28-nji martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Hytaý Halk Respublikasynyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň başlygynyň orunbasary hanym Şen Beili bilen duşuşdy. Myhman «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen geldi. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň belent ynsanperwer ýörelgelerine eýerip, ýurdumyzda ene-atasyndan jyda düşen we howandarlyga mätäç çagalary goldamaga uly üns berilýär. Şu maksat bilen, Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda 2021-nji ýylyň martynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Şunda gaznanyň ugurdaş düzümler, abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG-niň Çagalar gaznasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigine üns çekildi. Söhbetdeşler Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Myhman haýyr-sahawat gaznasynyň asylly we ynsanperwer işlerini goldaýandygyny aýtdy hem-de gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy bilen gutlap, bu şanly sene mynasybetli guralýan halkara maslahata gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny bildirdi.