27-nji martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. D.Orazow häzirki döwürde täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we ozal berlen tabşyryga laýyklykda, “Ahalteke atlary” şaýolunyň durkuny täzelemek boýunça meýilleşdirilen giň möçberli işler barada hasabat berdi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz önümçilik maksatly toplumlaryň gurluşyklarynda, binalary enjamlaşdyrmakda täzeçil usullardan we ösen tehnologiýalardan netijeli peýdalanylmalydygyny belledi. Şeýle hem “Ahalteke atlary” şaýolunyň ugrunda ýerleşdiriljek heýkelleriň aradaşlygy häzirki zaman görkezijilerine doly laýyk gelmelidir. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň guramaçylyk ýagdaýyna, hil derejesine jogapkärçilikli çemeleşilmelidir. Milli Liderimiz şäheriň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şu ýylyň 29-njy martynda täze şäherde geçiriljek halkara maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň medeni maksatnamasy barada giňişleýin maglumat berildi. Arkadag şäheriniň häkimi bu ýerde çagalaryň arasynda geçirilýän döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň körpeleri bilen bir hatarda, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän ilçihanalarynyň, halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň çagalarynyň hem gatnaşýandyklary barada hasabat berdi. Milli Liderimiz gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen ähli çäreleriň, şol sanda çagalar döredijilik bäsleşiginiň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi.