Nämedenkä?

Meniň soňky döwür duýgularym ölüpdir. Köp zada gaharlanyp bilemok, köp zada gynanyp oturyp bilemok... Kän gowy görmeýän adamym bolsa-da, öýüne-zada çagyrsa gidýärdim göwnüni ýykmaýyn diýip. A indi islämokmy, gidemok. Ýa-da jaň etse, açmasam gelşiksiz bolar öýdýärdim. A indi gürleşmek islämokmy, jogap beremok. SMS hem şonuň ýaly. Gaty görer diýibem...

Dowamy »

790 9
Sorag-jogap, 3 years ago


Uzakdaky dosta

Adam galmaz öýdüp etmezdim hyýal,
Sesim barmasa-da, duýýansyň meni.
Berjek bolýar, göýä, ýekelik zyýan,
Ömrüm ýatladyp dur boşan ýelkeni.

Paýlaşmaga derdem galmady indi,
Baryny ýuwutdym, galamsoň ýeke.
Maňa-da alysdan ýollar göründi,
Nirede mähelle?!
Nirde märeke?!

Wagty...

Dowamy »

693 1
Edebiýat, 3 years ago


“Bu gün sözler jylawsyz atlar ýaly...”

Bu gün sözler jylawsyz atlar ýaly... Öňler ynsanlar üçin aglardym. Hasam ýaşlar üçin aglardym. Gyzlar üçin aglardym. Edil böwrüme saplanan pyçak ýaly ýaralaýardy gözlerimi köçede işleýän gyzlar. Sowuk gyş howasynda köçäň çetinde sübse bilen palçyk süpürýän eneler, olaryň çagajyklary üçin aglardym. Edebiň, haýanyň, namysyň, hakykatyň aramyzdan ýuwaş...

Dowamy »

670 2
Edebiýat, 3 years ago


Ajy hakykat ýa-da bir gojanyň gözüni ýaşlap beren gürrüňleri

Tumşugy bäş garyş ýokardady ony söýenimde. Nähili elhenç gülýärdi üstümden her gabatlaşanymyzda. Zalym diýse!.. Oňa söýgimi beýan eden günüme nälet edip gezdim näçe wagtlap. Erbet kemsidýärdi. Ýanymdan geçende maňa şeýle bir ajy nazar oklaýardy welin, ýere giresim gelip gidýärdi şol pursat. Onuň bilen tanyşan günüme-de, aýyma-da, ýylyma-da nälet bo...

Dowamy »

820 6
Edebiýat, 3 years ago


Goňşymyzyň ogly şeýle bir gowy, şeýle bir gowy-y-y..! Ýa-da goňşy oglana aşyk bolan gyzyň içgepletmesi (ýarym degişme)

Goňşymyzyň bir gowy ogly bar. Arassa, agzyndan ýekeje-de agyr söz eşitmersiň. Ýöräninde-de ýere seredip ýöreýär. Ejesine-de “siz” diýýärmiş. Bir ýerin-ä gutardy. Şo diýip ölüp barýan-da! Okuwly. Özem ýeke ogul. Jaýlaram gowy. Düzgünlerem gül ýaly. Ejesem erbet däl. Özi ýaly ýuwaş, “meni urany Hudaý ursun”. Kakasam bir institutda mugallym. Özlerem g...

Dowamy »

909 10
Edebiýat, 3 years ago


Otuz ýaşdan soň

Göwnüme bolmasa, zerur däl indi
Arzuwa beslenip, kaşaň geýinme.
Wagtyhoş bolsamam meýlis kölünde,
Alada bar şatlygymyň teýinde.

Hoşlaşygyň wagty golaýlap geldi,
Sag bol, ýaşlyk — ömrümiziň şatlygy.
Men garrap baramok,
şonda-da belli
Goja bolmagyňam niçik zatlygy.

Kaýyl i...

Dowamy »

679 4
Edebiýat, 3 years ago


SÖÝÝÄN...

Söýgi — girişmi sen jelepçilige
Ýa-da basgançakmyň hudaýlaşmaga?..
Ne söýýän bar, dag basylyp diline,
Ne-de söýüp uçýan duşýar asmana.
Söýýän — diýmek, salam diýmekden rowaç,
Söýýän — parol haram işe meýillä.
Söýýän — owadan gyz desse saçlaryn
Bulaşdyrtmak üçin irmän daraýar.
Söýýän!
—...

Dowamy »

773 5
Edebiýat, 3 years ago


Ol kim?!

Men kim­dir bi­ri­ni unu­dan ýa­ly,
Kim­dir bi­ri çy­kan ýa­ly ýa­dym­dan...
Ýü­re­gim kä­te­ler tis­gi­nip gid­ýär,
Nä­ta­ny­şyň has nä­ta­nyş adyn­dan.

Ýer­den çy­kan ýa­ly bo­lup bir şe­mal
Bir­den­kä sy­pa­lap geç­se ba­şy­my,
Men oňa şol di­ýip, ed­ýän-de gü­man,
Syn­la­ma­ga gork­ýan de...

Dowamy »

682 1
Edebiýat, 3 years ago


"Ezilen ýassyk diýmeseň..."

"Sensiz guşlar saýramaýar..."
(aýdymdan)

Sensiz guşlaram saýrady,
Güllerem açdy gunçasyn.
Durmuş piňe-de almady
Söýginiň onça-munçasyn.

Aýralyk ajy derman deý
Söýgiň emi-ýomy boldy.
...Seni ýitirip tanadym.
(Beýgeleniň gowy boldy)

Gedem göwnüm...
Ne...

Dowamy »

770 8
Edebiýat, 3 years ago


ADMINLER!

Saýt döredipsiňiz. Molodes! Indi ol saýtlaň adminleri biri-birine basdaşlyk edýär eken. Biriňiziňki pylan-1 saýt, beýlekiňiziňki pylan-2 saýt. Indi, gel-gel, dawaňyzy pylan-3 saýtda etmelimi siz?! Bize näme siziň dawaňyzdan?! Kime gyzykly siziň özara dawaňyz? Utanaýyň-how! Ynsaply boluňsana biraz! Normalnyrak zat okamak üçin wagt aýyrýas şu ýere. S...

Dowamy »

993 32
Sorag-jogap, 3 years ago


“Seni görsem, niredendir bir ýerden...”

Seni görsem, niredendir bir ýerden
Mylaýym sabalar düşýär ýadyma.
Seni görsem, niredendir bir ýerden
Humarly sapalar düşýär ýadyma.

Seni görsem, niredendir bir ýerden
Dowamly ýagyşlar düşýär ýadyma.
Seni görsem, niredendir bir ýerden
Doňaklyk (bagyşla) düşýär ýadyma.

Seni görse...

Dowamy »

684 2
Edebiýat, 3 years ago


“Barsaň, “döwran ötdi” diýgil daglara.”

“Barsaň, “döwran ötdi” diýgil daglara.”
(“Görogly” eposyndan)

Köňlümden syzylyp çykan, eý, goşgym,
“Barsaň, “döwran ötdi” diýgil daglara.”
“Örtedi, örtendi, emma ki yşkyn
Başyna täç etdi” diýgil daglara.

“Özün aýamady, çekdi ah baryn,
Diňe maňa diýip bildi ahwalyn,
Arzuwy gezme...

Dowamy »

708 2
Edebiýat, 3 years ago


“KEMSINME, EZIZIM...”

Kemsinme, ezizim,
Kemsinme asla,
Geýýän geýimleriň sadalygyna.
Seni söýgim bilen bagryma basýan,
Melul men gözleriň jadylygyna.

Kemsinme, ezizim, durmuşda häli
Meň kärim utulmak,
Utup bilemok
Hem käbir işewür adamlar ýaly,
Arzan alyp, gymmat satyp bilemok.

Kemsinm...

Dowamy »

849 10
Edebiýat, 3 years ago


“Ýollar meni alyp gider...”

Ýollar meni alyp gider,
Dözer gider ýyllar maňa.
Ýürek ýanar ot içinde,
Üşeýänler ýylnar maňa.

Daga-daşa siňer ahym,
Hasratymy diňlär asman.
Syrlarymy alan baglar
Meni ryswa etmez asla...

Armanymy bagra basan
Otagyma gysylaryn.
Joşa gelen ýaz ýagşy deý
Ahyr...

Dowamy »

794 23
Edebiýat, 3 years ago


Adym...

Adyma aşyk men, söýýän adymy,
Uzynam däl, ap-aňsatjak aýdylýar.
Agzalanda gobsundyrýar adamy,
Onda men bar,
onda saz bar, aýdym bar.

Adymda nagma bar,
agma bar hetden,
Onda dünýäň tüm lezzeti jemlenen.
Onda yşk bar ― aşyp bilýän serhetden,
Oňa özün ýöňkäp bilýär çem gelen.
...

Dowamy »

708 5
Edebiýat, 3 years ago


“Sen düýşüme girdiň...”

Sen düýşüme girdiň ― öňküje bolşuň,
Öňkiň ýaly süýji gürrüňler edip.
Menem hezil edip gulagym asdym,
Özüm dymyp, seni bolsa gürledip.

Sen-ä saçlaryňy şemala berip,
Ýöräp barýarmyşyň arzuwma tarap.
Menem seň yzyňdan galman barýaryn,
Kä yzyma garap, kä saňa garap.

Sen-ä köpmanyly...

Dowamy »

678 2
Edebiýat, 3 years ago


“Ýüregime düşünmediň...”

Ýüregime düşünmediň, 
Bakdyň gitdiň kese-kese. 
Günämidi ýürek pahyr 
Boluşyňa düşünmese?! 

Sözleriňe yşkdyr öýtdi, 
Yşkdyr öýtdi gülüşiňe. 
Seň adyňy ýazypdy ol 
Özüniň her ülüşine. 

Urmasyny tizlendirdi 
Bir zatjyklar ýazan çagyň. 
Eräp gitdi, akyp gitdi 
...

Dowamy »

699 8
Edebiýat, 3 years ago


Gidäýdiň-le, gyz!..

(10.01.2013ý. Dostum Amanyň söýgülisi öz janyna kast etdi ― dünýeden ötdi.)

Gara syýa çyrşap ömür sahabma,
Bu gün ykbalymdan gidäýdiň-le, gyz!
Näme sebäp, düşünmedim hasabňa,
Gözlerimden baky ýitäýdiñ-le, gyz!

Sesiň mukam, diliň dutar-tardy, wah,
Nähak gürrüň ömür gülüň gyrdy, wah,
Gö...

Dowamy »

894 7
Edebiýat, 3 years ago


Kyn...

Endik edip otly bakyşlaryna,
Garaýarka her gün ogryndan-ogryn,
Bu gün aýra düşüp goşgy ýazmaklyk ―
Kyn...

Ýeketäk hasaplap bu giň älemde,
Aýdyp onuň ilden artykmaçlygyn,
Bu gün bolsa kemçiliginem duýmak ―
Kyn...

Şanyna ençeler goşgular goşup,
Isleseň dünýäňde baky galmag...

Dowamy »

644 5
Edebiýat, 3 years ago


Gorkýan...

Gorkýan. Özümi unudaryn diýip gorkýan... Bu dünýäň hödür edip biljek ajaýyp we o diýen ajaýyp däl zatlary üçin açyk bolan günlerimi unudaryn diýip gorkýan. Wagtyň geçmegi bilen ýüzümde adamlara bolan ynamdan, mähirden nam-nyşan galmaz öýdüp gorkýan. Adamlara hem duýgulara, hamana, öz bahasy bar bolan haryt hökmünde garap başlaryn öýdüp gorkýan. Şu...

Dowamy »

724 5
Edebiýat, 3 years ago


Başladyk onda!

Hany, onda, goşgusöýerler, şu setir boýunça ýazaýalyň:

"Bir gyzyň yhlasy ar alýar menden"

Ýazan goşgularyňyzy ertir şular ýalyrak wagtlar mowzuk açamda, şol mowzukda teswir edip ýazaýyň. Ondan öň mowzuk edip açmaga howlukmaweriň. Üstünlik ýazjaklara!

Dowamy »

892 13
Edebiýat, 3 years ago


Goldarsyňyzmy?

Goşgy ýazmakda özümizi synap göreliňmi? Hiç hili baýraksyz, hiç hili dawasyz, hiç hili jenjelsiz)
Mysal üçin, men bir setir berýän goşgyň özeni üçin. Şol setir esasynda bir goşgy ýazmaly. Öz ukybymyzy synaga salyp gördügimiz bolar. Näme diýýäňiz?

Dowamy »

808 15
Sorag-jogap, 3 years ago


))))))

yashalymlar gowy eken-ä sizden))) Ýadamadyňyzmy? Özüňizem goçok adamlar)

Dowamy »

848 22
Sorag-jogap, 3 years ago


Teklip ýalyrak...

Ertir.com'da @Mengli diýip bir agza bardy. Üýtgeşijek gyzdy. Şol bölüm-bölüm edip her agzany nähili göz öňüne getirişini mowzuk edip açýardy. Öz hobbisimi ýa başga zatmy, garaz, köp pikirleri dogry gelýärdi.
Bizde göz öňüne getirmeleri güýçli agza ýokmy?) Hem biraz gyzygardy saýt. Diňe g*t açyşman, arasynda göwün hem açyşyň, gadyrdanlar! :)

Dowamy »

900 20
Sorag-jogap, 3 years ago


DILGIR MEN

Zalym dünýe, maňlaýma
Ýazanlaňdan dilgir men.
Goşgy diýip, bir ýazyp-
pozanlamdan dilgir men.

Bagtyň deňinden ötüp,
Ýadadym şükür edip,
Oýlanyp, pikir edip
Gezenlemden dilgir men.

Bir halalhon ynsandym,
Azap berýär ynsabym...
Ownap barýan ýylsaýyn,
Gyş-ýazl...

Dowamy »

554 0
Edebiýat, 3 years ago