Ýurduň monopoliýa garşy iň ýokary guramasy bolan Türkiýäniň bäsdeşlik geňeşi Apple babatynda derňew geçirip başlady. Bu barada Reuters habarlar gullugy habar berýär. Amerikan tehnologiýa ägirdi, şeýle hem Destek Bilişim, EasyCep Bilişim, Getmobil Technology we HB Bilişim kompaniýalary resellerleriň (alyp satarlaryň) bahalarynyň kesgitlenmegine päsgel berendigi üçin derňelýär. Bloomberg ozal Türkiýäniň Ýewropa Bileleşiginiň kadalaşdyryjy çemeleşmesinden ugur alyp, iri tehnologiýa kompaniýalarynyň agalyk etmeginiň öňüni almak üçin täze düzgünleri girizmegi meýilleşdirýändigini habar beripdi. Tizara Parlamente hödürlenjek kanun taslamasy Apple Inc., Google (Alphabet Inc.-e degişli), Meta Platforms Inc. we Amazon.com Inc. ýaly tehnologiýa kompaniýalarynyň gözleg ulgamlarynda, programma dükanlarynda ýa-da söwda meýdançalarynda öz hyzmatlaryna artykmaçlyk bermeginiň öňüni alar diýip, Türkiýäniň ýokary wezipeli adamlaryna salgylanýan agentlik ýazýar. Bu kanun taslamasy dolandyryjy partiýa tarapyndan goldanýar we Türkiýäniň monopoliýa garşy edarasy bilen hyzmatdaşlykda taýýarlandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir