i-bölümi dem almaga howa ýetmeýärdi. biz myhmanhanadaky otagymyzyň gapysyny, aýnalaryny giňden açdyk. azajyk-da bolsa howanyň hereket etmegini, şemalyň öwüsmegini göwün arzuw edýärdi. hammamdan çykan ýaly bolup, jaýyň ortasynda gara dere batyp duran annaberdi: — tamyň diwaryny aýyrsaňyz-da geljek zat ýok, onuň üçin azara galman, gowusy derýa boýna gideliň. belki, ol ýeriň ýagdaýy gowurakdyr. men eýýäm polotensamy çalşyrmasam bolanok. ýogsam, muny ýaňyja elime alypdym — diýdi. bu maslahat maňa-da, biziň üçünji ýoldaşymyz mämmetdurda-da ýaraman durmady. — gogolyň pomeşigi ýaly gün batýança, suwa girip otursaňyz-da men bar. gideliň. derýa däl, men-ä deňze-de gitmäge taýýar. barybir bu gün bize garaşyp duran iş ýok — diýmek bilen, mämmetdurdy geýnip başlady. biziň köwüşlerimiz-de, geýimlerimiz-de gyzgyn pejiň içinden çykarylan ýaly gyzypdy. geýnenimizden soň, ýagdaý öňküden-de agyrlaşdy. ýürek hopugyp, gözümiz garaňkyrady. demimiz içimize sygmaýardy. biziň şu wagtlar birje arzuwymyz bardy: her birimiz kelle ýaly buz ýuwdup, onuň bolsa içimizde yzygiderli eräp durmagyny isleýärdik. köçäniň ýagdaýy jaýyň içindäkiden-de erbetdi: asfalt alan hamyr ýaly ýumşapdy, mylkyldap ýatyrdy. köçedäki maşynlar rezinleriniň nagşyny yzlarynda galdyryp, agras ýöreýärdiler. agaçlar köp miwe getiren erik bagy ýaly başlaryny aşak egip oturýardylar, olaryň tozanly ýapraklary kyrkgünlük ýaly saralyp görünýärdi. adamlar duluklaryny ýyldyradyp, kölegäniň goýudan-goýusyny agtarýardylar. şäheriň depesindäki äpet gün has aşaklap, bürünç jam ýaly gyzaryp durdy. asfalt gutardy. köçäniň gelşigi gaçdy. öňümizde perde bolup duran tozan diwary gozganmaýardy. adamlar onuň aňyrsyndan girip, bärsinden çykýardylar. biz hem onuň bärsinden girip, saçymyzy “gyrawladyp” aňyrsyna çykdyk. uniwersiteti ýaňy gutaran, ýaş, orta boýly annaberdi-de, inçe burunly, inçe ýüzli, agaç et muhammetdurdy-da şahyrdy. emma olaryň häzirki görnüşlerinde hiç hili joşgun ýokdy. mämmetdurdynyň deri çykyp gutarypdy. ol indi bir zat sorasaň, jogap bermegiň ýerine ýüzüňe serederdi-de, agzyny açaýardy. mejaly gaçypdy. hemmämiziň aýagymyz agralypdy, daş baglanan ýalydy. annaberdi puşkiniň “gyş” diýen goşgusynyň birinji oýnamyny okady. munuň özi ýükümizi bir azajyk ýeňleden ýaly etdi. azajyk-da bolsa göwnümizi aldady. emma uzaga çekmedi. töwerekdäki hakykat goşgudan güýçlüräkdi. biz garly sowuk şemally ýanwar hakynda arzuw edýärdik. biz gary göz öňüne getirmäge synanýardyk, emma bolmaýardy. ol ýadymyza düşen badyna hyýalymyzda eräp gidýärdi. derýa boýuna gelmek bilen dünýä täzeden inen ýaly bolduk. suwa düşülýän saý ýere baryp, derrew özümizi suwa urduk. hezil etdik. soňra içki geýimlerimizi çalaja sykyşdyryp geýindik. alabeder bir şekile girip, pristanyň naçalniginiň kabinetinde peýda bolduk. naçalnik biziň öňümizde çaý goýdy. derýa durmuşyndan gürrüň bermäge başlady. geýimlerimiz öl-suwdy, onuň üstesine-de çaý içip derledik… umuman, ýagdaýymyz gaty düşnüksizdi. her kim köne dertli ýaly bugaryp oturýardy. bize üç adamlyk motorlyja gaýyk, ony sürüp bilýän adam gerekdi. naçalnik goňşy otagdaky sekretaryny çagyrdy. ol ýok eken. şonuň üçin onuň özi golaýdaky bir tama gidip gelmeli boldy. onuň aýaklary kelteden ýogyndy. naçalnigiň gujurly görnüşi bardy. ii-bölümi ýagdaý bütinleý üýtgeşdi: derýada ýuwaşja, salkyn şemal öwüsýärdi, motorly gaýyk çalt gidýärdi, bu çaltlykdan ýaňkyja şemal güýjeýärdi. keýpimiz kökeldi. adam begenende diline bat berýär, göterimli sözler tapýar. emma biziňki tersine bolup çykdy: biz bu ýagdaýa şeýle bir begendik weli, sözlemäge söz tapman, biri-birimiziň ýüzümize seredip ýöne: “weýt-weýt” diýip otyrys. jeýhunyň eredilen altyna meňzeş mele suwy bütin gözýetimi tutup, çalaja tolkunyp ýatyr. ilerimizden gamyşlyk kenar görünýär. gündogar bilen günbatardan hiç zat görnenok. derýanyň bu iki tarapy gözýetimde asman bilen birigýär. suwuň ýüzi poluň üsti ýaly tekiz, ýuwaşja şemal ony emaý bilen sypalaýar, şunuň netijesinde bolsa kiçijik örküçler emele gelýär. biziň gaýygymyz örküçjikleri ýaryp geçmek bilen olaryň müňüniň, millionynyň başyny bozýar, güýçli tolkunlar emele getirýär. suw guşlary uzyn ganatlaryny oýnadyp aşak inýärler, gyzyl injikleri bilen kiçijik tolkunlar emele getirip, ýene-de uçup gidýärler. çuň ýerlerde suw gaýnap duran ýaly bolup görünýär. diňe şu zatlar bolmasa, derýa günüň şu wagtynda gaty parahat görünýär. garagumuň tekiz, çägelik ýerlerini ýadyňa salýar. ahally mämmetdurdy her goşgusynda diýen ýaly amyderýanyň waspyny etse-de, “janly” derýany birinji gezek görýärdi. onuň owadan gara gözleri giňden açylyp, töwerege galawutly seredýärdi, bu gadymy suw dünýäsiniň ähli syrynyň bütin gözelliginiň, onuň ajysynyň-süýjüsiniň bir bada aňyrsyna ýetmek isleýän ýalydy. derýanyň beýik, haýbatly görnüşi onuň sussuny basdy. häzir onuň dilinden gözi kän “gepleýärdi”. onuň bar ünsi, ähli bolşy derýa berlipdi. jeýhunyň gamyşly, jeňňelli kenarlarynda önüp-ösen annaberdi özüniň “dogduk depesine” gelipdi. ol ör turup, döşüni şemala tutup, gündogara, kerki taraplaryna äňedýärdi, özüniň “dogduk depesini” agtarýardy. — eger gözýetim sähel aňyrrak süýşse, şu ýerde men size ýaşkam suwa düşen ýerlerimi görkezerdim — diýip, şahyr hyýallanýardy. — aý, ýog-a? — diýip, mämmetdurdy gözlerini giňden açyp, haýran galyjylyk bilen oňa seredýär. — oglan ahyry, heý, muňa-da düşüp bolarmy? ýalaňaçlanyp bu derýa özüňi oklamak – öz janyňa kast etmek bilen deň ahyry!.. bu wagt geň bir zat ýüze çykdy: biziň gämide bardygymyza, ýokdugymyza çigit ýalyjak ähmiýet bermän gelýän gämiçi, mämmetdurdy soňky sözüni aýdyp gutaryp-gutarmanka, birden yzyna öwrüldi, mämmetdurdynyň ýüzüne ullakan ala gözlerini öňküden-de giňeldip, gahar gatyşykly bir görnüşde seretdi. onuň bu garaýşyny menden başga hiç kim görmedi. bu garaýyşdan meniň inim tikenekläp gitdi… — ýeri, sen beri suw hakynda geplemesene — diýip, mundan habarsyz annaberdi mämmetdurda gülüp seretdi: — seniň öňünde bir kerseni suwdan dolduryp goýup: “gozganman otur, bolmasa gark bolarsyň” diýsem, gorkyňa on günläp oturyşyňy-da bozmarsyň… sen suw bilýärmiň, näme?! — päheý, sen-ä oňaraýdyňaýt. ynha, garagum kanalynyň ikinji nobaty gutarsyn bakaly, men seniň bu sözüňe onsoň jogap bererin… — ol başga mesele! şeýle-de bolsa gürrüň alyşmaýardy. her kim bu ajaýyp görnüşden köpräk täsir almak üçin öz pikiri, hyýaly bilen başyna gaýdy. munuň üstesine-de, gämiçi meni uly aladanyň aşagynda goýdy. men bar ünsümi oňa bermeli boldum. meniň başga zat bilen işim bolmady. gämiçiniň ady rozydy. uzyn boýly, hor, elleriniň, boýnunyň damarlary çykyşyp duran bu adamyň ýaşy altmyş bilen altmyş bäşiň arasyndady. eliniň, ýüzüniň hamy kömürçiniňki ýaly gap-garady. ullakan, ala gözleri ýitidi, olaryň agy gar ýaly akdy, garasy garamyk ýalydy. sakgalda, murtda, saçda agaran ýekeje-de gyl ýokdy. emma ýagyrnysy hökgüdi. inçe ýüzündäki giň maňlaýy agyrlyk edýän ýaly, rozy mydama başyny aşak salyp oturýardy. süňklek uzyn elleri, göwnüme bolmasa, uzadan ýerine ýetäýjek ýalydy. bu adam meniň gözüme başga dünýäniň adamy ýaly bolup görnüp başlady. bu gaty geň adamdy. gaýyga mündi-de, sürüberdi. “hemmäňiz mündüňizmi?” diýbem soramady. ugraly bäri biziň bilen bir gezek hem gürleşmedi. bu boluş meniň keýpimi gaçyryp başlady.

Köneler, Merw92 tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir