KÖNE HEŇ

Birden tanyş heň ýaňlandy radioda:
"Aglama, Mahym jan, gitsem, geler men!"
Oňa hiňlenerdi tanyş-bilişler
Hökman, meni görerine mähetdel.

Irkilen deý süýji düýşüň içinde,
Gözüm ýumup gönügerdim hyýala.
Gadymy dessanda galan köne heň
Özüm üçin ýazylan deý hamana.

Senem hiňleneňde...

Dowamy »

771 5
Edebiýat, 3 years ago


“Mundan artyk başaramok...”

Mundan artyk başaramok,
Haýyş, indi igeleme!
Goý, ýalňyşdym hasap edäý,
Duşdum diýip bigeleňe.

Bolmaz indi artyk zarym,
Ýykmaryn gyz göwüniňi.
Düşün, ertirleriň üçin
Pida edýän şu günümi.

Bir-birekden uzaklara
Öňde-soňda gitmeli biz.
Ýa-ha bile bagtsyz bolup,

Dowamy »

691 2
Edebiýat, 3 years ago


“Ölmänkäm ölmese bolýa!..”

AÝDYMYM

Messana düşen melekmiň?
Entek joşmadyk ýürekmiň?
Nämüçin beýle seretdiň:
Meňem ýüregim gerekmi?
Al, ýüregim seňki bolsun,
Erkimi almasaň bolýa!
Meň ýüregmiň sygan ýerne
Hiç kimi salmasaň bolýa!

Çeşmemiň derýa goşulan,
Ýalpak derýany joşduran?
Doldur...

Dowamy »

748 4
Edebiýat, 3 years ago


Dünýädeş üçin

Seň sözleriň aram berdi kalbyma,
Derdini dep etdi dertli göwüniň.
Dünýäm älemlerde ganat ýaýyp ýör,
Meňzeş dünýä tapynanna öwünip.

(Meniň şygra aşyk, poeziýa aşyk
Köňlüm täze yşka rowan göründi...)
Men kalbymda başlatdym bu “söweşi”,
A seniň kalbyňda “dowam” göründi.

Gözlerime...

Dowamy »

786 7
Edebiýat, 3 years ago


Näme boldy?..

“Dünýäm, saňa näme boldy?”
Gurbandurdy Orazow

Ýaryň aýak yzy galan
Ýolum, saňa näme boldy?
Jemalyny gözlän sagym-
solum, saňa näme boldy?

Jogapsyz soraglar bile
Gezýän bagry dile-dile.
Guwanan Güle, Bilbile
Ilim, saňa näme boldy?

Küýsäp gijeleň daňyny,

Dowamy »

666 3
Edebiýat, 3 years ago


Gurbannazaryň ölümi

Sözbaşyny ýörite şeýdip aldym. Sebäbi şahyryň ölümi barada henize deňiç anyk ýazylan maglumat ýok. Ýazylanlarynyňam öňi bulutly.
1975-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanda ýaş ýazyjy-şahyrlaryň bütinsoýuz duşuşyklary geçirilmegi Türkmenistanda dowam etdirilýär. Oňa gatnaşmak üçin Moskwadan we beýleki şäherlerden Aşgabada yzygiderli delega...

Dowamy »

825 10
Edebiýat, 3 years ago


Doglan günüň bilen, @Nirvana hanym!

Salam, @Nirvana! Durmuşa näme berseň, ol saňa has gymmatly zat berermiş. Eneň-ataň durmuşa näme berenini-hä bilemok, ýöne durmuş olara seniň ýaly akyllyja gyzy beripdir))
Bu gün — seniň doglan günüň. Saňa uzak ömür, arzuwly sepgitleri, ak bagt, rysgal arzuw edýän! Gaýgy-gam, alada saňa ýyldyzlaryň uzaklygy ýaly uzak bolsun! Bagt, şadyýanlyk,...

Dowamy »

1380 32
Täzelikler, 3 years ago


“Özüňize haýpyňyz gelsin...”

Dünýäde hiç zat öz-özünden ýa-da tötänleýin bolmaýar. Bir suratkeş çekmese, reňkler öz-özünden ylgaşyp gelip ýa şemala gaýyp, birden çyzylyp portret bolaýanok.
Haçanda Seljukly döwletinde Nyzam al Mülk mekdepdir medreseleri guran wagty, bilimiň ösen wagty, ylymly adamlar bolan wagty ýurt hem ösdi. Osmanly döwletinde-de bilime üns berlen wagt...

Dowamy »

882 9
Bilim, 3 years ago


DOSTUMA▪

Ykballara ýanaly biz,
Derdi gizläp geçirere
ömür çäkli.
Şonuň üçin,
Otur, dostum, içeli-le.

Gel, meý bilen ýuwudaly
Kalba agram berýän gamy.
Dünýäň irmän ýepbekleýşin,
Ýekirişin seni, meni
Unudaly biraz salym.
Serhoşlar deý göçeli-le.
Goý, ýazylsyn damarlarmyz,

Dowamy »

645 2
Edebiýat, 3 years ago


“Men dünýäni düzetjekdim...”

Men dünýäni düzetjekdim,
Eden arzuwym puç boldy.
Ýaş wagtym ölüp gitjekdim,
Bolmady.
Soňam giç boldy.

Gözedürtme gijelerde
Diňledim arşyň demini.
Juda kän kösendim ýerde
Tapman köňlümiň emini.

Soň täjir aldy ýanymy,
Ony utmaga çalyşdym.
Galan ömrümiň ýaryny...

Dowamy »

850 9
Edebiýat, 3 years ago


“EÝ, MEKDEBIM, JANA-JAN...”

Mugallym adyny tutandan soňra
Garaja gulpagny tasadyp her ýan,
Inçejik, näzijek ses bilen
aýdym
aýdardy ol: «Eý, mekdebim, jana-jan...»

* * *

Mekdep!
Eziz mekdep!
Mähriban mekdep!
«Salam hatlarynyň» gözli şaýady,
Syrly bakyşlaryň, kineli sözleň,
Otsuz ýakyş...

Dowamy »

784 3
Edebiýat, 3 years ago


“Men indi gidýärin...”

Men indi gidýärin.
Ymykly gidýän,
Ýolumy saklamaz böwediň birem.
Ýogsa, gizlemäýin, bakyşlaryňam,
Bakmaýşyňam her gün düýşüme girer.

Men indi gidýärin, alajymam ýok,
Ygtyýarym — del elleriň oýnagy.
Başarmadym öz hususy bagtymy
Ýekeje ýürekde örkläp goýmagy.

Käte gussam b...

Dowamy »

732 4
Edebiýat, 3 years ago


@Abaddon

"Три метра над уровнем неба"-ň şol 2 bölüminden soňkularyny hem goýup bolmazmy saýtda?

Dowamy »

653 4
Sorag-jogap, 3 years ago


Dostuma...

Şu gün ýüregim gysyp dur,
Daralyp barýar dünýämem.
Şeýle bir gürläsim gelýär,
Gelsene, özüň bilýäň-ä
Seni janymdan eý görüp,
Bar syrymy dözýänimi.
Men aýdaýyn, diňle senem
Duýgularmyň ezýänini,
Bulut jemlenip depämde,
Gün garasyn görmeýänim,
Tomsuň güni ellik geýip,
Garly...

Dowamy »

723 4
Edebiýat, 3 years ago


SAŇA MINNETDAR

Ýok meniň üýtgeşik terjimehalym,
Ölçemedim ýoluň ýakyn-daşlygyn.
Ýöne men şo ýolda hoş habar aýdyp,
Alan bolsam bir kişiniň buşlugyn,
Men saňa minnetdar, gözel ýaşlygym!

Çagalyk bireýýäm gizlendi bizden,
Gör, indi ýygyrtlar ýol salýar ýüzden,
Sypmaly däl ýagşam, ýamanam gözden,
Aňlan b...

Dowamy »

736 2
Edebiýat, 3 years ago


Seniň ýanyňda

Bulutlar akmaýar seniň ýanyňa,
Derýalar akmaýar seniň ýanyňa,
Her zaman, eý aman, düşseň ýadyma,
Sensiz ses-selemsiz
                                       burlup kaddym-da,
Gursagymda köwsar urýar hasratym.
Jöwlan urýar yşkyň ýeldirgemesi.
Sensiz ses-selemsiz ýanýan,
                         ...

Dowamy »

589 2
Edebiýat, 3 years ago


@Abaddon agza haýyş

Kinony goýupsyň, Taňryýalkasyn. Ýöne näme üçin men indi ony skaçat edip bilemok. Öň bolýardy. Indi skaçat etjek bolsam, şu suratdaky ýaly bolup açylýar.

Dowamy »

632 4
Sorag-jogap, 3 years ago


@Abaddon agza

Saýtyňda kyn görmän "Maraşlı" türk serialynyň soňky 3 seriýasyny türk dilinde goýup bilmezmiň? Hemem ilkibaşda skaçat edip bolýardy. Indi bolanok. Skaçat etjek bolsam, ine, şu suratdaky ýaly bolup açylýar. Ony oňaryp bolmazmyka?

Dowamy »

723 10
Sorag-jogap, 3 years ago


))))

Eden ýalňşlarma düşünýän indi,
Haýyş edýän, bagyşla meni?!...
Jiger örtenmekden ot alyp ýandy,
Haýyş edýän, bagyşla meni?!...

Sende beýle ýürek ýok ahyr,
Eizim, bilýan, söýgim päk ahyr,
Gaýtalanar öýdüp etme howatyr,
Haýyş edýän, bagyşla meni?!...

Sen bolmasaň, durmuşda-da gyzy...

Dowamy »

699 5
Edebiýat, 3 years ago


))))

Internet Wandamlary, boluşdyňyzmy urşup?)))

Dowamy »

780 9
Bilim, 3 years ago


Okaň!!!!!!!

Tupoýlar!
Gömükler!
Dereksizler!
Medeniýetsizler!
Terbiýesizler!
Elipden şermendeler!
Boşlar!
Dil bilen orak orup, elinden hiç zat gelmeýänler!

Ýene näme diýsemkäm size, gepedüşmez haýwanlar?!

(@yashalym hemem @Yylgyn nikden girip namartlaýan haramzadalara degişli bu)

Dowamy »

673 1
Bilim, 3 years ago


“AJAL ALYP BARÝAR ADAM JESEDIN...”

Ajal alyp barýar adam jesedin,
Adam galýar adamlaryň aňynda.
Şonuň üçin aglamaňyz bes ediň,
“Halk” atly şu dowamatyň barynda.

Göräýmäge meňzeş ýaly hemme-de,
Bar ýollaram gabrystana sowulýar.
Tükel adam ölýär-ýitýär dünýeden,
Üýtgeşikler ölen wagty dogulýar.

Ajal kesgitlänok öm...

Dowamy »

784 8
Edebiýat, 3 years ago


DOSTUMA

(Dostum Sapa Hommadowa)

Aýyp etme ýatdan çykyşýar diýip
Hezil geçen günler, berilen sözler.
Dert saýyp ownujak gussalary-da,
Kä eziz zatlaram salýarys gözden.

Şu gün saňa hat ýazasym geldi meň,
Geldi saňa ýüregimi dökesim.
Daşarda ýaz ýagşy ýuwup ýör ýeri,
Myžžyk edip ýaşyl bag...

Dowamy »

844 3
Edebiýat, 3 years ago


Ahwal...

Tümlük.
Ümsümlik.
Bethowen.
Çykjak bolýar telefonyň içinden,
Günüme goýmaýar ýüregmiň sesi,
Berýän yzasy.
Gözümden ýaş syrygmaýar ýaňagma,
Ýoluny üýtgetdi olam, gör, indi.
Ynam özün asdy ýalan ýüpünden.
Gözlerime garaňkylyk göründi.
Ýedi ölçelmedik meniň ýolumy
Gaýçy hem k...

Dowamy »

869 17
Edebiýat, 3 years ago


Goşgy

Dür — dür,
Zer — zer.
Sözleň şulaň ikisem.
Parhy ýok, bilýäsmi, bilmeýäsmi ýa.
Güýzleň duýgurlygy bolmalysymy,
Seniň ap-ak duýgularňa bäsmi ýa?!

Kalplaň basgançagyn külterlän jenan!
Paýhasmy?
Duýgumy? —
Haýsysy senaň?
Bu däli başymy çalmasyn şemal,
Çalaýsa, pikirle...

Dowamy »

710 4
Edebiýat, 3 years ago