gazaply kazy deý, mydam başymda sagat çot kakyp dur şyk-şyk-şyk. düýnuň özem garaşýardym ýaşlyga, bu gün bolsa, geçip barýar şo ýaşlyk» bir zada düşünýän; şowhunly günler al atymy çapyp ýören haladym, öňümden çykana gül ýaşlygymy hormat ezdip, sowgat kimin paýladym. jomartlygym üçin «sagbolsunlara» ýüzüm göge tutup göçer ýörerdim. ýaşlygymy gerekmejek dostlara hem boş söhbetlere seçer ýörerdim. öwgülerden humar bolup, gijeler «alyň!» diýip, kişiň gapysyn kakdym. ýaşlygmy gül edip, jomartlyk bile, söýmeýän gyzlarmyň döşüne dakdym. men- ony boş gijelere paýladym. men ony boş gürrüňlere paýladym. ine, bu gün uly döwletden galan köpüklermi ahmyr bilen sanadym. neçün beýle bolýar? ilki ýalňyşyp, soňra ökünç bile egilip ýörüs! jaýymyzy çilim çekip, tüsseläp, soňra tüssämize bogulyp ýörüs! ah, bu gün säherem şeýle bir çytyk, bolaýmagy mümkin tüýs ýagyşly gün. ýaşlygymyz ýitirenok hiç zady, biz özümiz ýitirýäris ýaşlygy... gurbannazar eziz