27-nji martda Aşgabatdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas gatnaşdylar. Duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri hem-de ýakynda Samarkantda geçiriljek “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” formatyndaky ilkinji sammite taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy. “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatyndaky giň gerimli hyzmatdaşlygyň çäklerinde ikitaraplaýyn we sebit derejesinde birnäçe bilelikdäki taslamalardyr maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändigi, şol sanda dürli derejeli duşuşyklaryň, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilen forumlaryň guralýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa Bileleşiginiň «Global Gateway» başlangyjynyň çäklerinde sanly ulgam, energetika we ekologiýa babatda özgertmeleri amala aşyrmak boýunça çärelere üns çekildi. Taraplar medeni-ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklary giňeltmek üçin bilelikde işlemegiň, “ýaşyl” ösüş, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça bilelikdäki çäreleri işjeňleşdirmegiň möhümdigini tassykladylar. Duşuşygyň jemleri boýunça “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatyndaky 20-nji ministrler duşuşygynyň Bilelikdäki Beýanaty kabul edildi. Duşuşygyň çäklerinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnamasyna laýyklykda, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak” atly çäre hem guraldy. Mundan başga-da, ministrler duşuşygyna gatnaşyjylaryň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.