Penşenbe, 4-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde "Paris la nuit – Berlin im Licht" atly konsert geçiriler. Konsertde belli nemes aýdymçysy Katarina Merling we pianinoçy Ferdinand fon Zebah Kurt Wailiň hem-de Edit Piafyň eserlerini ýerine ýetirer. Şeýle hem konsertde Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri, dirižýor Rasul Klyçewiň ýolbaşçylygynda çykyş eder. Çäräni Germaniýanyň ilçihanasy we Fransiýanyň instituty guraýar. Başlanýan wagty – 19:00. Katarina Merling nemes aýdymçysy we aktrisasy bolup, ol Berliniň iň meşhur ýerine ýetirijisi hökmünde alty gezek «Altyn perde» baýragyna mynasyp boldy. Ol «Arizona hanymy» («Аризонская леди»), «Sawoýedäki bal» («Бал в Савойе»), «Meniň ajaýyp hanymym» («Моя прекрасная леди») ýaly sahna eserlerinde, şeýle-de «Piaf», «Kabarе», «Üç teňňelik opera» we «Ewita» atly meşhur mýuzikllerde baş keşpleri ýerine ýetirdi. Teatr sahnalaryndan başga-da, ol Golliwudyň birnäçe filmlerine, şol sanda «Walkiriýa operasiýasy» («Операция Валькирия») filmine surata düşdi. Katarina Merling jaz we fransuz şansony bilen hem tanalýar. Onuň Bonsoir Katharine, Piaf au Bar we In love with Judy ýaly birnäçe albomy çap edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir