AÝDYMYM

Messana düşen melekmiň?
Entek joşmadyk ýürekmiň?
Nämüçin beýle seretdiň:
Meňem ýüregim gerekmi?
Al, ýüregim seňki bolsun,
Erkimi almasaň bolýa!
Meň ýüregmiň sygan ýerne
Hiç kimi salmasaň bolýa!

Çeşmemiň derýa goşulan,
Ýalpak derýany joşduran?
Dolduryp kalbyň boşlugyn,
Adyňdan goşgy goşdugym,
Al, düzenim seňki bolsun,
Erkimden üzmeseň bolýa!
Adymy alyp, deregne
Boş goşgy goşmasaň bolýa!

Sözi ýetmedik aýdymmyň?
Söz goşjak bolup söýdümmi?
Ýa senem diňläp aýdymmy,
Aýdymyňda ýer goýduňmy?
Al, heňim seniňki bolsun,
Ýürekden diňleseň bolýa!
Ýürekden ses gelip serňe,
Käte bir hiňlenseň bolýa!

Ynam barmydyr ertire?
Kim biler näme getirer?
Şu pursat seni göterip,
Sag bolsun maňa ýetiren!
Alkyşym şonuňky bolsun!
Ertirim bilmesem bolýa!
Garşy alaryn Ol ýerde —
Ölmänkäm ölmese bolýa!

ŞYGRYÝET

Kim ýöremez göni ýoldan?
Ýol jepasy öwrümdedir!
Aňly bolup sagy-soldan,
Gitmek uly göwrümdedir.

Ýyrtyk-ýyrtyk ýol eşigi,
Suw guýara ýok meşigi;
Däli dünýäniň keşigi
Tozan ýuwdan ömrümdedir.

Ejiz egne bu ýol zalym —
Ýöräre ýetmese halym,
Hemmeden öçli hyýalym
Meniň gara böwrümdedir.

Ýol tozany kimi düýnär,
Kim özgäniň derdin süýrär!
Hasaby it bolup üýrmäň
Myhman bolan döwrümdedir.

Sesinden galar ses eden,
Bakyp ýeňseden, keseden!
Ýol saýlap, ömrüm köseden
Din-imanym göwnümdedir.

ÝOLLARYM

Söýgüden güýçli zadyň
Bardygyny duýmadym,
Dosta ynam ýitirip,
Soňra gaýdyp uýmadym;
Üweldim kesim-kesim,
Aga ýetmedi sesim,
Kesekiň nesibesin
Öz käsäme guýmadym.

Kä meslikden esresem,
Kä günlerim aç boldum,
Kä aýaga çolaşsam,
Kä başlara täç boldum;

Gözledim ýeriň pesin,
Tapman kalbyň eýesin,
Gelmän dosty göresim,
Dostluga mätäç boldum.

Öz günüme agladym,
Başym gaplanda gussa,
Kem-kem dünýä dolandym,
Döredip goşgy, kyssa…
Iki ýüzliň sellesin
Geýen, gelip degmesin!
Goý, günämi derňesin,
Bolsa menden arassa!

ÝITGI

Güýçli boldum, seni kalpdan ýitirip,
Ýene-de erkimiň eýesi boldum,
Bilmedigni hiç kişiniň bitirip,
Wysal edip, durmuşymdan sowuldyň.

Arzuwym ýok geçmişime dolanmak,
Ýöne onda galan arzuwlarym bar.
Gerek däldi duýgularmy ulanmak,
Ýitjek bolsa bir gün arzyly didar.

Ýok, men ýykylmaryn, batmaryn batga,
Örklärin erkimi, güýjüm tijärin!
Ýatlaryn: kalbymda köýdürlen bagt bor,
Ömrüzaýa ýyldyzy deý gijäniň…

SAKLA MENI

Sakla meni, saklap bilseň derýany,
Sakla meni, siller saňa saklatsa.
Deňiz tolkunlarny saklap bilýäňmi?
Şondan bärde pikir etme ol hakda!

Sakla meni — sakla Günüň howruny!
Sakla meni — tut şemalyň boýnundan!
Tomsuň epgegini, gyşyň sowguny
Saklap bilseň, kowaý meni goýnuňdan!

Sakla meni, saklap bilseň ýagyşlaň
Hem garlaryň ymtylşyny Zemine;
Şony başarmasaň, meni bagyşla —
Derde galma, böwet bolup söýgime.

Sakla meni, jeza bolup aklyma,
Sakla meni, ýitip bilseň aňymdan…
Meniň saňa ymtylşymy saklama,
Sakla meni,
Sakla meni ýanyňda!

NOKATSYZ GOŞGY

Daň şemaly ýaly sergin saçlaryň
Dodagymdan, ýaňaklamdan öpende,
Şol saçlarňa kybap gelýän gaşlaryň
Astyndaky göwher gözleň bakanda,
Gündizne — Gün, gije — Aý hem ýyldyzlar
Nurana keşbiňe nurun sepende,
Leblerimiň degip gaýdan yzyndan
Almanyň şiresi syrygyp akanda,
Mahmal dodaklaryň, gül deý açylyp,
Ýadyma salanda goşa bahary,
Merjen dişleň, bar gussamy gaçyryp,
Ýylgyryşy sowgat beren mahaly,
Gamyş barmaklary kümüş elleriň
Saçlarymy sypap-sypap daranda,
Goşa goluň — baldaklary gülleriň —
Bir-birne çolaşyp başym yranda,
Başym goýup, diňläp ýüregiň urşun,
Döşüňde arzuwa gark bolan wagtym,
Seni nädip başa saýmaýyn guşum
Hem şol guşa nädip diýmäýin «Bagtym!»?..

GAR

Asmanyň ahy deý dökülip duran gar,
Meniňem durkumy öz durkuňa gar!

Oňmaýyn bagrymy bagryňa oýkap,
Doýmaýyn durkuňdan başymy ýaýkap.

Süňňüm bilen seň süňňüňe siňeýin,
Soň sil bolup gaýalardan ineýin.

Humar edýän şerbetiňden içeýin,
Şony berseň, bar arzuwdan geçeýin.

Ýuwaýyn seň bilen ähli hasratym,
Baglap ykbalyňa ykbalym bagtym.

Ýaýnaýyn: gündizne — müň dürli öwsüp,
Gijeler — tümlügiň bagryny böwsüp!

BELKI, SENSIŇ…

Başyňa döneýin, aýak çek bir dem,
Belki, bu derdime sen borsuň hemdem.

Belki, sensiň gözbaşy bu ömrümiň,
Hyýallardan gözleýäni köňlümiň.

Belki, sensiň her gün, her dem uýanym,
Ýogam bolsaň, käte-käte duýanym.

Belki, sensiň arzuwlarmyň wysaly,
Tebigata berlen bahar mysaly.

Belki, sensiň, seniň özüňsiň diňe
Geljekde-de daýanç boljak köňlüme.

Belki, sensiň «Söýgim» diýip gözlänim
Niçe ýyllap gözlerinden özgäniň.

Başyňa döneýin, aýak çek bir dem,
Belki, bu derdime sen borsuň melhem…

GYNANMA

Seni günälämok «Söýeňok» diýip,
Çünki söýgi özümize bagly däl.
Meniň durmuşyma bilmediň uýup,
Diýmek, gussam köýen söýgä agy däl.

Söýgim sadaka däl yşkyň ýoluna —
Lebleň bilen iki gezek öpüldim.
Belki, duşandyrys bagtyň zoruna —
Tap getirmän, öz ýoluňa çekildiň.

Ýetik maňa beren iki pursadyň,
Ýene iki ömür duýmaga bagty;
Bir arzuwym: men dirikäm dursadyň,
Garaňky geljegme eçilip ýagty.

Gynanma, isläbem, bilmänňe söýüp,
Seni günälämok «Söýeňok» diýip.

KALBYMA

Käte kynçylykdan ejizlän wagtlam,
Syr bermän, bir özüň dözmänňe şükür.
Gaýtarmak üçinem ýitiren haklam,
Pesleri peselip ezmänňe şükür.

Synmanyňa, dostlam itelän wagty,
Aldamanňa, ynam ýiten halaty,
Düýn depeläp däp-dessury, adaty,
Bu günem sepeläp gezmänňe şükür.

Bergidar etmänňe, ýakyna, ýada,
Kowalaşmanyňa wezipä, ada,
Ýamandan garaşman ýaman bir zada,
Ondan ýagşylygy gözlänňe şükür.

Adalat tapmanam, hakykat gözläp,
Ynamymy goýduň törüňde gizläp,
Ýagşy günlerimiň adyndan sözläp,
Ýamanym dostdanam gizlänňe şükür.

Şükür, şygyr ýazmak em boldy hala,
Dilegim: sözlerim çykmasyn ala.
Öň bir gezek örkläp dogduk Diýara,
Tarymy toprakdan üzmänňe şükür.

HOŞ ÇAGLARDAN TAPMADYM

Näme ýykdy essimi?
Hudaý nyrhyn kesdimi?
Daga siňen sesimi
Soň daglardan tapmadym.

Söýgi deňzi geregim,
Döwük çykdy küregim,
Gyzyň doňan ýüregin
Ak garlardan tapmadym.

Görmedige lezzetin,
Dardyr giden gözýetim,
Söýgiň birje ezýetin
Müň zarlardan tapmadym.

Agymy ýa gülkümi? —
Dagytdym şa mülkümi!
Öz ýarymyň zülpüni
Hiç tarlardan tapmadym.

Görüp müň bir gazabyn,
Bagtym boldy ýazanym —
Baýlygyny gazalyň
Men şalardan tapmadym.

BAR

Şatlykly gün şerbet deýin süzülýän,
Dertli günde hasam ýakyn syzylýan,
Özüm bilen jemi ona düzülýän
Uýalarym bilen agalarym bar.

Ejem bar,
Ýer alan kakamyň derdin,
Şoňa ýetip, şonda ömrüm derňedim.
Aglan wagtym diňer ýerde diňmedim,
Gülkä berilmejek agylarym bar.

Dünýe — däli,
Men bolsam has düňledim,
Diňlemejek goşgularmam diňledim;
Hiç sebäpsiz setirlere siňmedim —
Kalby boş sözlere alaranym bar.

Ömrüň ölçegini aýtsalar aýyk,
Ýazanyň aýypmy, ýazmanyň aýyp?
Dünýe — deňiz,
Menem — düňderlen gaýyk,
Hopugmaryn:
Dostum — çagyranym bar.

Paýyny gidirmän gülki, agydan,
Ýazyp bilse, arman bolmaz Çaryda.
Söýenim hem söýülenim panyda —
Eziz ýarym bilen çagalarym bar.

ÝEKE GALSAM…

Ýeke galsam, oýlarymyň barysy —
Ýadan dünýäň gözündäki gussalar.
Bilemok men: tutýarmy oň agysy
Ýa-da doňup galan arzuwmy olar?

Onuň gözlerinden birje ýaş dömüp,
Gelip meniň ýaňagymdan syrykdy.
Ýöne meň gözlermiň ýaşyny görüp,
Däli dünýäň depe saçy düýrükdi.

Baharyň ýagşyndan ýadan howanyň
Günüň howuryna bugarşy ýaly,
Dünýä hakda pikirlermiň dowamyn
Alyp gitdi salgym — çölüň aýaly.

Ýöne herne ýeke galsam, bar oýum —
Dünýäň gözündäki gussaly yşyk.
Bilemok, täleýne bolupmy kaýyl
Ýa ol — gaýyň öňündäki dymyşlyk?..

Çary ATAÝEW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir