wah, heleý, işişgi aç, tilki meni öldürýär-le” diýip gorkupgygyrýar. aýallary bolsa işigi açman, öýüň deşiginden syrygy uzadyp: - al şunuň bilen tilkini uruber! - diýýärler. hudaýberdi ony alyp, daş-töweregine bulaýlap tilkini ýanyna getirmändir. onsoň: - aý heleýler, indi işigi açaýyň, indi meniň batyrlykda kemim galmady - diýip gygyrýar. aýallary bolsa bir haýukdan soň, işigi açýarlar. hudaýberdi gorkak öýüne girip: - ah, heleýler, şeýle batyr boldum, indi men hiç zatdan gorkman - diýýär.  şonlukda, günleriň birinde hudaýberdi bir ýere gidip barýar eken. onuň öňünden bir eşegiň türesi çykýar, ol muny alýar-da, goltugyna salýar. ýane-de gidiberýär welin öňünden bir pyşbaga çykýar, muny hem alýarda, goltugysa salýar. ýene barýarka, öňünden bir meýdan horazy çykýar, muny hem goltugyna salýar. hudaýberdi bu zatlary goltugyna salyp, gidip barýarka, birnäçe döwüň üstünden barýar.  döwüler mundan: - adyň näme? - diýip soraýarlar. - adyma hudaýberdi pälwan diýerler. - gel, onda otur. ol oturýar. muňa döwler: - biziňem bir pälwanymyz bar, şonuň bilen göreşip bilermiň? - diýýärler. - göreşerin - diýýär. döwler öz diýýän pälwanyny çagyryp, hudaýberdi bilen göreş tutdurmaga başlaýarlar. bular göreş tutup ugraýarlar. döwleriň pälwany hudaýberdi pälwany gysyp, owradyp barýar diýýär. munuň gözi peträp, asmana dikelip ugranda, döwleriň pälwany: - ýeri, hudaberdi batyr, näme ýokaryňa garaýarsyň? - diýýär.  - ýokaryk garaýanymyň sebäbi, seni asmandaky haýsy ýyldyzyň ýanyndan gaýtarsamkam, şol hakda oýlanýaryn - diýýär. onda döwleriň pälwany: - aýrylaweri, sen meni öldürjek ekeniň, tüýs pälwan ekeniň, näme gerek bolsa aýt, ýäne meni goýberseň bolýar - diýip aýdýar.  bular soňra hudaýberdi gorkaga birnäçe zatlar berýärler. onsoň hudaýberdi: - siz meniň bilen bitiňizi deňeşdirip bilermisiňiz? - diýýär. döwler: - gel, deňeşderseň - diýýärler. döwler bir bit çykardylar weli, hakyt ýumruk ýaly bar diýýär. hudaýberdi pälwan bolsa, hälki ýoldan alan pyşbagany çykaryp goýberiberýär. döwler: - bä, bu biziňkiň çeni-çaky däl eken-ow, gapak dagy baglap gidipdir-aý - diýişip, içlerini çekip, geň görüp, haýran bolup duranlar. ondan soň hudaýberdi: - geliň indi bürämizi deňeşdireliň - diýýär. döwler: - geliň-de, geliň - boluşýarlar. döwler büresini çykarýarlar weli, bu hem ýumruk ýaly bolup, pasyrdap uçup gidýär. hudaýberdi bolsa: “büre diýip, ine, muňa aýdarlar” diýýär- de hälki horazy çykarýar weli, döwileriň gözi hanasyndan çykaýjak bolýar.  döwler: - bä, buýa kekeç-mekeç baglap gidipdir, biziňki dagy munuň ýanynda çagasyça-da ýok - diýişýärler. soňra hudaýberdi döwlere: - belki, goltygyňyzyň gylyny deňeşdirersiňiz - diýýär. döwler hem: - deňeşdiräýeris - diýýärler. döwler çykaryp görkezdiler weli, uzynlygy bir sere dagy bar diýýär.  http://www.tkm.8m.net/ert-28.jpg hudaýberdi bolsa hälki eşegiň türresini çykarýar-da: “ine, meniň goltugymyň gyly-ha şunuň ýaly” diýýär. döwler haýran galyp: - bä, munuňky türre-mürre baglap gidipdir-how - diýişýärler. ýene-de hudaýberdi: - siz meniň bilen ýeriň ýagyny çykaryşjakmysyňyz? - diýýär. döwler: - çykaryşjak - diýýärler. onsoň hudaýberdi gorkak hälki ýumurtgany döwlere görkezmän bir ýere gömüp goýýar-da, soňam baryp depip goýberýär weli, ýumurtganyň sarysy çogup sarysy çogup çykdy duruberdi. döwler haýran galyp: - päheý, büýä ýeriň ýagynam çykaraýdy, how - diýişýärdiler. döwlerem şeýtjek bolup näçe diýseň, ýeri depýärler weli, ýöne sarsyp dur diýýär, asyl çykýan zat ýok. hudaýberdi: - geliň, indi agaç ýykyşalyň!- diýýär. döwler: - geliň-de, geliň - boluşýarşlar. döwler bir depip goýberýärler welin,bir agaç ýykylýar. http://www.tkm.8m.net/ert-29.jpg hudaýberdi bolsa gelýärkä, ýoldan bir kültem ýüp tapan eken. ana, onsoň ol şol ýüpi alýar-da, ähli agaçlaryň daşyna aýlaşdyryp başlaberýär. döwler muny görüp:  - ýeri, hudaýberdi pälwan, sen näme iş etjek bolýarsyň? - diýýärler. - men siz ýaly ýeke-ýekeden ýykyp durman, barysyny birden ýykjak otiryberjek - diýýär: döwler: - aý, zalywat hudaýberdi pälwan, goýaweri, biziň atamyzdan galan saýalyk agaçlarymyzyň baryndan dyndyrjak bolýarmyň - diýşip muny aýyrýarlar. onsoň döwler: - indi sen hem biziň bilen hem nahar hem iýiş, şonda-da utsaň, biz saňa boýun - diýýärler. hudaýberdi: - geliň bäri, men taýýar - diýýär.  onsoň kryk gulakgazany palawdan dolduryp, döwler birigip, iýip ugraýarlar weli, hiň tükedip bilmeýarler. gazany hudaýberdiniň öňünde getirip goýýarlar. olam iýen bolup ugraýar-da, döwler çykan wagty çykyr köwüp, gazanyň içindäki aşy şoňa dökýär-de oturyberýär. döwler işikden gelenlerinde gazanyň düýbüni ýalan bolup durýar. döwler muny görüp, “be-ýe, büýä-ä eýýäm iýäýpdir” diýip haýra galýarlar. onsoň döwler: - muny agşam ýatanda öldüreliň, şeýdip, agzybirlik bilen ýok edäýmesek bu bize hezil bermez - diýip, özara maslahatlaşýarlar.  agşam ýatar wagty bolar welin, hudaýberdi hem possuny ýapynyp ýatyberýär. ol gije uka gidensoň, döwleriň öldürmäge barjakdygyny bilip, possunyň aşagyna bir uly daşy salyp, üstini ýapyp goýýar-da, özi beýle ýanynda ýatýar. gijäniň bir wagty döwler baryp, ýaňky ýatan posunly daşy taýak bilen urmaga başlaýarlar. olar urup, urup: “indi-hä öldüren bolsak gerek” diýşipdirler. hudaýberdi bolsa, ertir irden döwleriň işiginden gelip: - beý, agşam ýagyşjagaz şytyr-pytyr edäýdi öýdýän, hiç arkaýyn ýatyp bilmedim-aý - diýýär. döwler: - bä, şony hem şytyr-pytyr bilýän bolsa, muňa näme alaç etmek bolarka?! - diýişip pikirlenýärler.  ertisi agşam hudaýberdi pälwan küde edip basylan çöpüň içinde ýatýar. ýene döwleriň barjagyny bilip, içine uly bir daş goýup, özi beýlede ýatýar. döwler baryp, çöpi otlaýarlar. özlerem: “indä-ä dynaýan bolsak gerek” diýişýärler. hudaýberdi pälwan bolsa ertisi ýene döwleriň ýanyna barýar-da: - bä, agşam inim gaty gyzdy-ow, men näsaglaýypdyryn öýdýän - diýýär. döwler: - islän zadyny berip, şuny aman-sag öýüne eltip geleliň - diýşip, horjuny zatdan dolduryp, bir döwiňem üstüne mündirip, hudaýberdiniň öýüne ugraýarlar. ony göterip alyp gelýän döw: - hudaýberdi pälwan, sen şunça iýýärsiň weli, hiç agramyň ýokla? - diýýär. onda ol: - agramymy salamok, gökde ýüpüm bar, şondan aslyşyp gelýärin - diýýär. onda döw: - hany, ýüpden aslyşman, agramyňy at, göreýin - diýýär. hudaýberdiniň bilinde bir janujak pyçagy bar eken. alýar-da şonuň bilen düýbüniň gerşine basyberýär. döw: - haý, alywat, ýüpüňe ýapyşaweri! - diýip gygyryberen. ana onsoň, hudaýberdi pälwan döwi münüp, öýüne baran.  döw bolsa muny düşüripdir-de, yzyna gaýdan. gelýärkä, ol döwüň öňünden hälki mekir tilki çykyp: - ýeri-ow, döw dost, nireden gelýärsiň? - diýip soraýar. döw: - hudaýberdi pälwany öýüne eltipgelýarin - diýýär. tilki: - o nähili pälwan bolýarmyş, ol-a bir barypýatan gorkak ahyry.  - aý, ýok, ol zor how, biz-ä oňa bir topar zat berip, zordan sypdyk.  - beýle bolsa, ýör, onda zadyňyzy alyp bereýin, siz oňa hudaýberdi pälwan diýýän bolsaňyz, biz oňa hudaýberdi gorkak diýýäris. men munuň alaçasyny bazara barýarka, her gezek aldap elinden alýaryn - diýen. döw onda-da ynanmaýar. tilki döwe: - ynanmasaň, boýnuma ýüp sal-da, bir ujuny özüňe daňaý - diýýär. tilki şeýdip, boýnundan ýüp saldyryp, döwiň öňüne düşüp, hudaýberdiň öýüne ugraýar. şol wagt hudaýberdi tamyň üstüne çykyp duran eken. ol döwi yzyna tirkäp gelýän tilkini görüp: - haý tilki - diýip gygyrýar. tilki hudaýberdä hä berýär. hudaýberdi: - ataň maňa üç döw bergisi barka, getirýäniň ýekeje döwmi? - diýip gygyran. ýaňky döw: - sen meni ataň bergisine bermek üçin getirýän ekeniň - diýip, tilkiniň boýnyna daňylgy ýüpi özüne tarap çekýär-de, ony penjesine alyp, ras ýeriň ýüzüne bulap urýar-da, ökjäni göterýýär. hudaýberdi şeýdip, pälwan hem batyr adyny alanmyş.  

Köneler, Merw92 tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir