28-nji martda Günde güýçli X derejeli alawlama bolup geçdi. Bu barada Amaly geofizika institutyna salgylanyp, TASS habar berýär. X1.1 derejeli alawlama hünärmenler tarapyndan Aşgabat wagty bilen 20:20-de rentgen diapazonynda (N05E81) hasaba alyndy, onuň dowamlylygy 41 minut boldy. Soňky gezek şeýle güýçli alawlama (X2.0) 23-nji fewralda hasaba alnypdy. “Gözegçiliklere görä, alawlama Günüň gündogar çetinde bolup geçdi. Bu hadysa häzirlikçe Ýer üçin howp salmaýar, ýöne alawlamanyň dörän ýeri birnäçe günden gönüden-göni Gün-Ýer liniýasyna ýakyn bolar. Eger hadysa täze işjeňligiň alamaty bolsa, onda geljek hepdäniň ortalaryndan Ýere göni zarbalar bolup biler” – diýip, RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň saýtynda aýdylýar. “Ýönekeý göz bilen görünýän güýçli zyňyndylary bolan alawlamanyň, hakykatdanam, owadandygyny bellemek bolar. Energiýanyň bir bölegi Gün diski bilen saklanan bolsa gerek, şonuň üçin hakyky bal has ýokary bolup biler” – diýip, barlaghanada bellenildi. Alawlamalar, adatça, Gün plazmasynyň zyňylmagy bilen bolup geçýär we onuň bulutlary Ýere ýeten ýagdaýynda magnit tupanlaryna getirip bilýär.