Samsung öz smartfonlaryny müşderiniň gös-göni ýanyna baryp, abatlap berýär
Samsung kompaniýasy özüniň Repair Bus ykjam hyzmat merkezleriniň ilkinji 18 aýyň dowamynda Ýewropanyň 12 ýurdunda 50 müňden gowrak abatlaýyş işlerini geçirendigini habar berdi.
Bu hyzmat Galaxy smartfonlarynyň we planşetleriniň eýelerine doly enjamlaşdyrylan abatlaýyş awtoulagyny özlerine amatly ýere — öýüne, iş ýerine ýa-da başga salgy boýu...
Hyundai täze Elantra 2027-ni görkezdi: batyrgaý dizaýn, täze motor, 100 km üçin bary-ýogy 4,4 litr ýangyç
Hyundai kompaniýasy Los-Anjelesdäki awtoulag sergisinde Elantra modeliniň sekizinji neslini görkezdi. 2027-nji model ýylynyň sedany öňki neslinden täze dizaýny we enjamlaşdyrylyşy bilen tapawutlanýar.
Awtoulagyň daşky dizaýny Art of Steel konsepsiýasyna laýyklykda işlenip düzüldi. Modeliň ganatlary öňküsinden giň, kapoty birneme süýri. Ulagy...
Xiaomi awtoulaglary ilkinji gezek daşary ýurt bazaryna çykdy
Xiaomi kompaniýasynyň awtoulag önümçiligi bilen meşgullanýan bölümi ilkinji gezek daşary ýurt bazaryna çykdy. Birleşen Arap Emirliklerinden (BAE) ýerli diler Gargash Prime hytaý kompaniýasynyň awtoulaglary üçin öňünden sargytlary kabul edip başlady.
Satyn alyjylara SU7 sedany, YU7 krossoweri hem-de güýç ätiýaçlygy ýokarlandyrylan gibrid SkyN...
Genesis täze nesil gibrid ulgamly ilkinji G80 sedanyny tanyşdyrdy
Genesis kompaniýasy Los-Anjelesde geçirilen awtoulag sergisinde G80 sedanynyň gibrid görnüşini tanyşdyrdy. Bu marka degişli sedan kysymly awtoulaglaryň arasynda täze nesil güýç ulgamy bilen enjamlaşdyrylan ilkinji modeldir. Bu barada Car and Driver neşiri habar berýär.
Öndürijiniň bellemegine görä, täze gibrid ulgam V6 hereketlendirijisiniň...
Internet taryhynda heniz beýle zat bolup görmändi: GTA 6 global internet trafigini sekuntda 33,03 terabite ýetirdi
Meşhur GTA 6 wideooýny internet trafigi boýunça dünýä rekordyny täzeledi. Halkara internet operatorlarynyň biri bolan DE-CIX kompaniýasynyň habar bermegine görä, oýnuň çykmagy bilen internet trafiginiň tizligi sekuntda 33,03 terabit derejesine ýetdi.
Bu rekord 18-nji noýabrda, oýun Täze Zelandiýada satuwa çykarylan güni hasaba alyndy. Oýnuň...
Aşgabat üç günüň dowamynda sanly tehnologiýalaryň merkezine öwrüler: «Türkmentel – 2026» barada nämäler mälim
24–26-njy noýabr aralygynda Aşgabatda dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan 200-den gowrak wekiliýetiň gatnaşmagyna garaşylýan «Türkmentel – 2026» halkara sergisi we ylmy maslahat geçiriler.
Forum sanly ykdysadyýeti ösdürmek, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny kämilleşdirmek we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça giň gerimli maksatnamalar...
Mask: Adamzat geljekde tas ähli energiýany Günden alar
Adamzat siwilizasiýany ösdürmek üçin möhüm bolan ähli energiýany Günden alar. Işewür Ilon Mask şeýle pikiri aýtdy diýip, TASS agentligi ýazýar.
Bu baradaky pikirini «X» sosial torunda paýlaşan telekeçi milliarder munuň matematiki kanunalaýyklykdygyny nygtady.
Ilon Mask öň birnäçe gezek emeli aňyň hasaplaýyş kuwwatlyklaryny Gün energiý...
EA 2030-njy ýyla çenli dünýäde 1,7 million iş ornuny döreder
Emeli aň 2030-njy ýyla çenli dünýäde iş orunlarynyň 1,7 million sap ösüşini üpjün eder diýip, Gartner agentligi çaklaýar. Emma şunuň bilen baglylykda, iş orunlarynyň 8,9 million azaldylmagyna sebäp bolar diýip, «Interfaks.ru» habar berdi.
«Hemmelerden beter EA-nyň ornaşdyrylmagyna ymtylýan guramalar emeli aňy işçi güýjüni çalyşmak hökmünde d...
Professor bir ýylda ýazan ylmy işini EA-nyň ýok edendigini gürrüň berdi
ABŞ-nyň Çikago unuwersitetiniň professory Uilýam Baude emeli aňyň tutuş ýylyň dowamynda ýazan ylmy işlerini ýok edendigini habar berdi diýip, «Dexerto» ýazýar.
Ol «Claude» neýrotorundan konstitusion hukuk boýynça köne ýazgylarynyň sahypalarynyň san belgisini täzelemegi haýyş edip, günortanlyk naharyna gidipdir. Haçanda dolanyp gelende, neýro...
Mercedes-Benz awtoulagyň aýnalaryny ekrana öwrer
«Mercedes-Benz» kompaniýasy awtoulagyň aýnalaryny displeý hökmünde ulanmaga mümkinçilik berýän tehnologiýalary işläp düzdi. Kompaniýa bu çözgütlere ulagyň daşky gurşaw we ýolagçylar bilen aragatnaşyk saklamagynyň geljegi uly serişdesi hökmünde garaýar.
Gapdal aýnalara ýokary çözgütli şekilleri emele getirýän kiçijik LED-leri ornaşdyrmak tekl...
«Google» bäş ýurtdaky işgärlerine meýletin işden çykmagy teklip etdi
«Google» amerikan kompaniýasy Germaniýadaky, Kanadadaky, Fransiýadaky, Şweýsariýadaky we Ýaponiýadaky işgärlerine çykdajylary azaltmak maksatnamasynyň çäklerinde meýletin işden çykmagy teklip etdi. Bu barada «Reuters» agentligi çeşmelere salgylanmak bilen habar berdi diýip, TASS ýazýar.
Kompaniýa şeýle etmek bilen, tygşytlanan maliýe serişde...
Türkiýede 15 ýaşdan kiçi çagalar üçin sosial torlara gadaganlyk güýje girdi
Düýn, ýekşenbe güni Türkiýede ýaşy 15-den kiçi bolan çagalara sosial torlara girmegi gadagan edýän kanun güýje girdi. Bu aprelde parlament degişli kanun kabul edenden soňra amala aşyryldy diýip, «Daily Sabah» neşirine salgylanýan «rg.ru» ýazýar.
Kanuna görä, 15 ýaşdan kiçilere sosial torlarda hasaba durmak ýa-da akkaunt açmak gadagan edilýär...
Hytaý 2030-njy ýyla çenli Aýda adam gondurmagy meýilleşdirýär
Hytaý ilkinji dolandyrylýan maksatnamanyň çäklerinde 2030-njy ýyla çenli Aýda iki adam gondurmagy meýilleşdirýär. Bu barada dolandyrylýan kosmos maksatnamasynyň baş inženeriniň orunbasary Wan Sýan Pekinde geçen kosmonawtika boýunça ýedinji maslahatdaky çykyşynda habar berdi.
Hytaýyň Aýa uçuş maksatnamasynyň birinji düzümine üç adam girer. Tu...
Italiýaly inženerler Ferrari 308 modeliniň döwrebap görnüşini tanyşdyrdy
Italiýanyň AC Motorsport we Michelotto kompaniýalary Ferrari 308 GTB modeliniň esasynda döredilen Michelotto Gruppo 4 Tributo atly sport awtoulagyny tanyşdyrdylar.
Täze awtoulag nusgawy italýan sport ulaglarynyň dizaýnyny döwrebap gurluş, atmosferaly V8 hereketlendirijisi we mehaniki geçirijiler gutusy bilen utgaşdyrýar.
AC Motorsport...
NASA 2028-nji ýylda Aýa astronawtlary gondurmagy meýilleşdirýär
ABŞ-nyň kosmos barlaglary boýunça NASA edarasy «Artemida-4» maksatnamasynyň çäklerinde 2028-nji ýylda Aýda astronawtlary gondurmagy meýilleşdirýär diýip, «news.by» habar berdi.
Edaranyň ýolbaşçysy Jared Aýzekman žurnalistler bilen metbugat maslahatynda bu barada: «Biz amerikalylaryň Aýa 2028-nji ýylda dolanyp barmagy üçin ähli şertleri döred...
Niderlandlarda gullukçylaryň 25 müňüsi EA bilen çalşylar
Niderlandlaryň Hökümeti emeli aňy ornaşdyrmak maksatnamasynyň çäklerinde döwlet gullukçylarynyň 25 müňe golaýyny azaltmakçy bolýarlar diýip, «Bloomberg» agentligine salgylanýan «rg.ru» habar berdi.
Netijede, 2035-nji ýylda býujet her ýyl 3,5 milliard ýewro tygşytlar diýlip garaşylýar. Işgärleriň kemeldilmegi, esasan, minsitrliklere, inspeksi...
Özbegistanda «Apple Pay» we «Google Pay» işläp başlady
«Apple Pay» we «Google Pay» galtaşyksyz töleg hyzmatlary Özbegistanda işe girizildi. Bu barada Respublikanyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewe salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.
«Men gowy habary siziň bilen paýlaşýandygyma şatlanýaryn: Şu gün Özbegistanda ahyrsoňy «Apple Pay» we «Google Pay» işläp başlady» diýip, Mirzi...
Hytaýdaky sergide suwasty syýahat enjamy bilen tanyşdyryldy
Hytaýyň Şençžen şäherinde geçen Suw ykdysadyýeti sergisinde syýahatçylar üçin suwasty enjam (batiskaf) bilen tanyşdyrdylar diýip, «iz.ru» ýazýar.
Batiskaf 200 metre çenli çuňluga çümmäge ukyplydyr. Aýnaly gurnamadan ybarat enjam suwasty dünýäni synlamaga mümkinçilik berýär. Uzynlygy 3,7 metr, agramy 5 tonna töweregi bolan enjam eýýäm işewürl...
Florida polisiýasy uçýan elektromobilden peýdalanyp başlar
ABŞ-nyň Florida politehniki uniwersiteti okuw şäherçesinde gözegçilik etmek we adatdan daşary ýagdaýlara dessin jogap bermek üçin «Jetson ONE» atly elektromobili ulanmagy meýilleşdirýär. Bu taslama şahsy uçýan enjamlaryň polisiýanyň işinde näderejede peýdaly bolup biljekdigini barlamaga mümkinçilik berer.
«Jetson ONE» elektrik hereketlendiri...
GAR-ly ýazyjy zenan EA-nyň kömegi bilen 371 kitap ýazdy
Günorta Afrikada ýaşaýan Koral Hart edebi lakamly ýazyjy zenan soňky 20 aýda 371 kitabyny çap etdirdi, olary emeli aňyň kömegi bilen ýazdy diýip, ýerli EWN radioýaýlymyna salgylanýan TASS habar berdi.
2025-nji ýylyň fewralynda Hart emeli aňyň kömegi bilen kitap ýazmaga başlady. Ondan öň 14 ýyl neşirýatda işledi we nusgawy usulda birnäçe çaga...