28-nji martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary hanym Inna Swýatenko bilen duşuşdy. Myhman «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Duşuşykda ynsanperwer ugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri barada pikir alşyldy. Şunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky ornuna aýratyn üns çekildi. Çagalaryň saglygyny goramagyň we ynsanperwer maksatlara gönükdirilen işleri alyp barmagyň bu düzümiň esasy wezipesi bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, gazna tarapyndan häzirki wagta çenli amala aşyrylan işleriň çagalaryň sazlaşykly ösmegine, olaryň jemgyýetde öz ornuny tapmagyna ýardam berýändigi nygtaldy. Gaznanyň hasabyna dünýäniň dürli ýurtlaryna ynsanperwerlik kömekleri iberilýär. Hususan-da, bu düzümiň serişdeleriniň hasabyna Russiýanyň Primorskiý kraý sebitinde bolup geçen tebigy hadysalardan ejir çeken çagalar üçin ynsanperwerlik kömeginiň iberilmeginiň ähmiýeti bellenildi. Myhman Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işlerine ýokary baha berip, diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde hem uly abraýa eýe bolan bu düzümiň durmuşa geçirýän işleri barada pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi.