Birden tanyş heň ýaňlandy radioda:
"Aglama, Mahym jan, gitsem, geler men!"
Oňa hiňlenerdi tanyş-bilişler
Hökman, meni görerine mähetdel.

Irkilen deý süýji düýşüň içinde,
Gözüm ýumup gönügerdim hyýala.
Gadymy dessanda galan köne heň
Özüm üçin ýazylan deý hamana.

Senem hiňleneňde köpüň ugruna
Öňkülerden has-da ünsli diňledim.
"Aglama, Mahym jan, gitsem, geler men!"
Ýöne, nämüçindir, gitdiň, gelmediň.

Eliňden uçursaň arzyly guşuň,
Nepi degmez asla ahmyr-ahlaryň.
Köşeşdi:re Tahyry-da bolmansoň,
Özi aglap, özi diňýär Mahymyň.

...Ýyllar soňra kalbym gozgan köne heň
Giň pursat döretdi ýürek dökmäge.
Oýuňa gelmesin ýazgarýar diýip,
Aýby ýokdur duşan bolsaň "Zöhräňe".


Mahym NURGELDIÝEWA

Edebiýat, Pegas tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir