Ajal alyp barýar adam jesedin,
Adam galýar adamlaryň aňynda.
Şonuň üçin aglamaňyz bes ediň,
“Halk” atly şu dowamatyň barynda.

Göräýmäge meňzeş ýaly hemme-de,
Bar ýollaram gabrystana sowulýar.
Tükel adam ölýär-ýitýär dünýeden,
Üýtgeşikler ölen wagty dogulýar.

Ajal kesgitlänok ömrüň çägini,
Akyl berip ýaşap ýör-ä Eflatun.
Ýaşyňy uzaldar ýagşy gylygyň,
Paýhasyň hem gowulyga yhlasyň.

“Halk” atly dowamat şeýle adalat,
Ýagşy bolsaň ýaşadyp ýör öteni.
Ýamanlygňy welin ýatlap ýörenok,
Ýagşylyk edýär-de, unudýar seni.


Baýram AKATOW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir