gadym wagt bir garyp, sygyr çopan bolupdyr; kyrk ýaşyna baranda, ol bir aýal alypdyr. aýaly hem özi dek ýurduň belli garyby; ikisiniň bolupdyr- ne gallasy, ne gaby. ojuk-bujuk aldylar, ýaşansoňlar dört-bäş ýyl; bir sümelge salmaga kömekleşdi garyp il. iki gotur geçidi bu çopanyň bar maly; şol geçileň süýdünden gurt edýärdi aýaly. eden gurdun endigan tam üstünde serýärmiş; ähim edip it-guşdan, günde baryp görýärmiş. tiz wagtdan duýýar-da azalýanyn gurdunyň; dykgat bilen gözleýär sebäbini ol munuň. saklapdyrlar är-aýal gurtlarynyň daşyny; gije-gündiz hiç biri ýerde goýman başyny. bir kör garga pel-pelläp, gonýar gurduň üstüne; çopan bilen aýaly tutýar muny dessine. öldürmekçi bolanda çopan bogup gargany. ol dillenip diýipdir: “howlukma sen, dur hany! gahar edip sen meni nähak ýere öldürme; goýber meni, azat et, hiç hili azar berme. men bir döwlet guşy men gondum seniň başyňa. iýsem, zadym örän kän, mätäç däl men aşyňa. ertir irden ýanyma gel, bereýin kän zady. kör garga diýip sorasaň. her kim biler bu ady”. çopan ony goýberdi. ynandy-da sözüne; sygyrlaryn tabşyrdy eýeleriniň özüne. şaýyn tutup ugrady. kör garganyň yzyndan edýärdi ol kän umyt onuň aýdan sözünden. uly süri çykypdyr ýolda onuň öňünden, kör gargany sorapdyr süriniň çopanyndan: “görkezsene, çopan dost, kör garganyň öýüni, asyl tapyp bilemok, kän gözledim men ony.” “şundan dogry gidiber, syr-da ýoluň boýuny; bardyr ýolda at bakan, aýdar onuň öýüni”. uzak wagt ýöränsoň duşdy oňa at bakan; muňa-da görkez-diýip, salgyny aldy çopan: “şundan dogry gidiber, syr-da ýoluň boýuny, düýe çopan duşanda, sora önuň öýüni”. duşýar düýe çopana, kän ýoly sökenden soň, ondan derrew soraýar, köp azap çekenden soň: “görkezene, çopan dost, kör garganyň öýüni. asyl tapyp bilemok, kän gözledim men ony”. çopan elin uzadyp: “görýärmiň sen hol bagy, beýikligne seret oň ýada salyp dur dagy. şu çarbagda kör garga gündizine hem gije hiç bir ýana aýrylman, oturýandyr hemişe”. ýolagçymyz bir kemsiz salgy alansoň ony, çalt-çalt ädimläp, oňa ugrady göni. tiz wagtda ýetdi ol şol görünýän çarbaga, bilmän nirden girjegin, aýlandy sola-saga. ahyry ol bir ýerden: “garga!” diýip gygyrdy. garga görüp çopany, öz ýanyna çagyrdy. ony gaty hormatlap, nahar berdi, çaý berdi; “ýat-da dynjyň al” diýip, oňat ýerden jaý berdi. turandan soň, boş saçak berip onuň eline, diýdi: “gymmatly bir zat berýän saňa, al ine”. çopan alyp, saçaga gaýta-gaýta seretdi, düşen ýaly aldaga, içinden pikir etdi: “bu kör garga men-akmak, oýnadypdyryn özümi, nadanlygymy bilipdir, görende ol gözümi”. diýip çopan biçäre dürli oýa gidýärdi, ýiti-ýiti alarlyp, saçaga seredýärdi. “boşlugyna garaman, alyp git bu saçagy. “açyl, saçagym, açyl!” diý nahar gerek çagy. şonda açylyp saçak, dürli nahardan dolar, dünýäde islän zadyň barysy häzir bolar”. alkyş okap kör garga, şatlanyp düşdi ýola; derrew geldi öýüne, çümüp her hil hyýala. öýe gele-gelmäşe, çagyrdy-da aýalyn: “nahar iýeli” diýip, ýuwdy derrew elini. haýran galyp aýaly, diýdi: “nahar edemok”.. “dürli nahar bar mende, senden nahar soramok. tizräjik ýuw eliň. kän galmagal etme-de; otur gel-de ýanymda, gepiňi köpeltme-de”. oturdylar ýanma-ýan är-aýalyň ikisi; nämüçindir äriniň bu gün üýtgeşik sesi. ýazdy orta saçagy, goltugyndan çykaryp; diýdi ynha şulary, öz sözüne bat berip: “açyl, saçagym, açyl! lezzetli nahar seçil!” diýende bu sözleri, saçak giňden açyldy, bu saçagyň üstüne nahar bary seçildi. aldyklaryna iýdiler aýaly hem-de äri, emma welin saçagyň egsilmedi nahary. dürli-dümen nahardan garynlar boldy göjek, “ýapyl, saçagym, ýapyl!” diýdi, ýapyldy saçak. görüp muny aýaly örän gaty şatlandy. öz göwnüne özi onuň bagt atyna atlandy. mundan soňra üç-dört gün geçirdi-de aradan; aýalyna ýüz tutup, äri dillendi birden: “besdir. aýal, kän tutduk garyplygyň ýasyny; myhmanlyga çagyrjak ýurdumyzyň şasyny! gelende gözi bilen görsün biziň baýlygmyz; indi bizi tanasyn, gidendir gedaýlygmyz!” içi ýanyp ärine gahar bilen garady. çasly çykýan ses bilen adamsyny darady. “göterniksiz, eý, akmak! näme boldy aklyňa?! patyşany çagyrmak nämäňe gerek saňa?! elli ýaşa barypsyň, heý, gapyňdan geldimi? ýolda-yzda görende, salamyňy aldymy? garyplygyň laýyna ýene bizi batyrar. baýlygyňy alar-da, garyplygyň getirer. hiç wagtda ol asyl gapymyzdan gelmesin. garyplygmyz, baýlygmyz hiç haýsyny bilmesin!” çopan razy bolmady. garşylygna aýalyň: “patyşadan ýüz öwrüp, näme seniň hyýalyň? asyl işiň bolmasyn, baýlyk tapan meň özüm. arrygyňy gynama, geçmelidir meň sözüm!” jedelleşip kän wagt, är sözüni gögertdi. çagyrjagyn haýsy gün şasyna habar etdi. çakylygna çopanyň ynanmady şa ilki. soňra diýdi: “gideýin, geň bir zat bardyr, belki. ugursyz ýere çagyrsa, zyndana-da basdyryn, gazap edip men onuň ýurduna ýel ösdirin!” wadaly gün gelende, şa çopanka ugrady; bu gün şanyň hatyrna çopan desga gurady. şanyň ýeke özi däl. topar-topar weziri, şagalaňa goşulyp, gelipdir bar emiri. mundan başga ýene-de ýüzläp-müňläp goşuny myhmanlyga gelenleň saklaýardy daşyny. ýazdy çopan saçagyn hemme geljek gelensoň, sanawajyn sanady, bary taýyn bolansoň: “açyl, saçagym, açyl! lezzetli nahar seçil!” peýda boldy şu sagat dürli nahar ortada, beýle nahar gelenler görmändirler hiç ýerde. agzyn açyp patyşa galdy akly haýranda; öz öýünde görmegik geň zatlary bar munda. tapgyr-tapgyr oturdy patyşasy, weziri, iýen däldir mundan öň şu günki dek hiç biri. pes gelmedi bulardan galanlaryň-da bary, emma welin saçagyň egsilmedi nahary. keýplerini kökleşip, ugradylar myhmanlar. gaty razy boldular begler, emirler, hanlar. şa baransoň öýüne, kän oturyp oýlandy; çuň pikirde iki ýan öý içinde aýlandy. başyndaky pikiri asyl goýmady ony. gyssanjyna ahyry çagyrdy wezirini. ynjalygy bolmady gezip, oturyp, ýatyp, gelenden soň weziri, diýdi oňa ýüz tutup: “çopan ogly çopana nämä gerek şol saçak? maslahat bilseň, wezir, ony elinden aljak”. “şahym, gulak goýsaňyz, bizden size maslahat, diňe ýurduň şasynda bolmalydyr beýle zat”. “onda çapar iberiň, getirsinler şu günde, ony ele almasam, sabyr galmady mende. eger berse gaýtawul, kellesini getiriň. haýal etmän, permanym tizden ýerine ýetiriň!” şahyň beren permany ýetirildi ýerine, çopanmyzyň saçagy onuň öňünde ine. * * * saçak elden gidensoň, bu biçäre çopanyň gara güni başyna ýene gaýdyp geldi onuň. ýer ýumruklap aýaly, urýar dady-perýady: “ylahym patyşanyň gyrylsyn-a zürýady”. zowzanaklap ahyry geçdi öýnüň törüne, gaharyna aglady, käýinjiräp ärine: “bu zatlaryň barynyň günäkäri sen-özüň; agla indi ölinçäň, goý, seniň çyksyn gözüň! çagyrma diýip kän aýtdym, ýadyňdamy men saňa?! aldyň alty şaýyňy, hezzet edip sen oňa! hezzet edip eşege, kim alypdyr aklygy ýersiz-ýere mesirgäp, götermediň doklugy. saýgarmadyň geleni: dostmy saňa ýa duşman, indi tutup içiňi, geçeniňe et puşman. nämämize gerekdi şalar bilen gatnaşyk. olar üçin, unutma, bizden gowudyr aşyk!” bu ýangynly sözleri ýagdyrsa-da aýaly, gaýtawula çopanyň häzirlikçe ýok haly. ýüzýärdi ol gulaçlap çuň pikiriň deňzinde, uly ahmyr hem gynanç mese-mälim ýüzünde. aladaly bu döwür ýetdi bernäçe güne, çopan pahyr kör garga baryp ýüz tutdy ýene. aýtdy oňa jikme-jik bolan işleň baryny hem-de ondan sorady. ar almagyň tärini. diýdi: “seniň şa bilen asyl oýnuň deň gelmez, şalar bilen dalaşsaň, işiň aňsat oň bolmaz. ýöne saňa men ýene gymmatly zat bereýin, patyşaňyz şony-da hany alsyn göreýin. eger başa iş düşse, ýetir ahy-zaryňy; şonda şadan çykarys öňki-soňky aryňy”. diýdi-de ol çopana berdi oňat elguşy; “örän oňat idetseň, şundan taparsyň aşy. günde birin gaçyryp, guzlaýany gyzyldyr; muny oňat saklasaň, seňki onsoň hezildir”. elguşuny alansoň, çopan gaty şatlandy, alkyş okap kör garga, öýe tarap atlandy. öýde ýeke galypdy, ol gidende aýaly; için tutup, ah çekip, ýamandy onuň haly. dünýäsinden käýinip, ah çekýärdi her demde; her sagady pahyryň, geçýärdi gaýgy-gamda. duýman durka aýaly, çopan girdi gapydan; “ýeri, niçik boldy?” diýp, derrew sorady ondan. “heý-de meniň öňümde bolarmy, heý bitmez iş?! ynha saňa getirdim gyzyl guzlaýan bir guş. saçagyň hem çeni däl elguşunyň gymmaty, dünýäde hiç bir zadyň tyllaça ýok hümmeti. meniň indi işim ýok, näme etseň özüň et. ine gyzyl gaznasy, maksat-myradyňa ýet!” ýyljyraklap aýaly aldy guşy eline, gaýgy-gamyň barysy gitdi ýazyň ýeline. gelen gününden başlap, berdi günde birini, tygşytlady aýaly, tapdy onuň ýerini. çopanmyz hem aýalynyň göwnüni hiç ýykmady, indi asyl ol onuň diýeninden çykmady. başaladylar almaga gerek-ýarak şaýlaryn, tiz wagtyň içinde düzetjekler öýlerin. çäýnek-käse alynyp, çalşyrdylar düşegi. täzelendi çopanyň çaryk, dony, guşagy. gün geldikçe köpelip, basym biljekdi bary, emma guşuň tiz wagt şaha ýetdi habary. şa eşiden badyna gyzylly guş tarypyn, çagyrdy-da wezirin gazaply diýdi gepin: “şu sagadyň özünde getirmeli şol guşy, gelmese, günäliniň hökman kesiler başy!” wezir oňa baş egip, işi ýerne ýetirdi; ýarym sagat içinde guşy köşge getirdi. ýene ajy aýralyk, ýene gaýgy-alada... tapawudy öňküden- igenç ýokdy arada. bakýardylar är-aýal bir-biriniň ýüzüne, ikisi-de alaçsyz ýaş aýlady gözüne. doýmaz-dolmaz zalyma ikisi hem gargady. ýene çopan biçäre kör gargaňka ugrady. baryp oňa ýene-de aýtdy ahy-zaryny; indi görüň, kör garga görkezmekçi zoruny. görkezdi ol çopana äpet uly tokmagy: “şuny alyp gitdäni, ýom-ýok et ol akmagy! eder ony ýer-ýegsan: “kak, tokmagym, kak!”diýseň. durar, hiç zat etmez ol: “dek, tokmagym, dek!” diýseň. saçagyňy, guşuňy hökman ondan alarsyň; şu tolmagyň arkaly şadan halas bolarsyň”. alkyş okap kör garga, düşdi ýene ýoluna; öýe gelip etjegin aýtdy ol aýalyna. şatlandy-da aýaly, diýdi: “gaty bolupdyr. bu zalymyň kör garga hötdesinden gelipdir. asyl meniň özümem seniň bilen gideýin; bir özüňe kyn bolar, menem kömek edeýin”. tokmaklaryn göterip, tirkeşdiler gitdiler; batly-batly ýöreşip, şa saraýna ýetdiler. äri alyp tokmagyn, girdi saraý içine; ortasynda goýdy-da, çykdy ýene daşyna. gazap bilen şasyna: “edişime bak!” diýdi; daşrakda durdy-da: “kak, tokmagym, kak!” diýdi. tokmak böküp başlady eşidende bu sözi. doldy derrew tozandan dury asmanyň ýüzi. tam-tarsyny tekizläp, geçdi köşgüň daşyna, bir bökende ony-da ýumurdy şa başyna. wezirinden, şasyndan sypdyrmady birisin; baryn guma basdyrdy, galdyrmady dirisin. çopan daşdan şatlanyp: “dek, tokmagym, dek!” diýdi, “boldy, kän iş bitirdiň, indi bärik bök!” diýdi. tokmak goýup kakmagyn, eýesine ýüzlendi; şunluk bilen bir kemsiz zulum ojagy düzlendi. guşy, saçagy alyp, goýmadylar hiç bir zat. bu habary eşidip, bütin iller boldy şat. (aman kekilow) nakyl:ýakma - bişersiň, gazma - düşersiň.
çopan we patyşa (erteki)
-
Ayjagash
12 years ago
- Sag bol maral. Okuwchy dowrum yadayma dushup gitdi.
-
market
12 years ago
- Molodes yaltanman yazayypsynay!!!!!!!!!!
-
Koneurgenchli
12 years ago
- sagja bol paylashanyna gaty gyzykly eken sonyna chenli okadym
-
URGENCLI
12 years ago
- MINNETDAR
-
Milashka92
12 years ago
- aman kekilow copan we patysany turkmen halk ertekisi esasynda uytgesmeler girizip poema gornusunde yazypdyr. Bu erteki poemany dine bir cagalar dal, eysem, ulular hem soyup okayarlar. Bizem tazelikde gecdik bu poemany. Yadymdan cykmaya 5-6 talyp dusundirip bilman ( belki okaman gelendirler) 2 lik aldylar.
-
mirasymyz
12 years ago
- Sagbol milashka. Shuny ozuniz yazdynyzmy ya-da kopiya edip gechirdinizmi? Ozuniz yazan bolsanyzam, kopiya eden bolsanyzam sagbolun.
-
nlo
12 years ago
- bu eseri okap mekdep döwrüm yadyma düşdi
-
Milashka92
12 years ago
- mirasymyz dusunmedim namani kopiya edipdirin
biz copan we patysa diyen poemany yany yakynda cagalar edebiyatyndan gecdik menem bu barada oz bilyanlerimi siz bilen paylasmagy makul bildim sonun ucinem so yazgyny yazdym yone sen name diyyanine welin dusunmedim
-
makgush
12 years ago
- Gyzykly eken, sagboluñ ýetireniñiz üçin.
milashka92 mirasymyz sizi merw92 bilen çalyshdy öýdýän, bu temañ awtory siz diýip okan bolaýmasa?:-)
-
Kurtoy
12 years ago
- :P eee gowy ertekijik eken:$
Atash120 12 years ago- Sagbol Merw92 eger mumkin bolsa Aman Kekilowyn soygi romanyny yazsan gaty hoshal bolardym belki bashgalarada gerekdir (bolekleyin hem bolsa)