Mýanmada 7,7 bal ululykda ýertitreme bolup geçdi. Onuň ojagy ýurduň ikinji uly şäheri bolan Mandalaýyň golaýyndaky Sigaýn şäherinden 16 km demirgazyk-günbatarda ýerleşdi. Azyndan 1002 adam betbagtçylygyň pidasy boldy, ýene 2376 adam şikes aldy diýip, ýurduň Hökümetine salgylanyp, Bi-bi-si ýazýar. Esasy zarbadan soň 6,4 ululykda gaýtadan titreme boldy. AFP-niň maglumatlaryna görä, ýurduň paýtagty Neýpýidoda ýertitreme ýollara we binalara zeper ýetirdi. Güýçli sarsgynlar Tailandda, Wýetnamda we Hytaýda hem duýuldy. Bangkokda häkimiýetler adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi. Şaýatlar ýertitreme wagtynda binalaryň çaýkanandygyny habar berdi. Sosial ulgamlarda Çatuçak şäher seýilgähiniň golaýynda gurulýan beýik binanyň ýumrulyşyny görkezýän wideo ýaýrady. Titremeler wagty başga bir diňiň üçegindäki howuzdan suw dökülip başlady. “Ýertitreme 13:30 töweregi başlanda, binalarda duýduryş signallary işledi we ýaşaýjylar beýik jaýlaryň basgançaklary arkaly ewakuasiýa edildi” – diýip, AP habar berýär. CNN-iň maglumatlaryna görä, Tailandda azyndan on adam heläk boldy, 16 adam şikes aldy, ýene 101 adamyň ykbaly bolsa näbelli. Bangkokyň gubernatorynyň orunbasary Tawida Kamolwej ýitenleriň ählisiniň gurluşykçydygyny we olaryň ýumrulan binalaryň aşagynda galyp bilendigini aýtdy. Mýanmanyň häkimiýeti halkara kömegini sorap ýüz tutdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir