Ata Watan
Iri awiakompaniýalar gatnawlar üçin Türkmenistanyň howa menzillerini saýlaýarlar
Türkmenistanyň howa menzilleriniň infrastrukturasynyň ösenligini göz öňünde tutup, onlarça daşary ýurt awiakompaniýalary agyr ýük laýnerlerinde söwda maksatly yzygiderli ýük gatnawlaryny amala aşyrýarlar. Şeýle awia ýükdaşaýjylaryň arasynda «CargoLux» ýaly iri awiakompaniýalar bar. Bu barada «Turkmenistaninfo» ýazýar.
«Cargolux» awiakompaniý...
Sentýabrda Türkmenistanyň we Indoneziýanyň futbol ýygyndylarynyň arasynda ýoldaşlyk duşuşygy geçiriler
Türkmenistanyň Futbol federasiýasy we Indoneziýanyň Futbol assosiasiýasy sentýabr aýyndaky FIFA-nyň günlerinde iki döwletiň milli ýygyndylarynyň arasynda ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmek barada ylalaşdylar.
Indoneziýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýazylyşy ýaly, ýoldaşlyk duşuşygyny 8-nji sentýabrda Surabaýa şäherindäki «Gelora Bu...
Mask dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlara düşünmeýändigini aýtdy
Amerikan milliarderi, «Tesla» awtoulag kompaniýasynyň eýesi Ilon Mask häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetinde nämeleriň bolup geçýändigine asla düşünmeýändigini gürrüň berdi. Ol häzirki ykdysady durnuksyzlygyň şertlerinde öz kompaniýasynyň awtouaglarynyň nyrhyny arzanlatmaly boljakdygyny hem sözüniň üstüne goşdy diýip, «1prime.ru» habar berýär.
...
«Ahalyň» Türkiýede haýsy toparlar bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirjekdigi belli boldy
AFK-nyň Çempionlar ligasyna taýýarlygyň çäklerinde «Ahal» futbol toparynyň Türkiýe Respublikasyna okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gidendigini habar beripdik.
Toparyň metbugat gullugynyň ýazyşy ýaly, «Ahal» Kartepede halkara ýoldaşlyk duşuşyklarynyň dördüsini geçirer. Bu duşuşyklarda Saud Arabystanynyň «Al-Adalh», «Al-Feýsali», Kataryň «Umm-Sa...
Nigeriýaly aglamak boýunça dünýä rekordyny goýmakçy bolýarka gözi gapyldy
Nigeriýaly erkek kişi aglamak boýunça dünýä rekordyny goýmak üçin tasdan hemişelik kör galypdy, onuň gözleri wagtlaýyn gapyldy diýip, «New York Post» gazetine salgylanýan «Kazinform» habar berýär.
Tembu Ebere diýen adam bütin hepdeläp yzyny üzmän möňňürip aglady, emma onuň kellesi agyryp başlady, ýüz-gözi güp ýaly çişdi, netijede, 45 minutla...
HHR-de dünýäde iň uly ýel turbinasy oturdyldy
Hytaýda dünýäde iň uly ýel turbinasy oturdyldy diýip, «Habar 24» ýazýar. Desga Hytaýyň günorta-gündogar kenarýakasyndaky Fuszýan ülkesinde ornaşdyryldy. Resmi maglumatlara görä, ýelden elektrik toguny öndürýän taslamanyň bahasy 875 million dollara deň boldy.
Türkmenistan maý aýynda Hytaýa gaz ibermelerini 5% artdyrdy
2023-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistan Hytaýa 2,73 mlrd kub metr tebigy gaz eksport etdi. bu 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5% artykdyr. Bu barada Interfaks HHR-iň Gümrük gullugyna salgylanyp habar berýär.
Umumylykda, maý aýynda Hytaý 13,51 mlrd kub metr «mawy ýangyç» import etdi, bu şol aý üçin taryhy rekord bolup durýar....
Kia Sportage modeliniň 30 ýyllygyna bagyşlanan 2024 30th Edition wersiýasyny hödürledi
Köp bazarlarda iň meşhur bolan Kia Sportage krossoweri 30 ýaşady. Munuň hormatyna içerki bazarda Kia Sportage 2024 30th Edition -yň ýörite wersiýasy hödürlenýär.
Tehniki nukdaýnazardan seredilende, ýubileýe bagyşlanan Sportage-iň adaty görnüşden tapawudy ýok, ýöne ähli gapylarda goşa aýnaly penjireler bar, bu salondaky sesiň derejesini ep-es...
Samsung akylly sagady iýmitiň, suwuň we başgalaryň temperaturasyny ölçemäge mümkinçilik berer
Samsung akylly sagatlary diňe bir endamyň däl, eýsem dürli obýektleriň temperaturasyny ölçemegi öwrenjege meňzeýär. Kompaniýa bu günki gün sagatlary üçin birnäçe täze programma, şol sanda Thermo Check programma üpjünçiligini hödürledi.
Termo Check sagat eýelerine obýektleriň temperaturasyny ölçemäge mümkinçilik berer. Mysal üçin, Samsung ula...
Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi
21-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda resmi saparda bolýan Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýony kabul etdi.
Türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda ýurtlarymyzyň syýasy-diplomatik ulgamda, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň, ilkinji n...
Koreýaly myhmanlar Arkadag şäherine gezelenç etdiler
21-nji iýulda Türkmenistanda bolmagynyň barşynda Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo hem-de onuň ýanyndaky wekiliýet üçin Arkadag şäherine gezelenç guraldy. Koreýaly myhmanlar täze şäheriň gözel künjekleri hem-de medeni-durmuş, beýleki maksatly desgalaryň uly toplumyny özünde jemleýän infrastrukturasy bilen tanyşdylar....
Russiýada okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin wiza düzgünleri ýeňilleşdirildi
22-nji iýuldan Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň dalaşgärlerine we talyplaryna talyp wizasyny bermek üçin resminamalary kabul edip başlar. Bu barada ORIENT agentligi Ilçihananyň wekillerine salgylanyp habar berýär.
Kabul edişlik diňe şenbe günleri geçirilýär. Şeýlelikde, hepdede bir gün ilçihana diňe...
Türkmenistanlylar ABŞ-da okamaga çagyrylýar
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň uniwersitetlerine we kollejlerine okuwa girmek isleýän ýaş türkmenistanlylar “Prep4Sucess” maksatnamasynyň çäklerinde 18 hepdelik taýýarlyk okuwlaryna çagyrylýar.
Güýz möwsüminde geçiriljek okuwlarda okajaklar ABŞ-da okamak üçin zerur bolan “TOEFL” we “SAT” synaglaryna we akademiki taýdan okamak, ýazmak hem-de...
Russiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy wiza almak üçin elektron anketalary girizýär
1-nji awgustdan başlap, Russiýa wiza resmileşdirmek isleýän Türkmenistanyň raýatlary visa.kdmid.ru saýtynda elektron anketa dolduryp, q.midpass salgysy boýunça resmnamalary tabşyrmak üçin elektron nobata ýazylmaly bolarlar. Bu barada Russiýanyň Aşgabatdaky Ilçihanasy resmi Telegram kanalynda habar berdi.
Iýul aýynyň dowamynda, täze ulgam hen...
Ýewropada elektrikli awtoulaglaryň söwdasy ilkinji gezek dizelli awtoulaglardan öňe geçdi
Ýewropanyň awtoulag öndürijileriniň birleşigi elektrik ulaglarynyň paýynyň rekord derejede 15,1% ýokarlanandygyny habar berdi. Iýun aýynda satylan 1 milliondan gowrak awtoulagdan 158 million töweregi elektrik ulagy boldy.
Taryhda ilkinji gezek iýun aýynda Ýewropa Bileleşiginde satylan elektrikli awtoulaglaryň sany dizel awtoulaglarynyň satuw...
El hereketi dili Günorta Afrikada resmi dil boldy
Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Siril Ramaposa çarşenbe güni Günorta Afrikanyň el hereketi diline Günorta Afrikada resmi derejäni berýän kanuna gol çekdi. Dabara SABC ýerli media topary tarapyndan göni ýaýlymda görkezildi.
Ramaposa: "El hereketi dili ýurduň 12-nji resmi diline öwrüldi. Oňa täze derejäniň berilmegi Günorta-Afrika Re...
Özbegistan halal syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýär
Özbegistanyň Medeniýet we Syýahatçylyk ministrliginiň ýanyndaky “Syýahatçylyk hyzmatlaryny sertifikatlaşdyryş merkezi” Döwlet Unitar Kärhanasy kompaniýalar we “Halal MAIB” LLC Halkara Sertifikat Merkezi bilen halal-syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada Ähtnamalara gol çekdiler. Bu barada Özbegistanyň Medeniýet we syýahatçylyk ministr...
HBS: italiýaly derwezeban Buffon ýakyn günlerde karýerasyny tamamlar
2006-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň çempiony, italiýaly derwezeban Janluiji Buffon ýakyn günlerde karýerasyny tamamlaýandygyny yglan etmegi mümkin. Bu barada sişenbe güni žurnalist Janluka di Marsio öz web sahypasynda habar berdi.
Çeşmäniň berýän habaryna görä, 45 ýaşly derwezeçi Saud Arabystanynyň birnäçe klubynyň teklibini re...
Ýan Nepomnýaşşiý 700 metr çuňlukda küşt oýnap, dünýä rekordyny goýdy
Dünýä küşt täji ugrundaky iki final oýna gatnaşan rus küştçüsi Ýan Nepomnýaşşiý RF-niň «Nornikel» kompaniýasynyň polýaraňyrsy şahasynyň häzirki «Oktyabrskiý» käninde ýazyjy Aleksandr Sypkine garşy küşt oýnady. Bu barada çarşenbe güni TASS “Nornikeliň” metbugat gullugyna salgylanyp, habar berdi.
Oýun 700 metr çuňlukda geçirildi, bu görkeziji...
Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat ugry boýunça uçuşlaryň sany günde 4 sapara ýetirildi
«Türkmenistan» awiakompaniýasy tomus möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gitmek isleýänleriň artýandygyny nazara alyp, Aşgabatdan Türkmenbaşa we yzyna uçuşlaryň sanyny artdyrdy. Häzirki wagtda günüň dowamynda 4 sapar uçuşlar amala aşyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň Habarlar merkezi habar berýär.
Belläp geçsek, Aşgabadyň Halkara h...
Merkezi Aziýanyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň ýurtlarynyň Ikinji sammiti Özbegistanda geçiriler
Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Ikinji sammiti Özbegistanda Samarkand şäherinde geçiriler.
Bu barada Saud Arabystanynyň Jidde şäherinde geçirilen Birinji sammitiň netijeleri boýunça belli boldy.
Forum Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy,...
Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň ikinji aýlawynyň başlanjak senesi belli boldy
Birinji tomus arakesmesinden soň, 4-nji awgustda üç sany futbol duşuşygy bilen Türkmenistanyň futbol boýunça Ýokary ligasynyň täze aýlawy badalga alar diýip, Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy habar berdi.
Şol gün 9-njy tapgyryň çäklerinde «Köpetdag» «Şagadamy» kabul eder, «Merw» «Aşgabada» myhmançylyga gider, «Energetik» bolsa «Ahal» bilen...
Angliýada 1960-njy ýyllaryň dört telefon budkasy taryhy ýadygärlik hökmünde hasaba alyndy
Londonyň metro stansiýalarynda ýerleşýän dört sany K8 telefon budkasy Angliýadaky taryhy ýadygärlikleriň sanawyna girizildi. Bu barada penşenbe güni Evening Standard habar berdi.
Neşiriň habar bermegine görä, Sanly tehnologiýalar, medeniýet, metbugat we sport ministrligi bu mawy telefon budkalaryny aýratyn gyzyklanma bildirilýän we goraga mä...
Samsung, Apple we Xiaomi smartfon bazarynda «dikelişiň ilkinji alamatlaryny görkezýän» öňdebaryjylar boldy
Ýakynda Canalys bazar gözleg gullugy tarapyndan neşir edilen smartfon satuw maglumatlarynyň hasabatynda dünýädäki smartfon bazarynyň 2023-nji ýylyň ikinji çärýeginde 11 göterim pese gaçandygy görkezilýär.
Iň soňky maglumatlara görä, Samsung bazar paýy 21 göterim bilen öňdebaryjy ornuny saklady, Apple bolsa 17 göterim paý bilen ikinji ýeri eý...
Aşgabatda Braziliýanyň täze ilçisi işläp başlady
Şu gün, 19-njy iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Braziliýa Federatiw Respublikasynyň ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) Rubem Antonio Korrea Barbozadan ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
W.Hajiýew ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi...