dünýä meşhur kino eserleriniň biri («stalker» a. tarkowskiý) şeýleräk esasda alnypdyr. barylmasy gadagan edilen bir ýerde bir jaý bar. şol jaýa baryp kim näme dileg etse, şol bada hasyl bolýar. ertekä çalymdaş bu esas filimde örän hakyky, şeýle bir çynlakaý görkezilýär welin, film tamamlanýança soňy näme bilen gutararka diýip galpyldap geçýäň. içiňdenem, men bolsam nämäň dilegini ederdim diýýäň. ilki aňyňa gelýän zat imanyň, ýer ýüzüniň abadançylygy. biraz hususylaşýaň. dünýeden öten ejemiň, kakamyň o dünýesiniň, dirilerimiziňem hem o dünýesiniň, hem bu dünýesiniň abatlygy. olaryň içine özüňem, dost-ýarlaryňam goşýaň. soň... biraz şowlulygy, onsoň has şowlulygy... birdenem ýeke dilegiňe hemme zat bitip durberse diýip howp edýäň. hemme zat şowuna bolup dursa, aýagyň ýere basýanynam duýmarsyň, ökjäňem ýere degmez. emma, ynsanyň aýagy bir zada direnmese, howanyň basyşy döşünden itmese, gaýta onuň hereket etmesi kynlaşýar ahyryn... belki, çydap biljek derejäňde, özüňe mynasyp, biraz kynçylygam dilemelidir? ýeňip, öňe gideriň ýaly... öňde näme bar? ine mesele nämede! gowy aýlyk-günlük, aladasyz ýaşamakmy? eşret, kelläňi gyzdyryp, «görübilmedigiň gözi çyksyn» diýdirýän meslikmi? meslik, azgynçylga tarap açylýan gapyň açary dälmi näme? ozal, bu gapy ýapyk duran bolsa, indi açyk... hor ýaşasymyz gelenok, baý ýaşasymyz gelenok, biz üçin gyş sowuk, tomusam yssy. ýazyna-güýzüne-de bulutly howadan ýaňa gözümiz dümewden açylanok. bu ne gurluş, bu ne düzgün? belki hiç zadyň aladasyny etmeýän çagalygy, ýa-da esasan öz aladasy bien ýaşaýan gaýgysyz ýigitligi dilemelidir? emma, çagalyk sekundy, ýigitlik minudy, gojalygam sagadyň özüni görkezýän dillerine meňzeş. sagadyň näçedigi ýöremesi kyn uly dile görä kesgitlenýär. diýmek, mydam çagalykda ýaşamak, sekuntlarda, ýigitlikde ýaşamak minutlarda aýlanyp durmak boljak. dogry, olar aýlanmasa kiçi dilem manysyny ýitirer. emma «ömür sagadyň» diňe sekundy ýa-da minudy görkezip dursa? ýok, muny hiç kimem islemez. goý kyn bolsun, goý ejirli bolsun, dury asmanam gara bulutlara bürelip nagra çekmese, ýyldyrym çakyp bagryny para-para etmese, ýagmyr ýagmaz, ýer gurar. ömürem şeýle. maňlaýyňdan azap deri dammasa, kalbyňdaky yhlas guramak bilen. iň bärkisi pökgüni derwezä dürs depip bilmek üçinem her gün azyndan sekiz sagatlap der dökülýär. biz bolsak dileg bilen hemme işlerimiziň şowlap gidibererine garaşýas. birek-birege ýüz elli, iki ýüz ýaş dileýäris. soňam ýaşy segsenden aňan bir garryň gözgyny halyna ýüregimiz awaýar. şonda-da, ýüregimiziň töründe ýene dilegler otyr. dilegine görä, ynsan özüni tanadýar. çünki, ynsanyň dilegi – ýüregindäki islegi. şer isleýärmiň, haýyr isleýärmiň, ýüregiňde nämedir bir zadyň hatyrasyna günä işlerdenem gaýtmazlykmy ýatyr, ýa-da tersine, özüňe döz diýýän sogap işlermi – niýetiňden belli. bahylmyň, görüpmiň baryny dilegiň aýdyp dur. bir rowaýatda bir adama: «näme dileseň dile, ýöne goňşyňa iki esseläp berjekdiris» diýenlerinde, «bir gözümi oýuň, goý goňşymyň iki gözem oýulsyn» diýenmiş. elbetde, rowaýatyň tisgindiriji, ýatda galyjy häsiýeti bar. mümkin, durmuşda edil beýle-de däldir. ýöne, durmuşda bolýan zatlaryň rowaýatlardakydanam, islendik edebiýatdanam çökderdigini göre-göre gelýäris. bet päller, ýaman niýetler adamy şeýle bir ýolundan alýar, soň onuň adamdygyna ynanmak kyn düşýär. bir gezek daşary ýurtlaryň birinde dükandan ýönekeý bir haryt almakçy boldum. ol ýurduň pulundan kän bir başym çykmansoň, jübümdäki ählije pulumy dükança uzadyp näçe almaly bolsaňyz özüňiz alaýyň diýip yşarat etdim. ýanymdaky ýerli ilatdan bolan ýoldaşym derrew elimden çekdi. men alniçigsi bolup gitdim. näme boldy diýip soradym. ol pullarymy alyp dükançy bilen özi hasaplaşdy. biz dükandan çykdyk. - näme dükançy meni aldar öýtdüňmi? olam adam ahyryn? - hawa, adam. adam bolany üçinem, pullaryňy tekjä atyp, sen maňa onça pul bermediň diýibem, biler. ol adam, ýöne seniňem uzadýanyň pul... ýene bir gezek, bir üýşmeleňde kellesi gyzanyň biri: - belaň körügi, adamyň edýän hereketlerini günä diýip, sogap diýip bölüp ýörmekde. sogap bolmasa, günä-de bolmaz. isläniňi et, isleýişiň ýaly ýaşa. aldandyňmy, senem alda. utulmajak bol, biri saňa bir duzak gursa, sen oňa iki duzak gur – diýip, şeýle bir ters pikirleri ýöredýär, men onuň aýdanlarynyň bir toparyny mysalam getiresim gelenok. eger, olam öz pikirlerine görä dileg edäýse? onuňam dilegi kabul bolsa... içimden, «hernä, hemme zat dileg bilen bitmeýär!» diýdim. atam pahyr hakynda gürrüň berende ejem görgüli: «ýaşy segsenden geçensoň namazlykdan turmady. täret almaga çykar, elten nahar-çaýymy iýip-içer, ýene namazlykdadyr. namazyny okar soň şol dileg edip oturandyr» diýerdi. kakam pahyram ondan öwrenen bolsa gerek, her töwürden soň, köplenç: namarda zar etme, zalyma griftar etme, azdyrma, azana duçar etme. bu dünýede abraý, o dünýede iman ber – diýip, dileg ederdi. şowdan, şowsuzlykdan, kynçylykdan, ýeňillikden ýekeje agyzam ýok. ömürlerini kä şowly, kä şowsuz, kä kyn, kä ýeňil, emma dileýişleri ýaly abraý bilen ýaşap geçdiler. dilegleriniň birinji ýarymy kabul bolansoň, ikinji ýarymam kabul bolandyr diýip umyt edýän. ynsan nähili durmuşy islese, şonuň ýalam ýaşap geçip gidýär. oňa gadagan edilen, her dürli gorkunç duzaklardan doly ýoly geçip, bir jaýa-da girmek gerek däl. kim bilýär, aslynda şol jaý biziň öz jaýymyz, öz içerimizdir. gijemi, gündizmi, ýekemi ýa çagalaryň bilen birlikde, ýa-da her gireňde-çykaňdamy, nämäň dilegini etseň, nähili ýaşamak isleýän bolsaň şonuň ýalam ýaşap geçip gidýärsiň. arman, munuň şeýledigine adam örän giç düşünýär.
Dileg
-
turkmenntug
12 years ago
- manyly eken
-
Abadan
12 years ago
- Sonky wagtlar uzyn temalary okamana yaltanyadym welin bu tema okanyna degyan eken,hemem gaty manyly eken.
Hasam kakam pahyr her töwurde
namazda zar etme,
zalyma griftar etme
azdyrma,
azana ducar etme
bu dünýäde abray b,o dünýäde iman ber
dileyadi diyen yerinde ejem yadyma dusdi,ejemem elmydama töwurden son,hemem yatmazyndan on dilap yatyar,hasam abray köp dileyar. Menem kawagt "eje sobir zady dilap ýörsin"diýyan..
-
Kuraldyshy
12 years ago
- diysen manyly yazypsyn. hawa merw92,,, doga-dileg hakynda kan ayatlar bardyr bilişiniz yaly. we bu ayatlaryn teswiri diyen yaly magtymgulynyn goşgulary hem bar. könelerimizin dileglerine göz aylasan,,, gurhandaky dogalaryn manyzy alynypdyr diysen boljak. (manyzy diymek bilen,,, ansat yatda galar yaly we günlük mataç bolan dogalarymyzyn dilimizde aydylyşy).
sowatsyz türkmenler(!) muny gorap gelipdir, gelejege yetirmek hem bizin payymyza düşyar.
-
Bravo
12 years ago
- mena wagt maşynyny dilärdm =) syyahat ederdm. owrenerdm owrederdm...
-
Induksiya
12 years ago
- dileg
lukmanlara köpüräjik boş wagt,
aşyklara köpüräjik hoş wagt.
topragymyz ýarylmasyn, tozmasyn,
sagat ne-hä ozsun, ne-de ozmasyn.
goý delfinler gürläp bilse, gürlesin,
ýöne gürläp, dosta hile gurmasyn.
jübiniň agramy manysyz bolsun,
her kesiň päliniň wysaly gelsin.
bagtyň paýlanşygy bolan wagtynda,
artyk almaweri laýyk bagtyňdan.
öýüňizden myhman bary çykmasyn,
gelinlerňiz gaşlaryny çytmasyn.
azyrajyk bolsun çörek nobaty,
köpüräjik bolsun kitap nobaty.
gözüňiz jübt bolsun, ýüzüňiz ýeke,
bize ýeke ýüzem ömürlik ýeter.
iň soňam bähbide bolmaňlar ýesir,─
penjire, gapysyz bir jaýa getir.
ah şu bolsadylaň bolan pursady,
şahyram bir käse şerap ursady.
-
missmaysa
12 years ago
- diysen manyly eken,yone ynsanyn dilegi,islegi gutormayada,her name dilensede hayirlysy bn bolsun
idealman92 12 years ago- adam hiç haçan őzűndäki bar zady bilen oňmaz