Xiaomi hytaý kompaniýasy Ýewropadaky gözleg merkezi üçin täze işgärleri işjeň çekýär. Bu merkez kompaniýanyň 2027-nji ýyla çenli daşary ýurt bazarlaryna çykmagy üçin taýynlyk görýär. Reuters agentliginiň habaryna görä, bu merkeze BMW ýaly iri ýewropaly awtokonsernlerden eýýäm bäş sany hünärmen işe kabul edildi. Merkeze BMW-de 15 ýyl işlän we Williams hem-de Sauber toparlary bilen hyzmatdaşlyk eden Rudolf Dittrih ýolbaşçylyk eder. Täze gelen işgärleriň biri hem ozal BMW-de we Rolls-Royce-da işlän menejer Duşan Sarakdyr. Baş inžener wezipesine bolsa, BMW-niň öňki işgäri Ýannis Hellwig bellenildi – ol täze taslamalaryň işlenip düzülmegi we olaryň ulgam bilen birleşdirilmegi bilen meşgullanar. Merkezde dizaýnerler hem-de dinamika boýunça inženerler üçin boş iş orunlary bar. Işgärler Mýunhende işe kabul edilýär, emma ofisiň takyk ýerleşýän ýeri entek mälim edilmedi. BMW we Xiaomi bu mesele barada žurnalistlere düşündiriş bermekden saklandy. «Reuters-iň» maglumatlaryna görä, merkez Xiaomi-niň modellerini Ýewropa bazaryna uýgunlaşdyrmak bilen meşgullanar. Xiaomi 2026-njy ýylda maşgalalar üçin niýetlenen gibrid krossowerini çykarmagy meýilleşdirýär, onuň prototipi eýýäm synagdan geçirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir