Formula-1-iň 7 gezek çempiony, Scuderia Ferrari üçin çykyş edýän Lýuis Hemilton öz superkaryny döretmek isleýändigini yglan etdi. Model F44 indeksini alar diýip, Motorsport habar berýär. Bu meşhur Ferrari F40-a we Hemiltonyň awtoulagynyň gapdal belgisi 44-e salgylanma bolar. F40-yň brendiň 40 ýyllygy mynasybetli çykarylandygyny, adyndaky 40 belginiň şonuň bilen baglydygyny bellemelidiris. Hemiltonyň sözlerine görä, Ferrari F44 F40-nyň häzirki zaman wersiýasy bolar we mehaniki geçiriş gutusyny saklar. Taslamanyň tehniki jikme-jiklikleri entek aýdylmady. Lýuis superkaryň üstünde işlemek üçin birnäçe ýyl gerek boljakdygyny aýtdy. LaFerrari-niň gibrid böleksiz şassisi F44-e esas bolup biler diýip, Motor1habar berýär. Durmuşa geçirilen ýagdaýynda taslama seýrek we üýtgeşik modellerden ybarat Ferrari Icona setiriniň bir bölegi bolar. Britaniýaly türgen köpden bäri Ferrari-niň muşdagydy. Onuň ýygyndysynda eýýäm LaFerrari Aperta we 599 GTO bar. Şeýle-de bolsa, Hemiltonda ady rowaýata öwrülen F40 ýok. Bu superkar kolleksionerleriň arasynda aýratyn gymmatly hasaplanýar, sebäbi ol firmanyň esaslandyryjysy Enso Ferrariniň hut özi tarapyndan tassyklanan iň soňky model hasaplanýar. F40-yň jemi 1311 nusgasy öndürildi. Şeýle awtoulaglaryň bahasy azyndan 2 million dollar.