Portugaliýanyň futbol federasiýasy Ronalduny oýunlardan wagtlaýyn çetleşdirdi

Kriştianu Ronaldu milli ýygyndynyň ýerleşýän ýerini özbaşdak terk edendigi sebäpli, Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň oýunlaryna gatnaşmakdan wagtlaýyn çetleşdirildi. Bu barada Portugaliýanyň futbol federasiýasy (FPF) yglan etdi diýip, «A Bola» gazeti habar berýär.
FPF düzgün-tertip derňewiniň başlanandygyny we oňa gaýragoýulmasyz derejäniň...

Dowamy »

12 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 day ago

Ýa jerime çeker, ýa ligadan çykar: «Mançester Sitiniň» işi tutuş APL üçin synaga öwrüldi

Öňem habar berşimiz ýaly, «Mançester Siti» Angliýanyň futbol taryhyndaky iň uly maliýe dawalarynyň biriniň jümmüşine düşdi. Garaşsyz topar klubuň 2009–2018-nji ýyllar aralygynda maliýe düzgünlerini bozmakda aýyplanýan 115 ýagdaýynyň 114-sinde günäkärdigini ykrar etdi. Emma bu iş diňe bir klubuň özi üçin däl, eýsem, tutuş Angliýanyň Premýer-ligasyny...

Dowamy »

13 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 day ago

Messi Argentinanyň ýygyndysyndaky hoşlaşyk duşuşygynda bir gol geçirip, iki golly pas berdi

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany Lionel Messi milli topardaky soňky duşuşygyny geçirdi. 6-njy oktýabrda Buenos-Aýresdäki «Monumental» stadionynda geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda argentinalylar Beniniň ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňdiler. Duşuşyga tomaşa etmäge 85 müňe golaý janköýer geldi.
39 ýaşly Messi üçin bu Argentinanyň ýygyndysy...

Dowamy »

31 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 4 days ago

Aziada – 2026 oýunlarynyň jemleri: Türkmenistanyň ýygyndy topary çykyşlaryny iki sany kümüş medal bilen tamamlady

Ýaponianyň Nagoýa şäherinde XX tomusky Aziýa oýunlary tamamlandy. Bu oýunlarda Türkmenistanyň ýygyndy topary iki sany kümüş medal gazanyp, umumy medallar hasabynda 31-nji orny eýeledi.
Ýatladyp geçsek, karateçi Dawut Nazmyradow 75 kg çenli agram derejesinde finalda eýranly Morteza Nematä ýeňilip (3:4), kümüş medala eýe boldy. Agyr atletikaçy...

Dowamy »

34 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 6 days ago

«Real-yň» 50 müň sahypalyk arzasyndan soň UEFA «Barselona» garşy işi täzeden derňäp başlady

UEFA Madridiň «Real» klubunyň şikaýatyndan soň, «Barselona» garşy «Negreýra işi» boýunça derňewi gaýtadan başlatdy. Madrid kluby bu işe degişli, takmynan, 50 müň sahypalyk resminamany Ýewropa futbol birleşigine (UEFA) gowşurdy diýip, As neşiri habar berýär.

2001–2018-nji ýyllar aralygynda «Barselona» Ispaniýanyň Patyşalyk futbol fede...

Dowamy »

36 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

«Arkadag» Türkmenistanyň çempionatynda yzly-yzyna dördünji gezek çempion boldy

«Arkadag» futbol kluby Türkmenistanyň Ýokary ligasynda möhletinden öň ýeňiji boldy. Adybir şähere degişli topar yzly-yzyna dördünji gezek çempionlygy gazandy diýip, Türkmenistanyň futbol federasiýasy habar berýär.

Çempionlygyň ykbalyny soňa goýlan iki duşuşyk kesgitledi. 28-nji sentýabrda 23-nji tapgyryň oýunlarynyň çäginde «Arkadag»...

Dowamy »

37 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 week ago

Türkmenistan Samarkandda geçirilýän Bütindünýä küşt olimpiadasynda üstünlikli çykyş edýär

Türkmenistanyň erkekler we zenanlar ýygyndy toparlary Samarkandda geçirilýän Bütindünýä küşt olimpiadasynda üstünlikli çykyş edýärler. Iki toparyň hem öz başlangyç reýtinginden 30 — 40 basgançak ýokarda bolup, üçünji onlukda barýandygy barada TKF-niň metbugat beýanatynda habar berilýär.
Alty tapgyrdan soň Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy 20...

Dowamy »

44 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

«Küýsedim, ine-de, gaýdyp geldim!»: Serdar Azmun ýene Eýran ýygyndysyna çagyryldy

Birleşen Arap Emirlikleriniň «Şabab Al-Ahli» klubunyň hüjümçisi Serdar Azmun ýene-de Eýranyň milli ýygyndysynyň düzümine goşuldy. Futbolçy Özbegistana we Russiýa garşy ýoldaşlyk duşuşyklarynyň öňüsyrasyndaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna çagyryldy.
Serdar özüniň gaýdyp gelmegine sosial torlarda şeýle teswir berdi:
«2014-nji ýyldan bä...

Dowamy »

49 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Ronaldu türgenler hakdaky seriala gatnaşar

Vice TV teleýaýlymy sport dünýäsindäki jedelli şahsyýetler barada gürrüň berýän «Everybody Hates» («Hemme kişi ýigrenýär») atly dokumental antologiýa serialyny çykarmaga taýýarlanýar.
Variety neşiriniň habar bermegine görä, serialda meşhur türgenleriň nähili ýagdaýda millionlarça adamyň hem söýýän, hem ýigrenýän şahsyýetlerine öwrülişi hakyn...

Dowamy »

48 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

UEFA-nyň Milletler ligasynyň 2026/27 möwsümi Zidanyň, Hawiniň we Kloppyň ýygyndylarynyň gatnaşmagyndaky duşuşyklar bilen başlanýar

UEFA-nyň Milletler ligasynyň 2026/27 möwsüminiň toparçalaýyn tapgyry 24-nji sentýabrda başlanýar we ol 17-nji noýabra çenli dowam eder. Ýaryş örän ýygy tertipde geçiriler: 24-nji sentýabrdan 6-njy oktýabra çenli toparlar dört duşuşyk geçirerler, jemleýji iki tapgyr bolsa 12–17-nji noýabrda geçiriler.
24–29-njy sentýabrdaky duşuşyklaryň doly...

Dowamy »

48 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Türkmen türgenleri Ýaponiýada geçirilýän Aziýa oýunlarynda çykyş edip başladylar

Türkmen türgenleri 19-njy sentýabrda Ýaponiýanyň Nagoýa şäherinde açylan we 4-nji oktýabra çenli dowam etjek XX tomusky Aziýa oýunlarynda çykyşlaryna başladylar.
Oýunlaryň açylyş dabarasy 19-njy sentýabr agşamy «Mizuho Park» stadionynda geçirildi. Bu Ýaponiýanyň taryhynda 1958-nji ýylda Tokioda we 1994-nji ýylda Hirosimada geçirilen Aziýa oý...

Dowamy »

56 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Türkmen samboçylary Duşenbede geçirilen Sambo-2026 boýunça dünýä kubogynda 4 medal gazandylar

Türkmen ýygyndysy Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde 19–20-nji sentýabrda geçirilen Sambo-2026 boýunça dünýä kubogynda dört medal gazandy.
2026-njy ýylyň halkara sambo senenamasyndaky esasy ýaryşlaryň biri bolan bu ýaryşa Awstraliýanyň, Azerbaýjanyň, Belarusyň, Bolgariýanyň, Gondurasyň, Gruziýanyň, Ysraýylyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň...

Dowamy »

59 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago

Mane dogduk obasyny ösdürmäge we iş orunlaryny döretmäge $20 mln maýa goýdy

«Liwerpulyň» öňki hüjümçisi, häzirki wagtda «Al-Nasr» klubunda çykyş edýän Sadio Mane öz watanynda uly taslama badalga berdi. Senegally futbolçy öz dogduk obasy Bambalide bahasy 20 million dollara deň bolan ägirt uly oba hojalyk toplumynyň gurluşygynyň başlanýandygyny yglan etdi.
SM10 Agro adyny alan kärhananyň düýbi eýýäm tutuldy, gurluşyk...

Dowamy »

63 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago

Messi karýerasynda 49-njy kubogyny gazandy we rekordyny täzeledi

Lionel Messi «Inter Maýami» klubuna «Krus Asul» toparyny 2:0 hasaby bilen utmaga we ilkinji gezek Kampeones kubogyny gazanmaga kömek etdi. Argentinaly hüjümçi üçin bu professional karýerasynda 49-njy kubok boldy. Ol toparlaýyn gazanylan titullaryň sany boýunça dünýä rekordyny täzeledi.
Messi birinji ýarymyň ortasynda Luis Suares topy geçiren...

Dowamy »

69 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago

Bekhem: Messi şu ýyl «Altyn top» baýragyny almaga mynasypdyr

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany, şeýle hem «Inter Maýami» klubynyň bilelikdäki eýesi Dewid Bekhem 39 ýaşly argentinaly Lionel Messiniň şu ýylyň netijeleri boýunça «Altyn top» baýragyna mynasypdygyny aýtdy.
Bu baýragyň sekiz gezek eýesi Messi 2026-njy ýylyň «Altyn topy» üçin dalaşgärleriň 30 adamlyk gysga sanawyna girdi. Çarşenbe...

Dowamy »

71 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Aziýa-2026 oýunlarynda çykyş etjek düzümi belli boldy

XX tomusky Aziýa oýunlarynyň resmi saýtynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň 2026-njy ýylyň 19-njy sentýabryndan 4-nji oktýabryna çenli Ýaponiýanyň Nagoýa şäherinde we Aýçi prefekturasynda geçiriljek ýaryşlara gatnaşjak düzümi yglan edildi. Guramaçylaryň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine 34 türgen — 25 erkek we 9 zenan türgen gi...

Dowamy »

75 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago

Keniýa taryhda ilkinji gezek ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyny kabul eder

Keniýa ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyny kabul etjek ilkinji Afrika ýurdy bolar. Ýaryş 2029-njy ýylda geçiriler. Ýaryşyň ýurduň paýtagty Naýrobi şäherindäki 48 müň tomaşaçy üçin niýetlenen «Kasarani» stadionynda geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Ýaryşy geçirmek hukugy ugrunda Naýrobiden başga-da London we Rim şäherleri bäsleşdi. Emma ola...

Dowamy »

83 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago

Astana 2028-nji ýylda UEFA-nyň Superkubogy ugrundaky duşuşygy kabul eder

2028-nji ýylda UEFA-nyň Superkubogy ugrundaky duşuşyk Gazagystanyň paýtagty Astana şäherindäki «Astana Arena» stadionynda geçiriler. Bu barada Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň birleşiginiň (UEFA) resmi saýty habar berýär. Degişli karar UEFA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisinde kabul edildi.
2027-nji ýylda UEFA-nyň Superkubogy ugrundak...

Dowamy »

79 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago

Mýunhen 2028-nji ýylda, Barselona bolsa 2029-njy ýylda Çempionlar ligasynyň final duşuşygyny kabul eder

2027/28-nji futbol möwsümde UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň final duşuşygy Mýunhen şäherinde geçiriler. Degişli karar Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň birleşiginiň (UEFA) Ýerine ýetiriji komitetiniň Salonikide geçirilen mejlisinde kabul edildi.
UEFA-nyň resmi saýtynyň habar bermegine görä, duşuşyk 2028-nji ýylyň 27-nji maýynda «Arena Mýunhen»...

Dowamy »

77 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago

«Arkadag» we «Al-Muharrak» AFK-2 Çempionlar ligasyndaky duşuşygyň öňüsyrasynda metbugat maslahatyny geçirer

Türkmenistanyň «Arkadag» we Bahreýniň «Al-Muharrak» futbol klublary 14-nji sentýabrda, duşenbe güni AFK-2 Çempionlar ligasy ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ilkinji duşuşygynyň öňüsyrasynda «Arkadag» stadionynda metbugat maslahatyny geçirerler. Çäräniň başlanýan wagty ýerli wagt bilen 18:00-da.
Metbugat maslahatyna iki toparyň baş tälimçile...

Dowamy »

77 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago