Hytaýda 2025-nji ýylyň «Mercedes-Benz CLA» modeli – özboluşly keşbi bilen tanalýan häzirki zaman tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan stilistik dört gapyly kupe satuwa çykaryldy. Täze model üç görnüşde hödürlenýär, bahasy 309,2 – 391,4 müň ýuan (takmynan, 42,6 – 53,9 müň dollar) aralygynda üýtgeýär diýip, «ITHome» portaly habar berýär. Ulagyň daşky keşbi tas üýtgemedi: radiator gözenegi, LED optikalary, sport görnüşli çyzyklary we kupe stilindäki kuzowy saklanyp galdy. Ölçegleri: 4692×1830×1452 mm, teker bazasy – 2729 mm. Interýeri döwrebaplaşdyryldy: jübüt 10,25 dýuýmlyk uly ekranlar, panoramaly üçek, sensorlaýyn dolandyryş, «Apple CarPlay» we «Android Auto» goldawy, şeýle-de esasy görnüşinde akylly ýagtylandyryş ulgamy bar. «CLA 260 4MATIC» görnüşine bolsa, uýgunlaşýan kruiz-kontrol, barmak yzy skaneri, awtomatiki duralga ýerleşdirmek üçin kömekçi (awtopark) we doly herekete getiriji ulgam goşuldy. Hereketlendirijileriň hatarynda şular bar: 1.3T (120 kWt / 163 at güýji) 7 basgançakly «çygly» robotlaşdyrylan karobka bilen; 2.0T (140 ýa-da 165 kWt / 224 at güýjüne çenli) 8 basgançakly transmissiýa bilen; ähli görnüşler – 48-woltlyk ýumşak gibrid ulgam bilen enjamlaşdyrylan. «Mercedes-Benz CLA» ykjam premium kupe synpyndaky az sanly modelleriň biri bolmagynda galýar we «BMW 2 Series Gran Coupe» bilen bäsleşmäge dowam edýär. Täzelenmeler ony has kämilleşdirýär we brendiň uly modellerine has-da ýakynlaşdyrýar.