Seň sözleriň aram berdi kalbyma,
Derdini dep etdi dertli göwüniň.
Dünýäm älemlerde ganat ýaýyp ýör,
Meňzeş dünýä tapynanna öwünip.

(Meniň şygra aşyk, poeziýa aşyk
Köňlüm täze yşka rowan göründi...)
Men kalbymda başlatdym bu “söweşi”,
A seniň kalbyňda “dowam” göründi.

Gözlerime uçgun geldi täzeden,
Sözlerime şeker-ballar dolandy.
Asmana ymtylyp uçmakçy bolsam,
Aýagyma elwan güller dolandy.

Zeminem bu bagtdan hantama çünki,
Sen — barlykda gazanan baş ýeňişim.
Şu bagt üçin, geljek üçin, yşk üçin,
Saňa baky minnetdar men, Eneşim!

27.03.2021ý. 01:17

Sapa HOMMADOW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir