Wýetnam Günorta-Gündogar Aziýanyň iň çalt ösýän syýahatçylyk nokadyna öwrüldi we meşhurlygy boýunça üçünji orny eýeledi diýip, «Bloomberg» neşiri habar berýär. Milli syýahatçylyk müdirliginiň berýän maglumatlaryna görä, geçen ýyl ýurda 17,5 million daşary ýurtly syýahatçy barypdyr. Syýahatçy kabul etmek boýunça sebitiň liderleri Tailand (35 million myhman) we Malaýziýa (25 million myhman) bolsa-da, Wýetnam pandemiýadan soň syýahatçylygy dikeltmekde olardan öňe geçdi. Ýurt 2019-njy ýyldaky syýahatçy akymynyň 93%-ini täzeden gazandy. Bu görkeziji Tailandda 87,5%, Singapurda bolsa 86%. 2025-nji ýylyň başyndan bäri, Wýetnam, takmynan, 4 million syýahatçyny kabul etdi, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 30,2% köpdür. Syýahatçylaryň sanynyň çalt ösmeginiň esasy sebäpleri, ýurtda syýahat etmegiň amatlylygy, 2023-nji ýylda girizilen we 90 güne çenli galmaga mümkinçilik berýän elektron wiza ulgamy hem-de wiza talap edilmeýän ýurtlaryň sanawynyň giňeldilmegidir. Bu sanawa Germaniýa, Fransiýa, Russiýa we Ýaponiýa girýär. Şeýle-de Wýetnamda meşhur myhmanhana torlary iş alyp barýar, bu hem syýahatçylaryň sanynyň artmagyna goşant goşýar.