Mundan artyk başaramok,
Haýyş, indi igeleme!
Goý, ýalňyşdym hasap edäý,
Duşdum diýip bigeleňe.

Bolmaz indi artyk zarym,
Ýykmaryn gyz göwüniňi.
Düşün, ertirleriň üçin
Pida edýän şu günümi.

Bir-birekden uzaklara
Öňde-soňda gitmeli biz.
Ýa-ha bile bagtsyz bolup,
Ýa aýrylyp, bir-biregi
Bagtly ynsan etmeli biz.

Durmuş sabrymyz synady,
(Agyr... Juda agyr ykbal.)
Belki, bir gün göz ýeti:rsiň,
Söýgi hem däldir bu, ahmal...

Ýazgydymyz ýazylandyr,
Özgede,
özge bir ýerde.
Bagyşla, gyz! Bolup galdym
Bir gaýratsyz, näletkerde...


Sapa HOMMADOW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir