Ilon Maskyň xAI kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen emeli aňa esaslanýan Grok çat-boty indi Telegram messenjerinde elýeterli boldy. Bu barada milliarder X sosial ulgamynda habar berdi. Telegram-yň premium ulanyjylary çat-boty mugt ulanyp biler. Messenjer işe girizilende çat-bot özüni şeýle tanadýar: “Men – Grok, çynlakaý we o diýen çynlakaý bolmadyk pikir alyşmalar üçin xAI-iň ösen gepleşik modeli… Başlamak we lezzet almak üçin ýönekeý habar iberiň!”. Ilon Mask emeli aň pudagynda xAI startapynyň döredilendigi barada 2023-nji ýylyň iýul aýynda habar berdi. Şol wagt hem Grok neýroulgamy işlenip başlandy. Fewral aýynyň ortasynda onuň “dünýäde iň akylly EA hökmünde” görkezilýän üçünji wersiýasy çykdy. Ony okatmak üçin beýlekiler bilen bir hatarda X sosial ulgamyndan alnan maglumatlar ulanyldy. Işewür öz emeli aňynyň “X platformasy arkaly hakyky wagt režiminde maglumatlara elýeterlidigini, munuň bolsa beýleki programmalara garanda uly artykmaçlykdygyny”, şeýle-de sarkazm we gülki bilen tekstleri döredip bilýändigini aýdýar. Grok çat-boty X platformasynyň hem premium ulanyjylary üçin elýeterlidir. EA-nyň öz saýty we ykjam goşundysy-da bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir