Anna güni altynyň bahasy ABŞ-daky nyrh syýasaty we global ykdysady durnuksyzlyk bilen bagly howatyrlanmalar sebäpli täze rekord derejä ýetdi. Gymmat bahaly metalyň birža bahasy taryhda ilkinji gezek bir troý unsiýa üçin 3100 dollardan geçdi diýip, Reuters agentligi ýazýar. Iýun fýuçersleri 0,59% gymmatlap, iň ýokary derejesinde 3124 dollardan satyldy. Bir hepdede altyn 2% gymmatlady we yzygider dördünji hepdelik ösüşi görkezýär. CNBC bilermenlere salgylanyp, altyn walýuta ätiýaçlyklaryny işjeň doldurmagyny dowam etdirýän merkezi banklaryň gymmat bahaly metala goşmaça isleg döredýändigini belleýär. Analitikler baha ösüşini saklaýan faktorlaryň hatarynda nyrh bilen bagly dowam edýän dartgynlylygy, göterim goýumlarynyň peselmek ähtimallygyny we geosyýasy dawalary belleýär. 2-nji aprelde güýje girjek nyrhlar inflýasiýany güýçlendirip, ykdysady ösüşi gowşadyp, söwda çekeleşmelerini ýitileşdirip biler. “Biz ABŞ-nyň syýasaty bilen bagly kesgitsizliklerden, söwda dartgynlylygyndan, dünýädäki harby çaknyşyklardan, inflýasiýa howatyrlanmalaryndan we makroykdysady durnuksyzlykdan peýdalanýan altynyň bahasy boýunça ösüş çaklamalarymyzy saklamagy dowam etdirýäris” – diýip, BMI-niň analitikleri belledi.