ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherindäki Dalton mekdebiniň ýokary synp okuwçysy Julian Şapiro adaty bolmadyk açyş etdi. Ol gara girdapdan galan ýagtylygyň ahyrky şöhlelenmesini – ýagtylygyň ehosyny ýüze çykardy. Bu ýagtylyk gazly bulutlaryň arasynda görünýär diýip, «Live Science» habar berýär. 17 ýaşly Şapiro astronomiýa bilen gyzyklanýar. Şapiro birnäçe ylmy konferensiýalara gatnaşypd, hatda Amerikanyň astronomiýa jemgyýetiniň ýygnagynda hem çykyş edipdir. Ol Çilidäki Cerro-Tololo obserwatoriýasynyň Dark Energy kamerasy bilen düşürilen suratlary öwrenýän mahaly, geň bir zada gabat gelýär: suratlarda täsin ýagtylyk bardy. Emma bu ýagtylyk ne supernowalaryň galyndylaryna, ne-de planetar dumanlyklara meňzeýärdi. Şapiro Günorta Afrikanyň Uly teleskopynyň maglumatlaryna esaslanyp, şol sebitde kislorodyň we ionlaşan kükürdiň bardygyny anyklady. Ýüze çykarylan elementler güýçli zarba tolkunlarynyň bardygyny görkezýärdi, bular bolsa gara girdabyň ýagtylygynyň ehosynyň alamatlary bolup durýardy. Şapironyň çaklamalaryna görä, bu jisimiň diametri 150 müň-250 müň ýagtylyk ýyly aralygynda bolmaly. Bu Akmaýanyň ýoly galaktikasyndan 1,5-2 esse uly diýmegi aňladýar. Şapiro bu açyşy mundan beýläk-de jikme-jik öwrenmegi meýilleşdirýär. «Bu ugurda iş alyp barmak meniň üçin garaşylmadyk zat boldy, emma men, bu jisimiň galaktikalarda bolup geçýän hadysalar baradaky düşünjämizi giňeltmek üçin kömek etjekdigini umyt bildirýärin, sebäbi biz bu barada entek köp zat bilemzok» — diýip, ol belleýär. Bu açyş taryhdaky iň uly ýagtylyk ehosy bolup biler.