“Dünýäm, saňa näme boldy?”
Gurbandurdy Orazow

Ýaryň aýak yzy galan
Ýolum, saňa näme boldy?
Jemalyny gözlän sagym-
solum, saňa näme boldy?

Jogapsyz soraglar bile
Gezýän bagry dile-dile.
Guwanan Güle, Bilbile
Ilim, saňa näme boldy?

Küýsäp gijeleň daňyny,
Howluganym, wah, ýaňydy...
Syryp-süpüren gamymy
Silim, saňa näme boldy?

Ine, men – çensiz özgeren,
Sözde durmady Söz beren...
Köp aýralyga döz gelen
Bi:lim, saňa näme boldy?

Ýarym müşk saçýar saýryda,
Men ilerde, ol gaýrada...
Ýuwudyldyňmy?! Saýra-da!
Dilim, saňa näme boldy?..

15.01.2017ý.

Sapa HOMMADOW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir