Tümlük.
Ümsümlik.
Bethowen.
Çykjak bolýar telefonyň içinden,
Günüme goýmaýar ýüregmiň sesi,
Berýän yzasy.
Gözümden ýaş syrygmaýar ýaňagma,
Ýoluny üýtgetdi olam, gör, indi.
Ynam özün asdy ýalan ýüpünden.
Gözlerime garaňkylyk göründi.
Ýedi ölçelmedik meniň ýolumy
Gaýçy hem kesmesiz ýerinden kesdi.
Tesdi aýaklarym, barjak ýerine
baryp bilmez indi, näme etmeli?
Ýitmeli...

Gülnar GELDIMYRADOWA

Edebiýat, Pegas tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir