hallaryń neneńsi, taplaryń niçik eziz ene dilim, mähriban dilim? gel, söhbet edelu açykdan-açyk, eziz ene dilim, mâhriban dilim .                      **** ÿüz müñ öwüşginden öwürlen desse, şahyra-şygyr sen, gürrüñçä- kyssa, ak säheriñ nury ÿaly arassa- eziz ene dilim, mähriban dilim.                        **** sen meniñ gazabym, sen meniñ näzim, ÿüregimden gaÿnap çykÿan owazym. babalardan miras galan ÿalñyzym- eziz ene dilim, mähriban dilim.                       **** halaldan halal süÿt emeniñ dili, eÿ, ynsabyñ dili, ynamyñ dili, uzalmasyn saña ÿamanyñ dili, eziz ene dilim, mähriban dilim.                      **** dañyñ çygy, säherleriñ süÿdi sen, sallançakda meÿmireden hüwdi sen, doñ kalby eredip bilÿän jady sen, eziz ene dilim, mähriban dilim.                     **** iñ agyr günlerde batamda oÿa, öz dilimde nalyş etdim hudaÿa. seni zaÿalasak-özümiz zaÿa, eziz ene dilim, mähriban dilim.                      **** "söÿÿän","söÿÿän" diÿip dilime alman, harlansañ- aglaÿan, gülleseñ- gülÿän. ÿaşaweri  hernä, saralman, solman, eziz ene dilim, mähriban dilim. Awtory: berdinazar hudaynazarow.

Köneler, Merw92 tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir