Pegas
“Kaka, surnukdyrdy agyr ýodalar...”
Selçeňläpdir, gyrawlapdyr saçlaryň,
Ýyllar maňlaýyňa salypdyr gasyn.
(Ulaldymmy, oňaldymmy — bilemok)
Kaka, juda eziz eşdilýär sesiň.
Çagalykda gazabyňdan gorkardym,
Indi maňa ýat bolupdyr o gorky.
Hany, ýene gazabyňa tutsana,
Öňküje ogluňa dönerin, belki.
Gözýetimi nazarlaýaň...
“Göwnüň diýip göwnüm ýykylmadymy?..”
“Näzik hesretiňe dözülmedimi?” Pursatlar duşumdan geçip gitdiler, GÖWNÜM!.. (Seýitmyrat Geldiýewe) Syr berip, jan alşanym, Seniň päkligiňe, päkizeligňe Açylmadyk dünýädiň sen meň üçin, GÜNÄDEN DOLY ÝÜREKDEN ÇYKAN SÖZLER... @yashalym, aşakdaky mowzugymy haýp goýupdyryn. Sebäbi sen ýaly тупой, gömük, boş, nol, elipden şermende enesiýalamadyklaryň g.tüne ot basyljagyny göz öňünde tutmandyryn. Sen ýaly nesli bolan türkmene жалко! Milleti, halky, ýurdy agsadýanlaram sen ýaly berebekgeýler! Ganyň arassadygyna ynamym ýok. Biriniň 5 minutlyk keýpiniň netijesisiň sen! Jaň et... Adam galmaz öýdüp etmezdim hyýal, Gussam gursagyma sygmadyk çagy Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän, Men saňa ynandym hal-u-syrymny, (HALYPA MUGALLYMYMYZ DURDYMYRAT REJEPOWYŇ ÝAGTY ÝADYGÄRLIGINE) “BAR, GIDIBER...” Nä bu saýt eneňiziň saýtymy??? Ýürege düşdüňiz-aý boş-boş dawalaryňyz bilen! Zetrpo diýilýäne sögünýän yashalym, kimem bolsaň, nomeri bar eken, jaň edip ERKEKÇE gürleşseň bolanokmy? Bärde mowzuk açyp, hem-ä agzalaň ýüregini bulaýaň, hemem şerraýlygyňy görkezýäň diýmeseň, başga eliňden gelýän zat ýok. Şatlyk paýlananda, gam paýlananda (Şahyr Gülnar Geldimyradowa bagyşlaýaryn) “Ýaryň bar eken...” Huşumdan syrylyp, ýitip gitdiň sen, Täk ömrüme jübüt-jübüt dert berip, Ýalňyzlykdan gaýry derdim ýok meniň, Ertir.com edil Talyplar.com ýaly däldi: manyly, diskussiýa girip bolaýjak, bir zatlar öwrenip bolaýjak... mowzuklar açylýardy. Agzalary грамотный-dy. Beý diýsem, "грамотный" bolmak diňe ýokary bilimden ybarat diýdigim däl. Diňe orta mekdebi okanlarynyň hem hemmesi diýen ýaly diýseň sowatlydy, medeniýetlidi, edeplidi... Dünýäň şowhuny azaldy,
Italmaz Akmyradow
Menden mundan zyýat näme isleýäň,
Ýoluňa yzlarym çekilmedimi?
Düşünemok, göwnüňde ne besleýäň,
Göwnüň diýip göwnüm ýykylmadymy?
Dag mertebäm köp peseldip öňüňde,
Gula dönüp, dyz epemde deňiňde,
Ýazyň güni buzdan beter doňaňda
“Men bu gün özüme dolanyp geldim...”
Baharyň ýagşy deý kalby öl ede.
Içgysgynç ümsümlik gurşapdyr daşym,
Ahmyrym ýok muňa dyrnak ýaly-da.
Joşguny gaýdyşdy köňül deňzimiň,
Söndi içimdäki “ot alan” wulkan.
Ýyllar ýaşlygymy ýaşap gutardy,
Bildim muny soňky menzilde durkam.
Meger, şu...
Ak goşgular
Göwnüm!
Eziz göwnüm!
Mähriban göwnüm!
Mähre zar göwnüm!
Köşeş!
Sowur gamyňy!
Aladasyz dünýä bardyr öýdemok.
Özüň dünýä ahyryn!
Iň bolmanda, dünýä ýaly giňdiň-ä!
Ygtybarly ýerdiň özgeler üçin,
Altyndyň,
Kümüşdiň,
Ýersiz-ýere ýakylan,
Ö...
Goşgy okap bersene!
Ýadyma şo-ol şat çagalyk döwrümi
Salar ýaly goşgy okap bersene!
Meniň mydam mähre teşne göwnümi
Alar ýaly goşgy okap bersene!
Gürzüsin aýlanda otly ýyldyrym,
Arş elden gaçyrmyş yşky-bulguryn.
Ýagyrnysyn süýnüp barýan ýyllaryň
Çalar ýaly goşgy okap bersene...
Sen dünýäde dirikäň...
Sensiz dünýe nirikä?
Ölmezlige çalşaryn
Sen dünýäde dirikäň.
Bakman özge zenana,
Sen ylhamym — lirikam.
Işdäm ýok alma-nara
Sen dünýäde dirikäň.
Seň üçin doglandyryn
Şu adamlaň birikäm.
Hemişe oglandyryn
Sen dünýäde dirikäň.
<...
Hijran...
Ynanjym şeksizdir,
ynamym hakdyr!
Çünki men hemişe, nirde bolsamam,
Seniň islegiňe, göwnüňe bakdym.
Sorap-idemedim töwerek-daşdan,
Ýa bildirmedimem çekýänim zaryň.
Ynha, bu gün ýene armanym süýräp,
Şol hoşlaşan ýerimize barýaryn.
Bu ýer maňa...
“Açylmadyk dünýädiň sen meň üçin...”
Men sende juda kän, kän syry gördüm.
Şonda-da her gezek ýylgyran çagyň
Syrly ýylgyrşyňy gowluga ýordum.
Gündizlermi pida edip yşkyňa,
Gijelermi saňa gurban berdim men.
Ýöne muňa ökünmedim hiç haçan,
Garaşanmy oňatlyga ýordum men.
Baharda açylan...
Günäden doly ýürekden çykan sözler...
Eý, merhemetlileriň Merhemetlisi! Halymy Saňa beýan edýän, duýgularymy diňe Sen bilýäň. Ýene bir gezek ak ýürekden Seniň gapyňa geldik. Medet ber, eý, ähli halymy bilen Rebbim! Senden uzak bu günlerde hiç kimiň kömegi ýetmedi, ahy-nalamyzy eşidip söýgi bilen el uzadanam bolmady, diňe aýralyk bile...
@yashalym
Uzakdaky dosta
Sesim barmasa-da, duýýansyň meni.
Berjek bolýar, göýä, ýekelik zyýan,
Ömrüm ýatladyp dur boşan ýelkeni.
Paýlaşmaga derdem galmady indi,
Baryny ýuwutdym, galamsoň ýeke.
Maňa-da alysdan ýollar göründi,
Nirede mähelle?!
Nirde märeke?!
Wagty...
SENI KÜÝSEDIM
Bir seni küýsedim, seni küýsedim.
Asman gözýaş döküp, diňmedik çagy
Bir seni küýsedim, seni küýsedim.
Ýelleň şuwlaýşyndan tisgindim, dünýäm,
Gülleň uwlaýşyndan tisgindim, dünýäm,
Adyňa, özüňe mesgendi dünýäm,
Bir seni küýsedim, seni küýsedim.
Gözü...
“Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän...”
Bolmasa-da söýmeklige hakym, gyz.
Ýa şo güni didelerňe baglandym,
Ýa bilmedim çenim bilen çakym, gyz.
Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän,
Söýgim seň ýoluňa badak atýan däl.
Gamly günüň, ýowuz günüň ýada sal,
Bagtly günüň ýatlamagam hökman däl.
...
GYZ HATY
«Göwnüni nur basan gerçekdir» diýip,
«Güýz gussasy tutanynda serimni,
Nämälim alysdan geljekdir» diýip.
Sen — agaryp gelýän aladaňdanym,
Men bir göç — göçmäge nesibi çeken.
Ýyllary ýaglyk deý başa daňýaryn,
Ýöne olar kem-kem agralýar eken.
Ýok, d...
Hatyra
“Ýaşap ýadanlara ýatmak ýaraşýar...”
Ilmät Gurbanow
Çyn dag ýykylmaýar, ölmeýär çyn är,
Senem aramyzda dirisiň, diri!
Käriň ýagşylykdy, gylygyň — hünär,
Uzak ömre rowa görülse biri,
Şol sen bolmalydyň…
Bolma...
“MUKADDESDIR SÖÝENLERIŇ ÝAZYGAM...”
Bar, gidiber, aýyp görme aglasam,
Gözlem indi görmejegne ynanýar.
“Biwepalyk etdiň” diýip nalamok,
Kysmatymda ýoklugyňa gynanýan.
Ykbalyňdan sowa eken ykbalym,
Senli bagt maňa nesip däl eken.
Aýralyga bir sebäp ýok ýalydy,
Ýöne sebäp juda-juda kän eken.
...
Iki sany siňege ýüzlenme
“Gije birmahalky gijä meňzänok...”
Meň kalbyma gam düşüpdir bol-telki.
Şu gün — täze ömrüň ilkinji güni,
Ýa ömrümiň soňky günüdir belki.
Gije birmahalky gijä meňzänok:
Tutuksy. Garaňky. Alanok erki.
Şu gün — täze ömrüň ilkinji güni,
Ýa ömrümiň soňky günüdir belki.
Duýgulary gorj...
ÝÜREKDEŞE
Ýene-de oýamyň gijäň ýarymy?
Ýene-de bimaza edýärmi gussaň?
Ýene-de dört diwar gysyp-gowuryp,
Ýene-de depäňe ýakynmy asman?
Ýene bir nokady gözleriň bilen
Deşäýjek bolýaňmy?
Ýüregiň go:rmy?
Kalbyň dyrmalanyp, göwnüň döwülip,
Başy...
Ýaryň bar eken...
(aýdymdan)
Dünýäň hasratyndan daşlaşan çagym,
Birden söndi gitdi umyt çyragym,
Setirlere dökülip dur pyganym,
Dünýe pikir edişimden dar eken,
Wah, armanym...
Özge ýaryň bar eken.
Arzuwymdan gaýyp gitdiň, gara göz,
Gursagymy oýup gitdiň, gara göz,
“Men saňa şeýle bir düşünjek boldum...”
Düýşde görsem, depäm gögi elleýär.
Seniň gözlegiňe şaýlanan ruhum
Bedenime wagty bilen gelmeýär.
Demiň demýeterde bolsady käşgä,
Eliň elýeterde bolsady… Arman…
Dem däl, el däl, sesimiň hem ýetmejek
ýerlerinde gezip ýörsüň, dilberim,
Ruhumyň garaşýan...
BIZ — PARALLEL...
Takdyryma tagma basdyň gyýylman.
Setirlermiň ýangynyny geňleme,
Umytlarmyň gözýaşyna gyýylýan.
Boşadanňa “Söýgi” diýen dünýämi,
Dag deý arman düwün bu gün gursakda.
Biz — parallel, kesişmeris hiç haçan,
Bir-birege näçe ýakyn dursak-da.
Belki,...
“Ýalňyzlykdan gaýry derdim ýok meniň...”
Göwnüm göwündeşi küýseýär juda.
Köňle käte oklasa-da gaýgy-gam,
Herne ele galam beripdir Huda.
Ýazýan, edil ýazgydymy ýazýan dek,
Serime däl, gursagyma gelenin.
Hereketlem — durmuşymyň ýordumy,
Bu ahwalym alynypdy dilenip.
Ne ýaşlykdan, ne d...
ÜNS BERMEGIŇIZI HAÝYŞ EDÝÄRIN!!!
Dogry, "Süri agsaksyz...
Söýgi...
Ol “häki bir söýgi” eken.
Hasylyna gussa bitip,
Orar ýörer söýgi eken.
Hawa, söýgi şeýle eken,
Al-asmana göterýär-de,
Birdenem zyňyp goýberip,
Goýmaz eken bäri-bärde.
Söýgi gündiz-gije ýaly,
Güni köpe gitmez eken.
Soň garaňky gije gelip,