Braziliýanyň futbol konfederasiýasy (CBF) milli ýygyndynyň baş tälimçisi Doriwal Žunioryň wezipeden aýrylandygyny habar berdi. Bu çözgüt topar DÇ-2026-nyň saýlama ýaryşynda Argentinadan utulandan soň (1:4) kabul edildi. “Tälimçi Doriwal Žunior indi Braziliýanyň milli ýygyndysyna ýolbaşçylyk etmeýär. Federasiýanyň ýolbaşçylygy hünärmene minnetdarlyk bildirýär we oňa geljekki karýerasynda üstünlikleri arzuw edýär. Indi CBF onuň ornuny eýelejek hünärmeni gözlemegiň üstünde işlär” – diýlip, guramanyň beýanynda aýdylýar. 62 ýaşly Doriwal Žunior 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda toparyň tälimçisi boldy. Onuň şertnamasy 2026-njy ýylyň ahyryna çenli niýetlenipdi. Onuň ýolbaşçylygynda milli ýygyndy 16 oýna gatnaşdy: ýedi ýeňiş, alty deňme-deňlik, üç ýeňliş. DÇ-2026 üçin Günorta Amerikanyň saýlama ýaryşynda Braziliýa dördünji orny eýeleýär. Öň Žunior Braziliýanyň dürli klublaryna tälimçilik etdi. Ol 2022-nji ýylda “Flamengony” Libertadores kubogynda ýeňşe getirdi. Insaýder Nikolo Skiranyň maglumatlaryna görä, milli ýygyndynyň täze tälimçisi häzir “Al-Hilýal” saud klubunda işleýän 70 ýaşly portugaliýaly Žorže Žezuş bolup biler. Onuň bilen eýýäm gepleşikler alnyp barylýar. Žezuş kluba 2023-nji ýylda ýolbaşçy boldy, onuň şertnamasynyň möhleti tomusda gutarýar. Häzir “Al-Hilýal” Saud Arabystanynyň çempionatynda ikinji orny eýeleýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir