söýgi, hasratly hem-de lezzetli duýgy! men sen hakda hemişe arzuw edýärdim. ýöne sen maňa miýesser edeňokdyň... ine-de ajap günleriň birinde sen gelip, gyz kalbymyň gapysyny kakdyň hemem onuň entek aralaşylmadyk gür jeňňelliklerine aralaşmaga synanyşdyň. ýöne gynansam-da saňa ol päkize jeňňellige girmäge ýol bermäge meniň hakym ýokdy. çünki, sen eýýäm başga kişä degişlidiň. ol kişi meniň jan ýaly joramdy. men özümi ogry ýaly duýdym hemem seni ýigrenmäge delil gözledim, seni özümden sowatmak, daşlaşdyrmak isledim.men ony başardym. ondan soň birnäçe wagt geçdi. ýöne şonda-da men şol pursaty, seniň dyzyma çöküp aýdan şol sözleriňi, nemli gözleriňi hakydamdan çykaryp, unudyp bilemok. men nädip unudaýyn, sen ilkinji söz aýdan hem-de şol sözler bilen meni sähel salym hem bolsa ejizleden ýigitdiň ahyryn. güýz şemalynyň bir o tarapa, birde bu tarapa gaýdyryp ýören ýapraklary dek meň kalbymyň aýnasyny kakan, içine aralaşan eý, meň ilkinji söýgim! sen hem edil güýz ýapraklarynyň şemalyň tygyna öz şahalaryny terk edişi deý kalbymda sähel salym sägindiň-de, nirädir bir ýerlere gaýyp bolduň. emma şojagaz salymyň içinde maňa söýginiň nämedigini bildiren eý meniň ilkinji söýgim! belki-de men şol pursat seniň söýgidigiňe ynanasym gelen däldir, belki-de men özümi senden ejiz saýandyryn, belki-de dostlugy senden has ileri tutandyryn. men bilmedim... ýöne bir zady welin anyk bilýän, sen hatda häzir hem meniň kalbymyň çuňlugynda ölügsije köräp dursuň. neçün seni hiç unudyp bilemok, bu gursagy paralaplar gitseň-de. neçün ýene bagyşlanýaň ýürekde, özge yşklaň gapysyny itseň-de. neçün seni hiç unudyp bilemok, gör,näçe gezekler etsem-de ähti, ah,nämüçin düýşlem sensiz gelenok sensiz açylanok täleýiň şähdi. neçün seni hiç unudyp bilemok, gör kineler ýol salsada ömürden, gursagymda umyt bolup ýaşap ýör, sen ýylgyryp çykjak ýaly öňümden. neçün seni hiç unudyp bilemok, tutuş dünýäm gözleriňde doňan deý, bu ýüregiň urgusyna dönüpler, senli dünýä bar barlygym siňen deý. neçün seni hiç unudyp bilemok, bilsemde ýaňadan dolanmajagyň. hem nämüçin şindem ynanyp ýörün, meňkidigine seň sähra deý gujagyň. bu gögeren emma ösüp boý almadyk söýgide haýsymyzyň günäkärdigimizi bilmedim...
Maňa miýesser etmedik söýgi ( oÿlanma )
-
Bilgi
12 years ago
- merw 92, bu yerde gyz oglanyn sozini almadygna neden gynanya,joran yigdi sana soz aytsa dyza chokmega dal gursagyny yarsada ynanmaly dalmika diyyan.
-
Friendship
12 years ago
- Sag bol, maral, paýlashanyña!
-
Bilgi
12 years ago
- wiiy bu asyl frendin yazgysy ekena,yazanynyzda awtorynam bellaymeli ekeniz!?
-
Merw92
12 years ago
- wiiy bu asyl frendin yazgysy ekena,yazanynyzda awtorynam bellaymeli ekeniz!?
bilgi | 2012-01-08 12:17:46
Bilgi jora siz ilki temañ adyny okanmakañyz belgiler diÿen yerede azajygam bolsa göz geziräÿmeli ekeneñiz :)
Sapa aÿyplashmarsyñda bu yazgy sende-de bardyr öÿtmändirin bu yazgy men bir wagtlar oka öwren döret saÿdyndan alypdym...Ÿenede bir gezek bagyshlaweri)))
-
magnit
12 years ago
- gyzlar bugunler soygi hakda kopurak derdinishyanizmi ):D))))
-
Merw92
12 years ago
- Yok bu bir ÿönekeÿje yazgy...
-
Friendship
12 years ago
sapa aÿyplashmarsyñda bu yazgy
sende-de bardyr öÿtmändirin bu
yazgy men bir wagtlar oka
öwren döret saÿdyndan
alypdym...ÿenede bir gezek
bagyshlaweri)))
merw92 | 2012-01-08 12:38:14
arkaýyn bol, maral! Senden zat gaty görmäge miltem edip bilmerin.
AHAL 12 years ago- ilkinji soýgida...
gowy ýazgy. duýgylandyrýar.