27-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 20-nji duşuşygyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowy kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär. Duşuşygyň barşynda Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ygrarlydyklary bilen baglylykda, Samarkantda geçiriljek “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” birinji sammitiniň möhüm ähmiýeti nygtaldy. Şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň birnäçesinde däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mälim bolşy ýaly, köpugurly hyzmatdaşlykda söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn orun degişlidir. Ikitaraplaýyn haryt dolanyşygy ýokary görkezijilere eýedir, ýangyç-energetika, ulag-logistika, oba hojalygy pudaklarynda gatnaşyklar işjeň giňeldilýär. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti we Özbegistanyň daşary işler ministri medeniýet, ylym-bilim ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Munuň özi doganlyk halklarymyzyň has-da ýakynlaşmagy, asyrlar aşyp gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy üçin özboluşly köpri bolup hyzmat edýär. Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Özbegistan Respublikasy bilen iki doganlyk halkyň abadançylygynyň bähbidine strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir