27-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hanym Kaýa Kallasy kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmäge uly ähmiýet berýändigi nygtaldy. “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns çekildi. Söhbetdeşler Özbegistanyň Samarkant şäherinde ilkinji “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” sammitiniň geçiriljekdigini belläp, onuň iki sebitiň arasyndaky köpugurly, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy yzygiderli esasda ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler. Köpugurly hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmagyň dowamynda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirmekde Ýewropa Bileleşigi bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy, şol sanda Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny ösdürmek boýunça iri taslamalaryň birnäçesiniň tapgyrlaýyn esasda amala aşyrylýandygy nygtaldy. Serdar Berdimuhamedow sebitiň döwletleri hem-de abraýly halkara guramalar bilen bilelikde ýurdumyzyň Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ýaly geljegi uly ulag geçelgelerini işjeň ösdürýändigini belläp, şol geçelgeleriň Ýewraziýa yklymynyň ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde ygtybarly köpri boljakdygyna ynam bildirdi. Döwlet Baştutan Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini aýdyp, ýurdumyzyň netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir