ÿok, meñzäñ diÿemok zöhre-tahyra, olañ güni, başyñyza düşmesin! ÿöne welin, eÿ , erkana aşyklar, siz arassa saklañ söÿgiñ çeşmesin.                           **** men akyl bermekçi bolamok size, men berenden entek juda ÿaş. ÿöne ÿatlaÿaryn, mukaddes zatdyr, säher çygy bilen zakgun dek gözÿaş.                          **** şasenem-garyba meñzäñ diÿemok, olaryñ takdyry duşmesin başa! ÿöne azat söÿgüde-de synag bar- äsgermezlik eden çeker endişe.                         **** hemme zat üÿtgeÿär dünÿäñ ÿüzünde, aşyklañ kanuny üÿtgänok diñe: ...wepadar bol-maña ÿar boljak bolsañ, ine merdanalyk diÿerler muña!                  **** ot ÿaly oglanlar öñüñden çykar, gözleri ataşdyr, sözleri şeker. üç gezek bükülip dyzyna çöker- buÿsanç bilen üstlerinden gülüp geç! :)                  **** ÿalan aşyk  bardyr entäk dünÿede, ÿalan sözem bardyr entäk dünÿede. baýramda, ballarda ýar sal ýada, başgalañ ýanyndan başga bolup geç!                    ***** goý, mukaddes kasam bolup ýańlansyn, ýaryñ ýañagyndan alnan ogşuklar. bir-birine berçinlensin kalbyńyz,  bagtly boluñ, bagtly boluñ aşyklar!:) awtory: berdinazar hudaÿnazarow :) kompÿalanam: merw92

Köneler, Merw92 tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir