bir bar eken, bir ýok eken. gadym zamanlarda bir patyşa bar eken, özi adyllykda bir gyly iki ýarar eken. günlerde bir patyşa pikir edip otyrka, öz öňünde: “ynsanyň, haýwanyň erbedini nädip tanamak bolar?” diýen soragy goýupdyr. şol bada-da: “hä, tapdym, adamyň erbedi patyşa, malyň erbedi gatyr, guşuň erbedi bolsa alahekge bolar” diýip, pikirini jemläp oturyberipdir. patyşa hemme ilatyny ýygnap: - meniň üç sany soragym bar, şony kim bilse, özüme wezir edip aljak - diýipdir. onda märeke: - aýt-da, aýt - bolşupdyr. patyşa: - adamyň, malyň, guşuň erbedini on günüň içinde maňa aýdyp bermeli - diýipdir. onda märekäniň içinden üç sany adam: - patyşam, rugsat bolsa, biz bir synansak - diýipdir. patyşa: - bolýar, rugsatdyr, bilip geliň - diýipmişin. ondan soň ýaňky üç adam patyşanyň ýumşuny bitirmek üçin ýola rowana bolupdyr. bulara ýolda bur gotur düýe sataşypdyr. olar: - hä, malyň şundan ýamany bolmaz, bize hudaý berdi, geliň, muny tutalyň - diýip, ony tutup, özleri bilen alyp gidiberipdirler. ýene-de gidip barýarkalar, bularyň öňünden çypar köse adam çykypdyr. bular: - hä, adamyň şundan aýylganjy bolmaz, muny hem bize alla berdi - diýip, ony-da özleri bilen alyp gidiberipdirler. ýene-de gidip barýarkalar, bularyň öňünden bir ganaty döwük garga çykypdyr. bular: - şundan erbet guş bolmaz, indi patyşanyň üç sany soragynyň üçüsiniň-de jogaby jem boldy - diýşip, bu gargany hem özleri bilen alyp, yzlaryna gaýdyp gelýärler. bu üçüsi yzyna gaýdyp gelýärkä, bularyň öňünden bir guýy çykýar. şu guýynyň başynda otyrkalar, bularyň ýanyna bir çopan gelýär. bu çopan bular bilen saglyk-amanlyk soraşyp: - ýeri, ugur haýyr bolsun, bu ýerde näme işleýärsiňiz? - diýip sorapdyr. onda ol üç adam: - bizi patyşa şunuň ýaly iş bilen iberdi. ine, biz bolsak şulary tapdyk, şulardan erbet adam, mal, guş bolmaz - diýipdir. oňa çenli çopanyň goýunlary hem suwa inipdir. çopan: - örän ýagşy, siz patyşanyň adamlary ekeniňiz, siz arkaýyn oturyň, men goýun soýup, size söwüş edeýin - diýip, ýaňky çopan bir goýny soýup, nahar taýýar edipdir. çopan bulara nahar, çaý berip bolandan soň: - bu alyp barýan zadyňyzdan patyşanyň isleýän jogaby çykmaz, bulary goýberiň, men size patyşanyň isleýän jogabyna ýarajak zatlaryny salgy bereýin, ýöne siz meniň adymy oňa aýtmaň - diýipdir. bular: - biz seniň adyňy aýtmarys, ýöne sen bize patyşanyň jogabyny aýdyp berseň bolýar - diýipdirler. çopan: - adamyň erbedi patyşa bolar, malyň erbedi gatyr bolar, guşuň erbedi alahekge bolar diýip aýtsaňyz, patyşa kanagatlanar - diýipdir. bular begenip, çopandan bu zatlaryň erbet bolýandygynyň sebäbini hem soraman, patyşanyň ýanyna ugranlar. bular bärden baryp: - patyşam, siziň soraglaryňyzyň jogabyny tapdyk - diýipdirler. onda patyşa: - hany, onda aýdyň, adamyň erbedi haýsy bolar? - diýip soran. onda olar: - patyşam, adamyň erbedi patyşa bolýar - diýenler. patyşa onuň sebäbini sorapdyr welin, olar aýdyp bilmändirler. patyşa syr duýdurman: - bolýar, malyň erbedi haýsy bolýar? - diýip soraýar. bular: - malyň erbedi gatyr bolýar - diýip jogap berýärler. patyşa munuň hem sebäbini sorapdyr, emma olar jogap berip bilmändirler. patyşa ýene-de syr duýdurman: - onda guşuň erbedi haýsy bolýar? - diýip soraýar. - patyşam, guşuň erbedi alahekge bolýar. patyşa munuň hem sebäbini soranmyşyn, emma olar sebäbini aýdyp bilmänmişler. “be, bular meniň soraglarymyň jogaplaryny bildiler, emma sebäplerini aýdyp bilmeýärler, elbetde, bulara akylly adam öwreden bolmaga çemeli, gel, men bulary sykajaga salaýyn” diýip, patyşa öz içinden oýlanan. patyşa: - ýagşy ýigitler, size bu zatlary kim öwretdi? - diýip soraýar. - patyşam, biziň özümiz bilýäris. patyşa: - ýok, size biri öwredipdir, şuny size kim öwreden bolsa, şony alyp geliň - diýip, olaryň ýanlaryna bir ýasawul hem goşup goýberipdir. bular hälki çopanyň ýanyna baryp: - seni patyşa çagyrýar - diýip, özleri bilen alyp gaýtjak bolupdyrlar. onda çopan: - how, adamlar, men bir çopan adam, men kişiniň malyny taşlap gidip bilmerin ahyry, ýörüň, mallary eýesine tabşyralyň, ondan soň gideliň - diýenmişin. şondan soň, mallary sürüp eltip, eýesine tabşyranlar we çopany patyşanyň ýanyna alyp baranlar. patyşa: - ýeri, ýagşy ýigit, seniň adyň näme, näme edýärsiň? - diýipdir. çopan: - meniň adym aýaz, kärim bolsa çopançylyk - diýenmiş patyşa: - aýaz han, “adamyň erbedi patyşa, malyň erbedi gatyr, guşuň erbedi alahekge” diýip, bulara sen öwretdiňmi? - diýipdir. aýaz: - hawa, özüm-ä bir zatlar aýdypdym, ýöne: “meniň aýdanymy aýtmaň” diýip tabşyrypdym - diýenmiş. patyşa: - ol zatlaryň zyýany ýok, ýöne sen ýaňky zatlaryň erbetdiginiň sebäbini aýdyp ber - diýýär. aýaz: - patyşanyň erbetdiginiň sebäbi, başga adamyň güýjünden peýdalanýar, hiç kime zat bermeýär, şonuň üçin adamyň erbedi patyşa bolýar. malyň ýamanynyň gatyr bolýandygynyň sebäbi-de, ol owal gargyş siňen haýwandyr, özünden hem hiç wagt tohum ýaýramaýar, onuň üçin bolsa gatyr iň erbet mal bolýar. guşuň erbedi bolsa, alahekge bolýar, çünki ol janawer agzyndan guzlaýar - diýip, patyşanyň soraglarynyň jogabyny pert-pert aýdyp berenmişin. patyşa: - aýaz han, hemme aýdanlaryň dogry, çykar çarygyňy - diýip, oňa gowy geýimler geýdirip, ony özüne wezir edinenmişin. aýaz hem çarygyny öz ýany bilen alyp, ony hemmä görnüp durar ýaly bir ýerden asyp goýanmyşyn. günlerde bir gün aýaz hanyň bir zada gahary gelmäge başlaýar welin, onuň gözi birden öz çarygyna düşüp: “haý-haý, aýaz han, çarygyňa bakarak bol! düýn sen-de bir ýönekeý çopandyň, bu günki gün wezir boldum diýip, tumşugyňy al-asmana tutýaň” diýip, öz-özüne töwella edip, pälinden gaýdanmyşyn. aýaz hanyň üç sany ogly bolýar, bular okuwly bolup ýetişýärler. patyşa-da bir gün ölýär. aýaz hany bolsa, onuň ýerine patyşa edenmişler. aýaz han köp wagtlap adyllyk bilen patyşalyk sürenmişin. ol indi gaty garranmyşyn. aýaz han oglanlaryny öz ýanyna çagyryp: - eý, ogullarym, men indi gaty garrapdyryn. siz menden näme harajat gerek bolsa alyň-da, başga şäherlerde ýaşaberiň. men ölemden soň, sizi patyşa ederlermi, etmezlermi, hudaý bilsin, gerek bolsa halkyň özi tapar - diýipdir. şundan soň aýaz hanyň oglanlary atasynyň maslahatyna gulak salyp, gerek harçlaryny hem alyp, başga bir şäherde ýaşamak üçin hoşlaşyp, ýola düşüpdirler. bular ýol bilen barýarkalar, ýolda bir düýäniň yzyny görüpdirler. onda iň uly dogany: - şu düýe erkek eken-ow - diýenmiş. ortanjysy: - şu düýe erkek bolsa, guýrugy küle eken-ow - diýen. kiçi dogany: - şu düýe erkek bolsa, guýrugy hem küle bolsa, bir gözi hem kör eken-ow - diýen. bular aňyrrak baranlarynda, ýolda bir adamyň yzyny görüpdirler. uly dogany: - şu yz aýal adamyň yzy-ow - diýen. ortanjy dogany: - şu yz aýal adamyň yzy bolsa, öz-ä gaçyp barýan bolmaga çemeli-ow - diýenmiş. iň kiçileri: - şu yz aýal adamyň yzy bolsa, özem gaçyp barýan bolsa, onda şu göwreli eken-ow - diýenmiş. bular aňyrrak baranlarynda, bularyň öňünden bir atly çykyp, saglyk-amanlyk soraşyp: - halypalar, heý bir düýe gören dälsiňiz-dä? - diýip sorapdyr. onda olaryň ulusy: - ýok, düýe göremzok, ýöne düýäň erkekmidi? - diýenmişin. atly: - hawa - diýipdir. ortanjysy: - halypa, düýäň guýrugy külemidi? - diýen. atly: - hawa - diýenmiş. kiçi dogany: - halypa, düýäň bir gözi körmüdi? - diýipdir. atly: - hawa, asyl siz meniň düýämiň hemme salgysyny berýärsiňiz welin, ýene-de: “göremzok” diýýärsiňiz. meniň düýämi siz hökman bilmeli, men düýämi sizden alaryn - diýip, bu atly dawagär bolup, bularyň yzyna düşüp gidiberenmiş. bular gidip barýarkalar, bularyň öňünden iki sany adam çykyp, amanlyk-saglyk soraşyp: - heý, ýolda bir adam-a gören dälsiňiz-dä? - diýip soran. - ýok, biz adam görmedik, ýöne ol aýal adammydy? - hawa. - ol gaçyp barýan aýalmydy? - hawa. - ol aýal göwrelimidi? - hawa. onda ol iki adam aýdan: - siz biziň gözleýän adamymyzyň hemme salgysyny berýärsiňiz welin, ýene-de “görmedik” diýýärsiňiz. biz gözleýän adamymyzy sizden alarys - diýip, bu ikisi-de bularyň yzyna düşüberenmiş. bular bir şähere baryp, bir saraýdan kireýine öý alyp, ýaşamaga başlapdyrlar. ondan soň, ýaňky töhmet edýän dawagär adamlar patyşanyň ýanyna baryp arz edipdirler. patyşa hem ýasawul iberip, üç dogany çagyrypdyr. olar gelenden soň, patyşa saglyk-amanlyk soraşyp, düýe ýitireniň arzyny soramaga başlapdyr. düýe ýitiren: - patyşam, bu adamlar meniň ýitiren düýämiň erkekdigini, guýrugynyň küledigini, gözüniň kördügini öz agyzlary bilen aýdýarlar, emma: “düýäňi göremzok” diýýärler. eger bular düýäni görmedik bolsalar, onuň hemme salgysyny nähili bilýärler? - diýenmiş. onda patyşa üç dogandan habar sorapdyr. iň ulusy: - erkek düýäniň syňraklarynyň arasy giň bolýar, men onuň yzyny görenimde, şondan erkekdigini bildim - diýen. ortanjysy: - ol düýe ýoluň ortasynda gumalaklapdyr, eger guýrugy küle bolmadyk bolsa, ýoluň iki gapdalyna gumalaklardy. men şondan bilýärin - diýenmişin. iň kiçi dogany: - ol düýe hemişe ýoluň bir tarapyndan otlap gidipdir, şondan men onuň bir gözüniň kördügini bilýärin - diýenmişin. ondan soň patyşa aýal ýitiren iki adamyň arzyny diňläpdir. olar: - patyşam, bular aýalyň ýitendigine, onuň gaçyp barýandygyna, göwrelidigine çenli salgy berýärler-de, ýene-de: “biz göremzok” diýýärler. ine, biz şuňa haýran - diýenmişler. patyşa: - siz ol aýaly gördüňizmi? - diýip sorapdyr. olar: - ýok, patyşam, biz yzyny görüp bildik - diýenmişler. patyşa: - men hem bir zat getirsem, şonuň içinde näme bardygyny biliň, eger bilmeseňiz siz ogry - diýenmişin. bular-da: - getir, getirseň - diýenler. patyşa bir sandygy getirip: - ine, şu sandygyň içinde näme bardygyny aýdyp beriň - diýen. bularyň ulusy sandygyň agzyna kakypdyr-da: - öz-ä sandygyň içindäki togalak zat - diýenmiş. ortanjysy: - özi togalak bolsa, daşam gyzyl bolmalydyr - diýenmiş. kiçileri: - özi togalak, daşy hem gyzyl bolsa, onda bu mazandyran narydyr - diýenmiş. patyşa sandygy açyp görse, içindäki dogrudan hem mazandyran narymyş. ondan soň patyşa bu arzaçylara: - siz malyňyzy hem-de ýitiren adamyňyzy başga ýerden gözläň - diýip, olara rugsat beripdir. şu üç dogany bolsa patyşa özüniň myhman tamlarynyň birinde ýerleşdirip, hormat-hezzet etmäge başlapdyr. patyşa agşam bu myhmanlara gowy palaw berip, bir ýasawulyna: - sen şu gapyň agzynda dur-da, şularyň gürrüňini diňle, näme gürrüň etseler, soň maňa aýdarsyň - diýenmiş. ýasawul hem diňläp durupdyr. bular nahar iýmäge başlamankalar, uly dogany: - şu patyşamyň gul-ow - diýenmiş. ortanjy dogany: - patyşamyz gul diýýärsiň welin, şu naharyň eti haram süýt emip ulalan malyň eti bolsa gerek - diýýär. kiçi dogany: - şu naharyň tüwüsi mazarlykda ekilipdir-ow - diýenmiş. bular naharlaryny iýmän, gije hem geplemän ýatypdyrlar. ýasawul hem bularyň eden gürrüňleriniň hemmesini bolşy ýaly, patyşa habar beripdir. patyşa haýdan-haý enesiniň ýanyna baryp: - ene, men gulmudyryn - diýipdir. onda enesi: - hawa, oglum, sen gulsuň. seniň ataň menden başga-da bir gyrnagy satyn alyp, özüne aýal edindi. ondan hem sen bolduň, menden bolsa bir gyz boldy, ol gyzy gyrnaga berdiler, seni bolsa maňa berdiler. ine, bu iş şeýledir, oglum - diýipdir. patyşa ondan soň et alnan adamy ýanyna çagyryp: - seniň şu günki soýan malyň haram süýt emdirilenmidi? - diýip sorapdyr. ol hem: - hawa, patyşam, bir owlagymyz bardy, onuň enesi öldi welin, ganjygymyzy emip ulaldy - diýenmişin. mundan soň, patyşa tüwi satany öz ýanyna çagyryp: - sen tüwini nirede ekipdiň? - diýip sorapdyr. bu adam: - men tüwini pylan mazarçylygyň ýanynda ekipdim - diýipdir. patyşa bu oglanlaryň akylyna haýran bolup, bulara kän hormat-hezzet edip, özüniň ýakyn maslahatçysy edip goýanmyşyn. ine, şeýlelik bilen aýaz han-da, onuň ogullary hem özleriniň işlerini paýhaslylyk bilen alyp barypdyrlar.
Aýaz han.
-
Bravo
12 years ago
- meşhur copy-paster :P
-
Dirol
12 years ago
- tuweleme yaltanman yazypsyn merw dos. Yene yetirip dur shular yaly temalardan
-
Makestm
12 years ago
- Sagbol merw dost heziledip okadym gyzykly eken yende bir gezek sagja bol yende $unýaly tema yetirip dur.
-
Filip
12 years ago
- Sag bol how! Yetirip dur!
-
Yegen
12 years ago
- Bir klasdashym bar, "azay han" diyip okayar shony
handsome1 12 years ago- pasiba :D