28-nji martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher ösüşi ministri hanym Farzaneh Sadeghi Malwajerd bilen duşuşdy. Myhman gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli geçiriljek «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer ulgamyň iki goňşy döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny, ýurtlarymyzyň bu ugurda işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini aýratyn bellediler. Nygtalyşy ýaly, türkmen we eýran halklaryny taryhyň, medeniýetiň, däp-dessurlaryň umumylygy birleşdirýär. Şunda ynsanperwerlik, ahlak terbiýesi, mätäje goldaw bermek ýaly asylly ýörelgelere iki ýurduň halklary hem uly hormat-sarpa goýýarlar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri täze taryhy döwürde bu asylly ýörelgeleriň mynasyp dowam etdirilýändiginiň mysalydyr. Şunda gazna tarapyndan ýeňil bolmadyk durmuş ýagdaýyna düşen çagalaryň durmuş goraglylygynyň üpjün edilmegine, olaryň jemgyýete goşulyşmaklaryna, özbaşdak durmuşa taýýarlanylmagyna gönükdirilen goldaw-kömekleriň berilýändigine üns çekildi. Duşuşygyň dowamynda goňşy döwletiň ýol we şäher ösüşi ministri gaznanyň milli we halkara derejede alyp barýan işleriniň ähmiýetini belläp, bu işleriň sebitde hem-de dünýäde ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berýändigini aýtdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir